Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:17
Molla aganyň tosty / hekaýa
MOLLA AGANYŇ TOSTY

Aýdym-saz, meý-mes toýçularyň gowury. Başly-soňly eşidilýän sesler, yzygiderli gülki, kah-kahlar. Gereň (ker) edip barýar.
Obada toý-meýlis bolsa öňe sürülýän Hoja tamada oturan ýerinden ýeke dyza münüp, bir ýana ümzük atdy:
- Tamadaýa tamada,
Söz berdiňiz maňa-da.
Söz bereniňiz üçin,
Sag bol aýdýan saňa-da.
Adamlar gowruny peseldip, oň agzyna bakdylar, ol bolsa gelşikli ýylgyrýar:
- Öňler çagajyklar toýlarda şu goşgujygy aýdyp, baý jedirdärdiler-ä.
Oglanlaryň biri:
- Aslynda tamada diýmek näme diýmek?
Oň sowalyna hemmeden öň Hoja tamada:
- Weý, şonam bileňokmy? Ine-dä,- diýip başyny ýaýkady:-Tamada tamada-da. Hemişe tama:da. Düşündiňmi?!
Gülkünç bolmasa-da märeke gülýär. Biri gülküsiniň arasy bilen:
- Hojajan, nämäň tamasy –diýip, sowal berip ýetişýär.
-“Toý bolsun” diýip tama:da.-Hoja gözlerini petredip gepleýär:- Toý bolsa iki ýaş juwan hezz edýe. Bize-de bäş manat bolýa.
Agzynyň parawuzy ýoklar-a bäşbeter, adatça salykatly saýylýanlaram henek atan boldy:
- Aýnany kim alsa şol alsyn, bize toý bolsun!
- Aý sagg bol-laaa...
Birden Hoja tamadanyň gözlerine bir burçda: «bu ýerlere nädip düşdüm, nirden geldim» diýýän yaly, bir gysym bolup oturan Selim molla ildi.
-O-ho, molla kaka uzur dileýän. Bet kyldym, hata kyldym. Men ilki sözi saňa bermelidim welin...
Selim molla: «maňa bir azar bermeseňiz gowy bolardy» diýýän ýaly öňem asyk ýüzüni hasam aşak basdy. Kellesi göçen Hoja tamadany saklap bolýamy?!
-Ýak-keý, molla kaka, saňa bir tost aýtdyraýaly. - Ol elindäki bulgury döşüniň gabadynda saklap durşuna, birine höküm edýän ýaly gepledi:- Hany, molla kakama naryň suwuny guýup beriň.
Gaty bezemen gelinleriň biri süýnüp-sarkyp, şakäsä gan ýaly gyrmyzy nar şerbedini guýup, ejap edensiräbem Selim molla uzatdy. Özüne uzadylan şerbetli şakäsäni tutup duran sülük barmaklardaky lowurdaýan ýüzükler, gelniň kereşmesi, Selim mollanyň ýüzüne kül urlan ýaly etdi.
«Bu nähili cykgynsyz ýagdaý?! Turup gidäýmeli ekenim».
Hoja tamada gözlerini güldürdi:
-Molla kaka, gül gelniň goluny gaýtarmaň.
Şol ikarada biri sokjaryldy:
- Men-ä şeýle näzenin hödür edıp dursa, haja gidip gelenem bolsam, biç-je sapar nemedip alardym-aý...
Selim molla Hoja tamada däl-de toý märekesine tutuş üstaşyr garap gürledi:
- Adamlar, gowy otyrsyňyz. Maňa söz sözledip nätjek. Onsaňam...
-Ýak-keý, molla kakam-eý. Beý diýme-dä.
Ýoknasyz gepiň yzyny köpeltdiler.
- Arak hödürlämizog-a, molla aga!
- Sizem şu ýerde şatlygymyza şärik bolup otyrsyňyz, beýtmäň-dä.
Hoja tamadanyň gapdalynda gyşaryp ýatan Maky sygyr:
- Eýýý, tost aýtmyýa by mollekeň,-diýip agzyny gysartdy:- Bu ýere gelenne heýran galyp otyryn. Baýak Gurban hajynyň pygamber ýaş toýunda: «arak içeniň ýanynda oturmagam içen bilen des-deň» diýip, wagyz edip otyr-a by.
«Hemişe pula pul tapdyrmaly» diýip göterimine pul berýän Sapby maşennik:
- Aý şonuň üçinem edil balagyna goýberen ýaly bolup otyr-a,-diyip, gepläp galdy.
Bezemen gelin entek otuz ýaşyna ýetmedik Selim molladan gözlerini aýryp bilmän oturşyna:
- Molla aga,-diýip, özelenç gatyşykly pyşyrdady:-Agyzlaryna bäş gram degen ýerçekenler laňňyldar oturarlar. Alaýyň-da!
Hemmeler molla garaşýar. Garaşmak kyn. Selim molla şerbet uzadyp, kän garaşan görmegeý gelne uzakdan nazar taşlap oturan biri, agyr ýuwdyndy:
- Haý haram ganjyk, içiňden: «molla aga bir beräýseň» diýip otyrsyň gerek senem.
Ýene bir serhoş:
- Molla aga,-diýip, bazzyk-buzzuk etdi:-Bizem şuny: «içeli» diýip içemzok-laý. Toýçulukda keýpiňi sazlaýa-da..
Onuň gapdalyndaky oturan naz-nygmatdan doly saçagyň ortasyna düzülen akly-gyzylly çüýşelerden saýlap birini aldy-da, ýokary göterip:
- By bara by, arak diýen zat «Sen meniň gapagymy açsaň, men seniň g...tüňi açaryn» diýýämiş.
Hemmeler hahahaýlap güldi, ýaş gelinler utanan boldular. Içlerinden hamala aragyň aýdan sözüni makulladylar. Rast gep.
Hoja tamada gülki kiparlan dessine:
- Molla kaka, seniň mertebäňe şekim ýok,-diýip söze başlady:-Mojet, biziň ýanymyzda oturmagam gowy däldir. Ýöne lekin: «halkda hakyň ady bar» diýen gepem bar. Onnoňam: «bir göwün ýykmakdan Käbäni ýykmak ýagşydyr» diýýär-ä, molla Azady?!
Gözüni-gaşyny oýnadyp oturan gelin anjaýyn ýylgyryp, Selim mollanyň goluna şerbetli şakäsäni tutdurdy. Gelniň pamyk ellerine eli galtaşan molla tisgindi, soňam elindäki gyrmyzy gan ýaly şerbetli şakäsäni gyzgyn demir gysymlan ýaly bolup oturyşyna ony der basdy.
«Bäh, nähili boldy-aý by?!»
Hoja tamada gözüni süzüp ýylgyrdy:
-Molla kaka, biz saňa arak-şerab-a hödurlemedik. Hödurlemerisem. Towa estapyrylla. Ýöne şu jennetden çykaýan miwäniň suwundan dadyp, datmankaňam bir bize goşulyp, tost aýdyp berseň bijaý gowy boljak.
Ony goldadylar. Ýerli-ýerden haýkyryp:
- Konkretny bolýa şonda.
- Al molleke, göter.
Henek atybam ýetişýärler:
- Göter-de başyňy gutar. Ha-ha-ha.
Selim molla elindäki şakäsä garap, halkyň ýüzüne seredip bilmän tost aýtdy:
- Aragyň ady: «keýpi sazlaýjy» bolupdyr. Prasendiň ady: «puly işletmek». Parahorlugyň ady: «aklyk» bolupdyr. Humaryň adyna: «nesibe synagy» diýilýärmiş. Zynanyň ady bolsa: «yşk» bolupdyr, «söýgi» bolupdyr. Ýöne şuny unutmaň, dowzahyň ady häzirem dowzahdyr.
Hemme agyr dymyp doňup galdy. Dymyşlyk. Deňizde aýylganç tupan turmazyndan öňinçä şeýle dym-dyrslyk bolýarmyş.
Selim molla elindäki şakäsäni emaý bilen saçagyň gyrasynda goýup ýerinden turdy:
-Adamlar mundan artyk maňa söz aýtdyrmaň. Siziň göwnüňizi ýykan men bolmaýyn.

© Sylapberdi MUHAMOW
23.03.2023ý. Klin, Maýdanowa.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 85 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Bagabat • 16:21, 24.02.2023
Surat, rus sowet hudožnigi, professor Natalýa Nesterowanyň (1944-2022) "Mergi döwründäki meýlis" atly eseri. Suratyň özi şunuň ýaly iki bölekden ybarat görnüşde çekilen.
avatar
1
2 Bagabat • 16:25, 24.02.2023
Bu hekaýa awtor tarapyndan stanogyň başynda, işiň arasynda aýak üstünde ýazylan eser.

Meň pikirimçe, gysgadan manyly, özem adamlara örän möhüm zady ýatladýan eser bolupdyr.

Leýtmotiwi:

Aragyň ady: «keýpi sazlaýjy» bolupdyr. Prasendiň ady: «puly işletmek». Parahorlugyň ady: «aklyk» bolupdyr. Humaryň adyna: «nesibe synagy» diýilýärmiş. Zynanyň ady bolsa: «yşk» bolupdyr, «söýgi» bolupdyr. Ýöne şuny unutmaň, dowzahyň ady häzirem dowzahdyr.

Berekella.
Höwri köp bolsun.
Ýazyp dur.
avatar
0
3 Мango • 17:03, 24.02.2023
gowy zat, ýagny gowy däl zadyň gowy hekaýasy...
iň soňky sözlemini men-ä artyk gördüm:
"-Adamlar mundan artyk maňa söz aýtdyrmaň. Siziň göwnüňizi ýykan men bolmaýyn".
---
Selim mollaň o kompaniýada (hasam aýal-erkekli) kompaniada bolmagy geň, ýöne ýazyjynyň bize bir zatlar aýtmagy üçin ony o ýerde boldyrandyr-da.

ojagaz kompaniýa bir jemgyýetiň simwoly.
boluşymyz-da şo.

hekaýa ýeňilden gyzykly okalýar.
ýazana, ýetirene minnetdar.
avatar
0
4 Мango • 17:22, 24.02.2023
kursdaşlaň Mary duşuşygy ýada düşdi.
plana görä gündiz Baýramalyda Hoja Ýusup Hamedany-da sadaka berdiler, tebärek çykdylar.
soň agşam Maryda restoran.
kursdaş erkek, kursdaş aýal (indi-hä näçe çagaly), gazançlysy beýlekileri agzyna aňkardýär, paň-paň, güp-güp, hahahaý-wahahaý...
iki ýeke azaşan ýalylaram islemeselerem kompaniýa görä ýylgyran bolýalar...
ýuwaşlyk bilen "jyrdymyarat" bolanlaram bar.
men-ä ozalam göwnämok, ýöne göwün üçin "görüşäýeris" diýipdim...
nirdenem diýipdirin.
gaýdybam diýemok.
avatar
1
5 Мango • 17:27, 24.02.2023
Hoja tamada gülki kiparlan dessine:
- Molla kaka, ...Onnoňam: «bir göwün ýykmakdan Käbäni ýykmak ýagşydyr» diýýär-ä, molla Azady?!

Oňa Käbä ýykmak däl-de Käbäni butlardan tämizlemek diýesim gelýär. Ol Käbä deňelen Göwni butlardan dolduranlaryndan habarlaram ýok bolmaly.
avatar
0
6 Kyyas • 17:34, 24.02.2023
Gowy hekaýa durmuşdan alynan, hökman molla bolmasada deñ duşundan galmaýyn diýip ýören bäş wagt namazly oglanlada şeýle ýagdaý döretýäler
avatar
0
7 Bagabat • 17:58, 24.02.2023
Dostum bar (...dy). 7-8 ýyl mundan ozal. Zyýarata gidegendi. Ýagdaýy gowy, ulagly, boş elli, aladasy azrak bolany üçindir-dä elbetde, köplenç maý tapdygy, haýsydyr bir ýerde üýtgeşik öwlüýä, aramgäh bar diýip eşitdigi ýola düşermen bolubererdi. (Gelişmedi öýdýän, öwlüýäň, aramgähiň üýtgeşigi-däli barmyka?).
Menem köplenç ýol kesmäge ýoldaş tutunardy. Belkem ýol gürrüňçiliginde näme diýse diňe "häsini" ýetirip, kän gaňryşyna gaýtmaga ýaltanyp oturýanym üçindir-dä.
Onsoň haýsy öwlüýä barsaň, esasanam gelim-gidimi köpräk ýerlere zyýarata barsaň, kileň gelin-gyzlar, aýallar, çagalar. Sadaka berilýän bassyrmasy, jaýy dagy gyk-wak, şowhun, galmagal... garaz toý berilýän ýaly. Aramgähdir, zyýarathanalar bolsa seýle çykylan muzeý ýaly, her kim maýdalyna, mesaýy aýlanyşan bolup ýör. Arasynda-da gapyrjaga pul okalaýarlar-da, dileg etmäge oturýarlar.
Soň gaýdyşyn, dostum (bolan) ýoldaşymdan soraýan:
-Näme dileýäň-aý?
-Maşyn,-diýip soragyma geň galýa.
-Bar-a-how,-diýip men geň galsam, o diýýä:
-Ýene birini.
Garaz, her kim najadyny dileýä, pul atýa, gezelenç edýä, soň çykyp şowhun bilen nahar-şor iýilýä...
...Ýaşrakkak ýaşulular gelin-gyzlara, çagalara gonamçylyga golaýlamagy gadagan ederdiler.
Menem soň şeýdip gidesim gelmän başlady.
"Gidemok" diýjek däl, gidýän. Ýöne zähmet rugsadyna çykyp, dynç däl günler, iş günleri gidýän. Aýat okaýan-da gaýdýan. Özem "üýtgeşigrägini" gözlämok. Obamyzyň köne gonamçylygyna barýan-da kakam pahyryň ruhuna aýat okaýan. Türkmençilikde "mazar tizräk ýitse ýagşy" diýen yrym baram bolsa, ogullarymyň ýetişenlerine olaň hiç haçan aýatda diri görmedik atasynyň mazarynyň nirededigini görkezýän. Birsalymam çök düşüp, içimi hümledip oturýan...
Soňam gaýdýan...
Bolany.
Elbetde, aýat okamak, ruhuna degsin etmek - poçtadan banderol ýollamak däl, munuň üçin elin baryp, ýollamaňy elden-ele gowşurmagyň zerurlygam ýok. Öýüňde günde nahardan soň okaýan aýat-dogaňam öten-geçen ýakynlaň alnyna barýandyr (diýip ýagşy umytda hem ynamda). Ýöne onda-da käte-käte şeýdip, ýatan gonamçylyklaryna baryp gaýtsaň, göwnüň has ynjalýar (...ýaly).
avatar

Старая форма входа
Total users: 203