03:08 Ýitgi | |
Düýşlerimi dörüp ýörün ukuda, Boýun bagly ygyp ýörün eýesiz. Çyk, oýunbaz! Salgymmy sen? Neçün sesiň beýle tanyş, enesiz! O:t damdyryp gündizimiň gözüne, Gitdim ýyllaň tabydyna seslenip. (Ýalançy dostlardan şatlyk çöpledim. Owadan gyzlary guçdum, ýöne men Olary hiç aşyk bolup öpmedim.) Ga:ldy ýaşlyk gurum siňen gar deýin, Ga:ldy ýazyň gan gyzylsyz lälesi. Soň başymdan üç garakly gap-gara I:ndi bilbil sesli garga gälesi. Meni menden gözlediler seretmän, Meni mende görmediler, atasyz! Uky bilen düýşüň geçelgesinde Ygyp ýörün eýesiz. Gördüm, Dostlarym ruhumy mugta satypdyr. Hem seslenip tapylmaýan ýitigmi Ýyllar boýnumdaky ýüpe çatypdyr. © Rahat ŞYHYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 17 | |
| |