21:11 Düýşümde men ýene gülleri görýän... | |
DÜÝŞÜMDE MEN ÝENE GÜLLERI GÖRÝÄN Düýşümde men ýene gülleri görýän. Gün gyzyp-gyzmanka gözün tegeläp, Başyn aşak salyp, sülleriberýän, Edil ynsan ýaly näzik gülleri. Tersine bolarmyş düýşde görlen zat. Tersine bolarmyş herhil hadysa. Şoñ üçin özüme beremok azap. Men durmuşda şeyle gyzlary gördüm, Gyş-gaýda hem hiç solmajak täze-ter. Mähir berse iki dünýä bagtyñdyr. Olar seniñ kalbyñ bahar ýaz eder. Emma betpäl nadanlara sataşyp, Hem olaryñ gara kalbyn ýagtyldyp başarman öçýärler şem ýaly olar. Düýşümde men ýene gülleri görýän... © Sylapberdi MUHAMOW 15.04. 2023. ý Moskwa. Solnechnogorsk. | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |