Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:58
"Men — ýüregine urlup gözi gögeren"

"MEN — ÝÜREGINE URLUP GÖZI GÖGEREN"

Men — ýüregine urlup gözi gögeren.

Goşgudyr öýtdüler säginsem dostlam,
Gybatdan bogulan çapaklar kükeýär.
Içim tüteýär soraýaň karza
çilim çekemde.

Has içden ýaralaýaň
Näme gazandyň?
Ýerine bagt ber zibile çiteýin.
Sabrymy synama, gödeklik bar ruhumda,
Wah, seň ejeň...

Sesiň ýaňlanýa täzeden aýla
diýsem,
Durmuş etegini galdyrýar maňa.

...Ýany itleri köp, maslygy nygmat,
Müşderisi köp, bahasy gymmat,
Topugyndan gan akmadyk dünýe, heý!

Men — topuga depilip ömri gögeren!

© Rahat ŞYHYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 169 | Mowzugy paýlaşan: begenc | Teg: Rahat Şyhyýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 17
avatar
0
1 derwushhana • 23:13, 23.02.2024
Ruhuňa batýan goşgy. Bapba Gökleňiň dogmy bilen öňe!
avatar
0
2 Kyyas • 23:17, 23.02.2024
Sögünip aýdýan reperler ýaly eken goşgam.
avatar
1
3 Medicall • 23:22, 23.02.2024
Şu ýerini:
"Wah, seň ejeň - ellerinden öpeýin" diýip okandyryn men-a, awtor ejelere sögünen däldirday, hämi))
avatar
0
4 Kyyas • 23:28, 23.02.2024
Sagbol meniñ okap bilmän ýerime gowy söz tapanyñyza minnetdar! Nurdan hanym
avatar
0
5 Medicall • 23:33, 23.02.2024
Diýseñ, diýmeseñ: ýüregine urduryp gözüni gögertdirmek,

topugyna depdirip ömrüñi gögertdirişi
haladyp ýaty goşgyny.

Üstünlikler!

Geñ-tañ eserleri ("goşgudyr öýden" eserlerimizi) okadýanyñyz üçrip minnetdar!

awtora maslahat: indikide ýüregiñize urup gözüñize zeper ýetirjeklere @Lacrymosañ krassowkasyny ysgadyñ))
avatar
0
6 Seýrаn • 08:23, 24.02.2024
Goshguda sogunmek hikmet dal. Payysh soz ulanmak mertlik dal. Shu Rahadyn gecenki goshgusam birmenzesh duygudan doran yaly.
avatar
0
7 Pero • 09:15, 24.02.2024
Rahat Şyhyýewiñ bu goşgusyny okamda bir zat ýadyma düşdi. Bir gezek bir oglanyñ öz söýgülisi bilen gürrüñine şaýat boldum:" Eý,ejeñ s......n,maña seret diýýänow,ejjeññ... saña diýýän"(men akmak şo wagt oglan gyzy urjak bolýandyr öýdüp,tasdanam aralaryna giripdim)..."söýýänow seni" diýäýdi. Gyzam begenýä. Men añkaryp galaýdym. Waý,toba menem-ä garry däl,ýõne bi ỳaşlar haçan ösüp ýetişdikä,men komada boldummykam diydirdi
avatar
0
8 Pero • 09:24, 24.02.2024
Indi paýyşlarça sögünseñ ereýämiş gyzlar,:))))())
avatar
0
9 Mekan2 • 12:09, 24.02.2024
paýyş sözüň täze kesgitlemesi.

begenji, ýigrenji, gynanjy, gahary, geň görmegi, gowy görmegi... duýgulary bildirmek üçin ulanylýan sözlere paýyş sözler diýilýär. meselem:

1. oýun edýän, mysal getirjek gä.
2. mysal ýazar öýdüp şo ümlüklerň birini ulananlar elini galdyrsyn :-)
avatar
0
10 Mekan2 • 12:16, 24.02.2024
tr-leň diýşi ýaly, madem öýle, dilimiziň baýlygynyň hatyrasyna aýtmany aýyp saýmaýyn.

Topugyndan gan akmadyk...

şuňa meňzeşräk frazeologizm bolmalymy?!

"Topugyna gan degmedik" ýalyrak.
avatar
0
11 sussupessimist • 20:47, 24.02.2024
Ol köpnokat bn çalşyrylan söz aslynda Mahmyt Kaşgarlyň "Diwanu lugat at-türk"-inde-de bar. Yöne durmuşda yerli-yersiz otur-nokat yerine ulanylmagyny yamman halamok.
Goşgy mraçnyak,
Rahadam manyak
bolupdyr. Yone düşünse bolyar. Wajyp organlaryňa urlup, gözüň gögerip yörse näme diyjek dagy?!
avatar
0
12 Lacrymosa • 20:57, 24.02.2024
sopularyň makamlary ýaly bu-da bir duralga, etap, möwsüm, basgançak şahyrlykda. ruhy-kämillik ýolunda şu menzilem geçmeli...hapa-hapa sögen bolmak, buyur-bulaşyk ýazan bolmak. normal zat. esasy zat şu etaby atlatmak, geçmek, şonda galman indiki etaba geçmek.
ynanýan bu şahyram geçer. 10 bal beräýeýin-le çilimem diläp çekýän eken-ä
avatar
0
13 aygull • 21:11, 24.02.2024
@Lacrymosa, bu goşgy bäsleşige gatnaşýarmy näme? Köpekmyrat Akowam seni görse gaçyp giderdi. Ähli zada bal goýan bolup ýörsüň-le,gyz.
avatar
0
14 Pero • 21:29, 24.02.2024
Aý,Laçyn bajyyyy,ejemize sögdürip 10 goýmak bolmaz-a. Beýtme-däää muny.:(
avatar
0
15 Pero • 21:35, 24.02.2024
Bir mollumymyz aýdardy owlanlara:"Türkmen ejä ýetilen ýerinde pikirlenmezden gan bilen haklaşan halk. Indi näme,ejä-baja ýetip,5 mintdenem bir-biriñize gara-gadyr bolan bolýañyz. Utanyñ how,namysyñyzy ýitiripsiñiz!"
Oglanlar-a ýylgyryşardylar,gyzlamyzam utanyp ýere bakaýardylar. Nätjek-dä,alaç ýok. Şo wagt 5 minutjyk supersila eýe bolsam,bilýän nätjegimi.
avatar
0
16 Lacrymosa • 22:28, 24.02.2024
Bir neresse öýüne gelipdir weli, ine, aýaly bilen dosty diýýä. Olam: ,,By näme etdigiň boldy-how, bar, ,,...aýal---biwepa" diýleni, sen näme, sen--how, sen, sen --- meniň dostum-a-how" diýipdir weli, boýnuny sallap duran: ,,Eý dost, aýplaşma, şü kakam öleni bäri, näm edip--näme goýýanymy bilemok" diýen bolýamyş.

şon ýaly, gyzlar, aýplaşmaň, menem ýalňyş kod ýazyp-ýalňyş kod ýazyp kartymy blok edenim bäri, näm edip--näme goýýanymy bilemok.
kartymyň kody ýadymdan çykmasyn dp 10-10 dp ýöön indem
P.S. onsoňam dogry düşüniň men Maryda, obada, 8 erkek doganyň içinde ulalamsoň, wulgarizmler normal ýaly bolup dur-a maňa.
Onsoňam, gyzlar, men-ä ene dilimiziň sögünç sözlerine çenli aşyk bolaýypdyryn öýdýän
avatar
0
17 Kyyas • 23:28, 24.02.2024
Edebi dilde sögünc sözler. Gyzygar, oglangar, enegar, (belki gary diýilýän bolmagyda mümkin, bu sözler ýoñ bolan) bajygär, beçebaz... Ýene ýene kän bolmaly
avatar

Старая форма входа
Total users: 203