Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:32
Men giderin

MEN GIDERIN

Alys-alys adalara,
Ýol ugramaz ýodalara,
Üzülip men güzerimden,
Synsa ýaşym, siňse derim,
Giderin men,
Men giderin
Seniň bilen
Ýa-da sensiz.

Söýgiňden bir Güneş döret,
Söýýän bolsaň eger-de sen.
Çyglyp ýörmek nämä gerek,
Zyňan süňküň gemirmesem?!
Irsem bir gün iňirdiden,
Gulaçlam almasa gerim,
Giderin men,
Men giderin
Seniň bilen
Ýa-da sensiz.

Bu bir gury haýbat däldir
Ýa däldir sözlem warsaky.
Ýürek daşa dönmän tändi,
Dagdan bolmansoň arkasy.
Ýagyr bolup göterimden,
Ýol ýasansoň gökden berim,
Giderin men,
Men giderin
Seniň bilen
Ýa-da sensiz.

Dürli reňke boýanyp sen,
Bolduň indi jynmy-peri?
Ýat düşekde oýanyp sen,
Seniň söýgiň çynmy beri?!
Bilip bilmän öterin men,
Aglap galar bergilerim,
Giderin men,
Men giderin
Seniň bilen
Ýa-da sensiz.

© Sungat Gurbangeldi
Bölümler: Goşgular | Görülen: 125 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Sungat Gurbangeldiýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Мango • 23:08, 16.12.2023
ýene gidişlik başlady...
avatar
0
2 sussupessimist • 23:12, 16.12.2023
nahili gidyaniňe, kim bilen ya kimsiz gidyäniňe, nirä gidyäniňe (beyleki goşgusyndan çen tutsaň, düyne gidyän bolmaly), yzyňdan kimiň aglayanyna (bu yerde bergiler aglap galya) kän zat bagly ))
avatar
0
3 garagar • 00:31, 17.12.2023
Bu goşgyň okalyşam taýýar.
avatar
0
4 Katalizator • 19:20, 17.12.2023
Aýdyp gidilse, olam bir gowy zat)
Goşgy üçin sagboluň!
avatar
0
5 Pero • 21:55, 17.12.2023
Beh,gowy goşgy eken,diýip ahyrky bendine ýetdim weli...neme birhili neme boldy. Eýýäm başgañ ýassykdaşy bolsa,"Giderin,ýa senli,ýa sensiz" diýmek näme gerek boldyka?! Ýeke gidibermeli borda,walla...:)))

Sungat aga gowy ýazýa,ỳöne ýañky ýaly jedelliräk ýerleri bar diýäýmeseñ.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203