Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:24
Baharyň ilkinji güni
BAHARYŇ ILKINJI GÜNI

Ýene-de bu görnüş aňk etdi meni,
Şygryýetiň baky juwan güzeri,
Bu elwan baharyň ilkinji güni,
Hemem doglan güni Gurbannazaryň.

Ýaşyl baýyrlary ýassanyp ýatsam,
Siňsem gögüň durulygna, çuňlugna,
Döwrüm hakda uzak oýlara gitsem,
Düşünmekçi bolup özüm kimligme.

Guwanjymdan çagajyklaň päkligne,
Sadaja şolara deň boljak boldum,
Şöhrat üçinem däl,
Seniň ýoklugňa
Gynanjymdan ýaňa sen boljak boldum.

Şatlykda-gaýgyda sen boljak bolup,
Ýüregim bilniksiz gyýyldy durdy.
Söýgi-yhlasymyz gowzap-kemelip,
Şonda seň ýoklugyň duýuldy durdy.

Indi ahyn eşdip her bir ýapragyň,
Iň gamgyn şygrym durna deý düzerin.
Bu gün ýazy garşylaýar topragym,
Bu gün doglan güni Gurbannazaryň.

Ýazyň baýramynda güllere çümüp,
Ýada hem salamok gyşyň hazanyn.
Bu gün şoh baharyň ilkinji güni,
Bu gün doglan güni Gurbannazaryň.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 125 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 13
avatar
0
1 Bagabat • 10:27, 11.03.2023
Aslynda bu goşgy martyň birinji gününde, Gurbannazar agamyzyň doglan gününde goýulmalydy. Ýöne awtor redaktirläp, saýtda goýup bermegi haýyş edip ugratsa-da, başagaýlyk bilen hiç zada elim degmedi. Elbetde, bu goşgyň şu gün köpe ýetmek nesibesinde bardyr-da. "Hiçden giç ýagşy" diýleni.
avatar
1
2 ibrahimbadakhshan • 11:15, 11.03.2023
Gowy goşgy! Gurbannazar neressäň öz stilinde ýazylan. Ýöne bir sorag: Biz tarapda 21-nji mart baharyň ilkinji güni hasaplanýar, Türkmenisanda 1-nji mart bahar bolýarmy?
avatar
0
3 Bagabat • 11:27, 11.03.2023
Milady ýyl hasaby boýunça 1-nji mart ýaz paslynyň birinji güni hasaplanýar.
Ortasyr türkmen hasaby (Şemsi hasaby ýagny, Gün senenamasy) boýunça Nowruz güni - adatça 21-nji marta düşýär.
Ondan başga-da has irki gadymy türk (şol sanda gadymy türkmen hem) hasaby bolupdyr. Ol hasap şol döwürlerde gadymy türkleriň uýýan Gök Taňryçylyk dinine we mifologiýasyna esaslanypdyr.

Mysal üçin, milady ýyl hasaby boýunça VII-VIII asyrlarda uly kaganlyklary (döwletleri) guran göktürk(men)leriň ýyl hasabynyň bir müçesi, degişli jandarlar bilen aňladylýan 12 ýyldan ybarat bolupdyr. Müçe ýyl hasabynda ýyllar şu haýwanlar bilen aňladylypdyr. 1.Syçan; 2.Sygyr; 3.Bars; 4.Towşan; 5.Ewren (Aždarha, Uly ýylan); 6.Mar (Ýylan); 7.Ýylky (At); 8.Koý (Goýun); 9.Bijin (Maýmyn); 10.Takyk (Towuk); 11.Seg (It); 12.Doňuz. Ondan başga-da göktürkmenlerde, her ýylyň öz reňki bolup, ýyllar (haýwanlar) gök (ýaşyl), gyzyl, sary, ak, gara reňkler bilen aňladylypdyr.

Göktürkmenler ýyly dört pasla: 1.Ýaz; 2.Tomus; 3.Güýz; 4.Gyş paslyna bölüpdirler. Her pasylda üç aý bolup, olar ilki bilen, mysal üçin, sary ýer towşany ýylynyň baharynyň ikinji aýy (mart aýy) diýen görnüşde aýdylypdyr. Soňra ýylyň her aýky senenama hasaby “gyşyň birinji aýynyň 3-nji bäş gününiň (hepdesiniň) 2-nji güni (12-nji noýabr)” diýen görnüşde ýöredilipdir. Mundan başga-da, her ýyl, her biri 15 günden ybarat bolan 24 sany uly möwsüme bölünipdir. Her uly möwsüm, her biri 5 güni özünde jemleýän 3 sany uşak (kiçi) möwsüme (hepdä) bölünipdir. Şeýlelikde gadymy türkmenler tä yslam dinini kabul edýänçäler olaryň bir hepdesinde (uşak möwsüminde) 5 gün bolupdyr.

Ondan başga-da, göktürkmenlerde Täze ýyl häzirki Nowruz ("Nowruz" parsça: "now-täze", "ruz-gün") gününde, ýagny Bahar paslynda, gije-gündiziň deňleşýän güni bolan 21-nji martda başlanyp, ol gün “Ýaş gün, Ýaşyl gün”, ýagny “täze dünýä inen gün” diýlip atlandyrylypdyr.

Emma göktürkmenleriň senenamasynda (kalendarynda) ýaz pasly 1-nji martda däl-de häzirki senenama boýunça 4-nji fewralda başlanýan ekeni.

Ylmy-taryhy maglumatlarda göktürkmenleriň senenama we müçe hasabynyň bu düzgünleriniň öz gözbaşyny has irki zamanlardan, ýagny milady ýyl hasabyndan (biziň eramyzdan) öňki gadymy hun (söýünnur - asmanogullary) halkynyň taryhyndan alyp gaýdýandygy hakynda çaklamalar hem öňe sürülýär. Ýöne muny gutarnykly subut etmek kyn. Sebäbi gadymy söýünnur (hytaý transkripsiýasynda: "hýunnu" ýa-da "sýunnu") halkynyň hatda dilinden bary-ýogy üç sany söz taryhy ýazuw çeşmelerinde saklanyp galypdyr.
avatar
0
4 Bagabat • 11:29, 11.03.2023
Gadymy türkmenleriň wagt hasaby bilen bagly ýene-de bir gyzykly maglumat:

Göktürkmenler üçin olaryň ak öýleri sagat hökmünde-de hyzmat edipdir. Olaryň däbine görä, ak öýüň işigi hökmany ýagdaýda gündogara bakyp durupdyr, öýüň içinde goş-golamlaryň her haýsynyň özüniň goýulmaly ýeri, öýde ýaşamagyň berk tertibi bolup, ak öý üç bölege: kişi (erkek) we awrat (aýal) ganatlaryna hem-de töre (töre ornuna) bölünipdir. Öýüň demirgazyk tarapy aýallaryň ganaty, günorta tarapy erkekleriň ganaty, ojagyň başy, merkezi bölegi (öýüň töri) bolsa ata (maşgalabaşy, myhman, kethuda) orny diýlip hasaplanypdyr. Günüň şöhleleri tüýnügiň içerki aýlawyny ýagtyldanda, göktürkmenler: “Kün (Kuýaş, Gün) atyň jylawynyň uzynlygyna galdy (dogdy)” diýip, agyldaky mallaryny öri meýdana çykarypdyrlar. Günüň içerik düşýän şöhlesi assajadan süýşüp öýüň awrat (aýal) ganatyny ýagtyldanda, günorta çagy boldy diýlip hasaplanypdyr. Öýlän sagat 16:00-larda günüň şöhlesi öýüň awrat (aýal) ganatyny terk edipdir. Şonda maşgalanyň ýaş oglan-gyzlary meýdandan göleleri, owlak-guzulary, taýlary ýatagyna kowup getiripdirler. Günüň şöhleleri tüýnügiň daşky aýlawyndan çykandan soň bolsa göktürkmenler: “Kün atyň jylawynyň uzynlygyna aşak düşdi (ýaşdy, ýatmaga gitdi)” diýipdirler. Şonda aýallar sygyrlaryny sagmagyň wagty geldi diýip hasaplapdyrlar.
avatar
0
5 Bagabat • 11:30, 11.03.2023
Şonuň ýaly-da, göktürkmenler aý hasabyndan ugur alandyklary sebäpli, aýyň dogmagy bilen dolmagynyň arasynda üç sany möwsümi ykrar edipdirler we olary özüçe atlandyrypdyrlar. 1.Näzli aý – täze dogan aý (Gurra); 2.Doly aý (Ak doly) – dolan aý (on dördi gijäniň aýy); 3.Garry aý – ýaşyp barýan aý
avatar
0
6 Bagabat • 11:37, 11.03.2023
Ýene-de türkmen halkynyň tä 1881-1917-nji ýyllardan soň milady ýyl hasabyna ymykly geçmänkä ulanan/gollanan senenamalary hakda şu aşakdaky maglumatlary aýdyp bolar:

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän aý-gün hasaplarynyň biri hem ýyldyz senenamasydyr. Milady we hijri-kamary aý-gün hasabyndan tapawutlylykda, ol ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan senelerine esaslanandyr. Bu senenama türkmenleriň durmuşynda iň bir ýörgünli senenamalaryň biri bolupdyr. Ol hijri-kamary senenamasyndan tapawutlylykda, ekerançylar üçin hem, maldarlar üçin hem amatly bolupdyr. Türkmenler öz ýyldyz hasaby boýunça 365 güni — bir ýyly 12 döwre bölüpdirler. Ýyldyz döwürleriniň has oňat ýatda galmagy üçin şeýle setirleri hem ýatda bellemek bolar:

Sanaw başy Nowruzdyr, yzynda bardyr Ülker,
Aralyk hem Üçýyldyz, Ýaldyrak göge galkar,
Mizan, Hazan, Akrapdyr, onsoň geler Garagyş,
Uly hem Kiçi çille, Garagyşda biter gyş.

Türkmenleriň ýyldyz senenamasy şeýle tertipde gelýär:

• Çarwa nowruzy — 21-nji fewral — 20-nji mart.
• Nowruz — 21-nji mart — 22-nji maý.
• Ülker — 23-nji maý — 20-nji iýun.
• Aralyk — 21-iýun — 22-nji iýul.
• Üçýyldyz — 23-nji iýul — 11-nji awgust.
• Ýaldyrak — 12-nji awgust — 22-nji sentýabr.
• Mizan — 23-nji sentýabr — 21-nji oktýabr.
• Akrap — 22-nji oktýabr — 22-nji noýabr.
• Garagyş — 23-nji noýabr — 7-nji dekabr.
• Uly çille — 8-nji dekabr — 16-njy ýanwar.
• Kiçi çille — 17-nji ýanwar — 5-nji fewral.
• Ahyrky garagyş — 6-njy fewral — 20-nji fewral.
avatar
0
7 Bagabat • 11:40, 11.03.2023
Ondan başga-da halk arasynda häzirki güne çenlem musulman (sünni mezhebiniň) hijri-kamary senenamasy hem giňden ulanylyp gelinýär. Bu senenama laýyklykda türkmen halky gurban, remezan baýramlarynyň günlerini kesgitleýär.
avatar
0
8 Bagabat • 11:44, 11.03.2023
Bolanyna görä musulman senenamasy hakda-da maglumaty goýaýyn:

Hijri-kamary senenamasy. Sagadyň oýlanyp tapylmadyk döwürleri Aýyň hereketine görä ýöredilýän senenama has amatly bolupdyr. Sebäbi Aýyň şekiline seredip aý-gün hasabyny ýöretmek amatly bolupdyr. VII asyrdan başlap Aý senenamasy musulman ýurtlarynda Gün senenamasy bilen bir hatarda peýdalanylyp başlanypdyr. Oňa görä ata-babalarymyz köp ýyllap musulman däp-dessurlaryny beijaý edip gelýärler. Musulman ýurtlarynda Aýyň Güne görä Ýeriň töwereginde edýän hereketi boýunça ýöredilýän senenama hijri-kamary senenamasy diýilýär. Bu hasap Muhammet Pygamberiň we onuň döreden yslam dinine uýan adamlaryň yzarlanmadan gaçyp, Mekgeden Medinä göçüp giden döwründen, ýagny biziň eýýamymyzyň 622-nji ýylynyň Gorkut aýynyň 16-syndan başlap ýöredilýär.

Ylmy düşünjä laýyklykda hasap Aýyň we Günüň merkezleriniň deňleşen pursatyndan başlanýar. Aýyň sag tarapdan golaýlaşyp, Günüň yzyndan ýeten pursatyndan köne aý tamamlanyp, täze aý başlaýar. Ata-babalarymyz hasaby Aýyň ilkagşamdan Gün ýaşan soň günbatarda görnüp başlan pursatyndan ýöredipdirler. Olar täze Aý Gün ýaşandan soň görünse, şol agşamy we ertir gündizi aýyň biri hasaplapdyrlar. Şonuň üçin türkmenlerde: “Görüp ýap-da, görüp aç” diýen ýörgünli sözler bar. Haçanda täze Aý ýaşmanka, gündogardaky şapak sönse, onda şol agşam aýyň biri däl-de, ikisi diýlip hasap edilýär. Ulugbeg hijri-kamary senenamasyny iňňän takyk kesgitlemek usulyny döredipdir.

Hijri-kamary hasabynda aýlaryň atlary:

1. Aşyr aýy. Ýyl başy
2. Sapar aýy
3. Dört tirkeşikleriň 1-nji aýy
4. Dört tirkeşikleriň 2-nji aýy
5. Dört tirkeşikleriň 3-nji aýy
6. Dört tirkeşikleriň 4-nji aýy
7. Rejep aýy
8. Meret aýy
9. Oraza aýy
10. Baýram aýy
11. Boş aýy
12. Gurban aýy

Türkmenlerde milady hasabyna görä ýöredilýän 12 ýyldan ybarat bolan müçe hasaby hem bardyr. Bu hasap, esasan, adamyň ýaşy kesgitlenende ulanylýar. Müçe ýyl hasabynda her bir ýyl 12 sany haýwanyň ady bilen ýatlanylýar.

Hijri-şemsi senenamasy. Hijri-şemsi hasaby hem Günüň ortaça hereketine görä ýöredilýän milady hasaby ýaly senenamadyr. Diňe şol hasap Muhammet Pygamberiň Mekgeden Medinä göçen ýylyna, ýagny 622-nji ýyla görä ýöredilýär. Hijri-şemsi hasabynda täze ýyl Nowruz aýynyň 21-inden başlanýar.

Milady senenamasy. Bu senenama hasaby Isa Pygamberiň doglan gününden başlap ýöredilýändigine garamazdan, ol Isa Pygamber dogulmazdan ozal hem ulanylypdyr. O1 senenamany ilki bilen aleksandriýaly astronom Sozigen oýlap tapypdyr we bu hasap Rim imperatory Ýuliý Sezar tarapyndan biziň eýýamymyzdan 46 ýyl ozal ulanyşa girizilipdir. O1 senenama boýunça bir ýylda 365 gün, her dördünji ýylda bolsa 366 gün bar diýlip kabul edilipdir. 365 günli ýyllara sada ýyllar, 366 günli ýyllara bolsa uzyn ýyllar diýilýär.

Omar Haýýamyň düzen senenamasy boýunça bir ýyl 365,24 günden ybarat. O1 ýyly 12 aýa bölüp, 6 aý 31 günden, 5 aý 30 günden, iň soňky aý bolsa 29 günden, şeýle hem dört ýyldan soňky aý 30 günden ybarat bolmaly diýlip hasap edilýän senenama döredipdir. Milady senenamasyna 525-nji we 1582-nji ýyllarda üýtgeşmeler girizilýär. Ilki bilen alym Dionis hasaby Isa Pygamberiň hakyky doglan gününden alyp barmaly diýip, ulanylyp gelinýän senenamanyň üstüne hiç-hili subutnamasyz 7 ýyl goşupdyr. Soňra, 1582-nji ýylda bolsa milady senenamasy üçin hristian baýramlary amatly bolar ýaly ony Watikanyň ýolbaşçysy Grigoriý XIII italiýaly astronom we lukman Lilionyň hasaplaryna esaslanyp, 10 gün öňe süýşüripdir. Netijede, asyrlarboýy toplanan ýalňyşlyklar aýrylyp, gije bilen gündiziň ýazky deňleşmegi ýene-de martyň 21-ine gabat gelýär. Grigoriý XIII tarapyndan ýene-de bir aýratynlyk girizilýär. O1 hem 4-e galyndysyz bölünmeýän XVII, XVIII, XIX we XXI asyrlaryň ahyrky ýyllaryny, ýagny 1700, 1800, 1900, 2100-nji ýyllary sada ýyllar diýlip hasap etmekdir. Bu bolsa milady senenamasynyň takykdygyny has-da ýokarlandyrýar. Gün senenamasynda durmuşa amatly bolar ýaly islendik meridian üçin, şol sanda, Türkmenistanda hem täze gün hasaby Günüň aşakdaky meridiandan geçen pursatyndan, ýagny Günüň aşakdaky nokadyndan başlanýar diýlip hasap edilýär. Milady ýyl hasaby boýunça täze gün Grinwiç meridianyndan 180′ gündogarda başlanýar.

Durmuş üçin amatly bolar ýaly wagt hepdelere bölünýär. Bir hepdede 7 gün bar. Öňler göze görünýän 7 asman jisiminiň atlary bilen hepdäniň günleri şeýle tertipde atlandyrylypdyr: Gün-ýekşenbe, Aý-duşenbe, Mars-sişenbe, Merkuriý-çarşenbe, Ýupiter-penşenbe, Saturn-anna we Wenera-şenbe.

Çeşme: https://www.ylymly.com/2019..... Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Astronomiýa” dersi boýunça okuw kitaby
avatar
0
9 Bagabat • 11:51, 11.03.2023
Büçe bolanyna görä, milady senenamasam "öýkelemesin" :-):

Senenama we aýlaryň atlary nädip döredi?

Taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, häzirki biziň ulanýan aý atlarymyz baryp Gadymy Rim döwründe döräpdir. Ondan öňki rimliler tarapyndan döredilen rim senenamasy (kalendary) bolsa 10 aýa we 304 güne bölünipdir. Şol kalendarda ýylyň ilkinji aýy hökmünde mart görkezilipdir. Rowaýatlara görä, şol kalendar biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrda Rimiň ilkinji imperatory tarapyndan düzülipdir.
Ilkibaşda aýlaryň atlary san yzygiderligine gabat gelipdir. Emma 8-nji asyryň ahyrlarynda olaryň käbirleri başga hili atlandyrylyp ugrapdyr. 1-nji aý — Martius, 2-nji aý — Aprilius, 3-nji aý — Maius, 4-nji aý — Junius… görnüşde ulanylypdyr.
Daşa oýlup ýazylan gadymy rim kalendarlarda bolsa hepdäniň günleri görkezilipdir. Ol daşlaryň jaýryklarynyň arasynda bolsa çöpjagazlary goýupdyrlar, bu hepdäniň we aýyň gününi görkezipdir.
B.e.öňki VII asyrda Rimde başgaçarak senenama ulanylyp başlapdyr. Bu kalendarda ýyl indi 10 aýa däl-de 12 aýa bölünipdir. Günleriň sany bolsa 355 bolupdyr. Emma bu kalendar hem häzirki görnüşinden tapawutly eken. Onda aýlaryň 7-si 29 güni, 4-si 31 güni, 1-i bolsa 28 güni öz içine alypdyr.
B.e.öňki 46-njy ýyllarda Ýuliý Sezar tarapyndan, müsür prototipi boýunça döredilen senenama hasabynda düýpgöter üýtgeşme girizilipdir. Ýagny, kalendar dowamlylygy dürli-dürli bolan aýlary öz içine alýan 4 ýyllyk döwürlere bölünipdir (365X4), aýlaryň 4-si 30 güni, 7-si 31 güni we 1-i 28 güni öz içine alypdyr. Bu ýagdaý 3 ýyllap üýtgemändir. Emma 4-nji ýyl 28 günden ybarat bolan fewral aýy 29 güne uzaldylypdyr. Şol senenama görä, ýyl indi birinji ýanwardan başlanypdyr. B.e.öňki 44-nji ýyllarda aýlaryň biriniň ady Sezaryň hormatyna «Julius» diýlip atlandyrylyp ugrapdyr. Sezar tarapyndan düzülen bu ýyllyk senenama «Ýulian kalendary» adyna eýe bolupdyr.

Aýjemal ABDYREÝIMOWA,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky
1-nji orta mekdebiň müdiri.

Çeşmesi: https://turkmengazet.com/senenama-we-aylaryn-atlary-nadip-doredi/. 11.03.2023ý.
avatar
1
10 ibrahimbadakhshan • 12:11, 11.03.2023
Sag boluň Bagabat, gowy maglumatlar , peýdalandym.
avatar
1
11 Мango • 21:37, 11.03.2023
Guwanjymdan çagajyklaň päkligne,
Sadaja şolara deň boljak boldum,
---
sorag emele geldi.
şu ýerdäki "sadaja" haýsy manyda aýdylan?
sadaja - sada (просто)
sadaja - diňe (только)
avatar
1
12 ibrahimbadakhshan • 22:59, 11.03.2023
Sadaja sözi Türkmen dilinde prosto manyda ulanylýar, diňe(tolko) manyda Türk dilinde bar, Türkmen dilinde gabat gelmedim. Bu goşguda (sözlemiň manysyna garanyňda) bu söz Türkçedäki ýaly manyda kabul edilse düşnükliräk bolýar!?
avatar
0
13 Мango • 23:10, 11.03.2023
hawa, türkiň "sadece"-si bildirmänjik dilimize ornaşdy, malesef, hä gynansak-da ýa-da begensek-de.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203