Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:11
Polat agaly ýatlama

POLAT AGALY ÝATLAMA

Ýaman biedep ekenim,
Ýa-da gödek, bilemok.
Men muny aytmak bilen öwünjeg-ä bolamok.
Gaty bir ýaşam dâldim,
Otuzdan öten biri,
Aşgabatda geçen bir çäre ömür ýadymda galdy.
Bu ýerde bidahyl meñ ömrüm, ýaşym.
Aslynda çäre däl, çärede eden işim.
Ýadymda.
Blaknodym ruçkam
Telefonum ýanymda.
Çäreden çykdyk mähelle bolup,
Bäş welaýat
Tutuş ahally bolup.
Başagaýlyk
Boşa haýlyk
Halaýyk
Talyp gyzlar
Uz gelinler,
Dek arşdan zakaz edilen melaýyk.
Birden görsem Polat aga
Azarbeýjanlaryñ meşhur Bilibili.
Bilbiliñ balasy
Söhbet edip dur ministr bilen.
Derrew bardym ýanyna.
Ministre bakan kim.
- Polat aga, Polat aga, düşelile ýadygärlik resime,
Ministrem haýran galdy özelenýän sesime,
Has takygy heýejanly gözlerme
Bakyp hiç zat diýmedi.
Oña çenli Polat aga ikimiz,
Bir gözelden haýyş edip,
Ýadygärlik düşüp galdyk surata.
Gödek biedepligim ýaradymy meşhur Polat Bilbile,
Goltugyndan çykaryp pişme ýaljak kalendar
Gol çekibem berdi bir kalendara
(Smokingli suraty bar şol ýerde).
Ýylçyr mañlaýyny granitden gaýa
Özüni meñzedip bir uly daga.
Kän ýyllar geçensoñ ýatlama ýazýan,
Suratyñy synlap eý Polat aga.

© Sylapberdi MUHAMOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 124 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
0
1 Мango • 11:27, 28.02.2024
Çäreden çykdyk mähelle bolup,
Bäş welaýat
Tutuş ahally bolup.

şu ýerdäki "ahally" welaýat manysyndamy ýa "ahali" manysynda?
ahali näme diýseňiz, o söz (bizde-de gadym ulanylan bolmaly) türkler ulanýar: "bir ýere toplanmakdan başga baglanyşygy bolmaýan kişilerden dörän toplulyk (üýşmeklik), halk. Bir ýerde toplanan köpçülik"...

goşgy, hakykatdanam diňe ýatlama... :-)
Polat agaň döşündäki näme medalka, ýa ýubileýnyý medalmyka?
avatar
1
2 Mekan2 • 12:01, 28.02.2024
oňarmandyr Sylap aga, telefony minstriň eline tutduryp "gaýrat et, agam" diýmeli eken.
avatar
1
3 sussupessimist • 13:49, 28.02.2024
howwa, oňarmandyr Sylap aga. Telefony Poladyň eline tutduryp: "Me, bolgusyz gybat edip durman, meni şu gözel bilen surata al" diýmeli eken))
avatar
0
4 Mekan2 • 15:38, 28.02.2024
Leonid Kanewskiň diýşi ýaly "впрочем это будет совсем другая история"*

*следствие вели...
avatar
0
5 Küle • 18:54, 28.02.2024
Sylap agaň şowly hekaýalary bar. Goşgusyna heniz gabat gelemok.
avatar
0
6 aygull • 19:03, 28.02.2024
Ine-de, gabatlaşdyň?!
avatar
0
7 Küle • 19:55, 28.02.2024
Şowly goşgusyna diýýän.
avatar
0
8 Medicall • 21:33, 28.02.2024
Sylapberdi Muhamow ýaş hõwesjeñ ýazyjy şahyrlardan däl-de, köpçülikde öñräkden bäri edebiyat adamsy diyilip ýazyanlañ içinde tanalyany üçin bu ýazgysyny goşgy diyip kabul edip bilmedim men-a.
Aslynda ýatlama ýazmak gowy zat.
Şoñçürip muny ýönekey yatlama yaly, ya oylanma edibem yazyp bolardy. belki hakyky goşgy edibem bolardy. Edil beydip "goşgy" diyip hödürlemesi Onuñ Alyhezretleri Poeziyany öýkeledäýmese.

Umuman şu ýazgy siziñ pikiriñizçe goşgumy? . Sylapberdi dayy gönümelligim üçin kyn görmesin.(ýa-da kyn görsei gelse görübersin)))

Her bir ýatlamamyzy şunuñ yaly gürrüñ edip berip "goşgy" yazdym diyip otyrsak bilmedimda Poeziyañ haly niçik bolar.
avatar
0
9 Mekan • 22:26, 28.02.2024
5-nji trswir, mr Külä.

A men tersine, gowy goşgularyna gabat geldim, oñat hekaýasyna welip, ýok.
avatar
2
10 Sylapberdi • 22:32, 28.02.2024
Siziñ teswirleriñiz üçin garyp başym gök diredi).
avatar
-1
11 Kyyas • 23:22, 28.02.2024
Goşgy ýatlama üçin, (sünnälenmezden ýürekden çykan)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203