10:09 Bir ejeli gyzyñ diology | |
DURMUṢYÑ ARKA ÝÜZI kyssalar toplumyndan -Eje,sen ṣu tohumdan özüñ ýanypsyñ,ömrüñi kül edipsiñ,kimiñ-kimdigini gowy tanaýan ekeniñ. Näme üçin maña aýtmadyñ? Daṣy jäjek içi möçeklerdigini bilen bolsam ýüregime garṣy giderdim-ä eje! -Jan,gyzym,giñräk bolaýsana,esasy zat adamyñ gow-a. Urṣup gelip dagy bizi ile masgara edäýme. Olar seni zada zar edenoklar-a gyzym. Häsiýetlerine-de geçirimli bol,öz ýüregiñi çiṣirip ýörme! -Eje,men garyplykdan hiç haçan gorkmandym. Söz ýarasyndan gorkdym mydam. Indem günde-günaṣa sözden zäher içirýäler maña. Awunanymdan soñ bar zadyñam gymmaty galmaýa eje! Ýakynda men dälihana düṣsem sen gynanmagyn,bulañ ýanyndan belki o ýeri gowy bolar... | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |