Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:38
Dostlar bähbit gözläp, gitdi tirkeşip


Dostlar bähbit gözläp, gitdi tirkeşip,
Sag gitsin-de, aman bolsun, goý, olar
Barybir, günlerim garaňkyramaz,
Gijelerim altyn şöhlä boýalar.

Hergiz gynanamok, meniň adymdan,
Öz peýdasy üçin geplänlerine.
Men gaýta: «Hormatdan nyşandyr» diýýän,
Naharyma zäher sepmänlerine.

Bähbit bolsun, dostlar gitdi terk edip,
Sähel zat üstünde bolduk agzala.
Her kim her zatlara deňeselerem,
Durmuş diýlen meňzeş eken wokzala.

Aýlygynam telim sanap alardy,
Olar biçak zordy hasap-hesibe.
Gel, gowusy goýaýyn bu gürrüňi,
Adam gider, çeken bolsa nesibe.

Ýok, olar ýalňyşjak adamlar däldi,
Hökman ýedi ölçäp, bir kesendirler.
Belki, çyn bahamy aňlamak üçin,
Şunça ýyl bialaç tirkeşendirler.

Dostlar gitdi, bulaşypdyr hasaby,
Emma, dünýäm altyn şöhlä boýalar.
Tabagyma zäher sepmäni üçin,
Sag gitsin-de, aman bolsun, goý, olar!

© Çary ÝEGENMYRADOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 104 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Çary Ýegenmyradow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medicall • 00:10, 20.02.2023
Çary Agañ ýürekden çykan, ýürege barýan duýguly goşgulary näçe okasañam ýadatmaýar.
avatar
0
2 sussupessimist • 09:23, 16.03.2024
Adamkärçilik standartlarynyň peselen, ýamanlyk etmezligiňem ýagşylyk derejesine ýeten döwründe dörän goşgy.
Gowy. Bu şahyryň kitabam bar welin, şeýdip, aýratynlykda okanyňda, eser - teatryň garaňky sahnasyna çykyp, üstüne rampa şöhlesi tutulan ýaly bolaýýar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202