Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:37
Men – adam

MEN – ADAM

Men – adam.
Ýaşamak üçin geldim.
Emma ne howam bar,
Ne-de meň üçin akýan suwum.

Men – adam.
Elim, aýagym özümiňki.
Ýöne ne-hä isleýşimçe ýaýnap bilýän,
Ne-de gidesim gelen ýere gidýän.

Men – adam.
Ýürek şygyr küýseýär.
Emma ýazasym gelşi ýaly ýazsam,
Diýesim gelenini diýsem,
Ýa-ha akylsyz,
Ýa-da ýakymsyz bolaýýar.

Men – uly adam
Maksat-myradym,
Arzuw-umydym ullakan.
Ýöne ýaşaýan ýerim,
Gözýetim, hereket çygrym,
Edil kapasa ýaly.

Men adammy?!
Islegim özümden soralmasa,
Erkimi her kime bersem,
Iýjegim minnet,
Howam minnet,
Suwum bulanyk...

Men – adam,
Ýöne käbir öňýeteniň gözüne
Men näbelli bir jandar...

29.12.2023 ý.

© Gurbanmyrat SARYÝEW.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 110 | Mowzugy paýlaşan: kysmat | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 kysmat • 21:05, 20.01.2024
Admin, teg goýup beräýiň. Ýene goýup bilmedim...
avatar
0
2 Nurdаn • 21:20, 20.01.2024
Goýdum:)
avatar
0
3 garagar • 21:22, 20.01.2024
"Men – adam.
Elim, aýagym özümiňki.
Ýöne ne-hä isleýşimçe ýaýnap bilýän,
Ne-de gidesim gelen ýere gidýän".

bäh. Gurbanmyrat, diňe öňe! Yzy gür bolsun!
avatar
0
4 sussupessimist • 22:24, 20.01.2024
Soňunda jandar diymàn, mahluk diyse has güyçlenmezdimi?

Suwam bulanyk däl-de, emel edip, yata suw eden bolsa...

"Iyenim minnet,
Dartanym teýene,
Içenim yata suw..." diyen yalyrak terzde (edil şeyle bolmasa-da).
Goşguda özüm-à duygy radikallygynyň tarapdary
avatar
0
5 Мango • 16:03, 22.01.2024
Gurbanmyrat. janyň ýanyşyny (belki-de tüteşini) haladym....
avatar
0
6 Pero • 20:39, 26.01.2024
Diýjek bolunýan zat bellem weli,ýene-de şeýle diýesiň gelip dur" Adam diýip ýüregiň islän zadyny edibermelimi,adam bolmak şonuň ýaly aňsat zatmy,onda-ha hezillik eken. Men bolsam adam bolmak kyndyr öýdüp ýördüm. Sebäbi ýürek bize peýdanlyý-u-zyýanly bolan köp zat isleýär. ilki haýyrly bolup görünen zat soňra seretseň şer bolubam çykaýýa."
avatar

Старая форма входа
Total users: 202