18:34 Meniñ şeýle gyzym bolsa | |
MENIŇ ŞEÝLE GYZYM BOLSA
Näçe söýsem az görünse, Duýgusynda ar görünse, Gözlerinde Aý görünse, Meniň şeýle gyzym bolsa! "Ah!" diýemde duýup bilýän, Her dem Haka uýup bilýän, "Käbäm bar-a!" diýip bilýän, Meniň eziz gyzym bolsa! Bir enaýy bagty boljak, Süleýmanly tagty boljak, Tüm gijede ýagty boljak, Meniň eziz gyzym bolsa! Gözlerinden kuýaş ýagýan, Ýüreginde Güneş dogýan, Maňa "Entek sen ýaş!" diýýän, Meniň eziz gyzym bolsa! Bolsun onda dogan, gardaş, Diýsin: "Gel-ä, bäbek gundaş!", Gözlemesem başga syrdaş, Meniň eziz gyzym bolsa! Belki, eýýäm bardyr sizde! Şatlyk bolsun ýürek, gözde, Düşünýän kän ýeke sözde, Meňem şeýle gyzym bolsa!. © Ogultäç ORAZTAGANOWA | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |