Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:27
Bilbilim

BILBILIM

Aýdymyňdan derde derman gözleseň,
Ýüzüň düşmez,
mylakata, iýme kän,
Gaty beletdirin bu zatlara men,
Çünki menem özüň ýaly bimekan.

Bimekanym,
saňa göwnüm açaýyn,
Tagapyl et, daňa çenli saýrama.
Aýtdym-a häli men,
ykbaldaşlar biz,
Men öwgä mätäç däl, senem baýraga.

Birmahallar kändi meniň syrdaşym,
Ýeke gezip ýörün, bilbilim, indem.
Başym çaşdy,
okuwdanam kowuldym,
«Ikilik» aldym-da dil biliminden.

(Dil nämedir ýüregiňde söz bolsa,
Garaşýarkaň hyrydara ýeterne.
Kalby sazly şehit bolsa kaýyldyr,
Duş bolsa-da belalaryň beterne).

Şondan soň mugtuna saýrap başladym,
Şoldur biziň ömrümiziň ýalňyşy.
Göwün diýenimem tersine boldy,
Bar ýaly ykbalyň mende algysy.

Men, barybir, henek etdim ykbala,
A, ol welin, düşünmedi, eýesiz!
Nätjek-dä, bilbilim, ýazgytda bolsa,
Doganyň neýlesin, dost-ýar neýlesin?!

Meni aý-ýyllar däl, günüm garratdy,
Indi zeýrenmegem görünýär çemsiz.
Ynansaň, gözlerim ýumdurjak ýokdur,
Bir gün iýnim sowap, ýykylsam demsiz.

Ýeri bolýar, mähribanym, gynanma,
Janymyz sag,
düzüw niýet-pälimiz.
Bolmajak zat barmy ýagty jahanda,
Şatlyga-da sataşarys häli biz!

© Çary ÝEGENMYRADOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 100 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Çary Ýegenmyradow | Рейтинг: 3.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 00:48, 20.02.2023
Birmahallar kändi meniň syrdaşym,
Ýeke gezip ýörün, bilbilim, indem.

Ynansaň, gözlerim ýumdurjak ýokdur,
Bir gün iýnim sowap, ýykylsam demsiz.

owadan pessimizm.
avatar
0
2 aygull • 21:17, 12.12.2023
Cary aga pessimistleriñ optimisti
avatar
0
3 Mekan2 • 10:17, 13.12.2023
şunnaly goşgulary okasam, goşgy okabam lezzet alyp boljak eken diýýän. frekansymyz deň geldi öýdýän.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203