Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:39
Näme üçin merhum hakda erbet söz aýtmak bolmaýar?
NÄME ÜÇIN MERHUM HAKDA ERBET SÖZ AÝTMAK BOLMAÝAR?

«Merhum hakda diňe gowy zat aýt, ýogsa hiç zat hem aýtma» diýlen düşünje gadym wagtlardan bäri dinine ýa diline garamazdan, halklaryň ählisinde diýen ýaly giňden ulanylyp gelinýär.

Meselem, gadymy Gresiýada bir wagtlar merhum hakda ýaramaz gürrüň eden adam ölüm jezasyna höküm edilipdir. Şol döwürler merhumyň aradan çykanyna kyrk gün geçmedik ýagdaýynda ol hakda erbet gürlemek örän howply hasaplanypdyr. Muňa özi hakda erbet gürrüň eşiden merhumyň o dünýäden gelip, dirilerden ar alaýmagy mümkin ýa-da özi hakda aýdylan ýaramaz gürrüňler merhumyň ruhunyň jennete girmegine rugsat bermeýär we ony yzyna tarap dartyp durýar diýlen ynançlar sebäp bolupdyr.

Bu gadagançylyklar ählumumy we ahlak nukdaýnazaryndan göz öňünde tutanyňda hem nädogry däldir. Çünki merhum hakynda näme diýeniňde hem, ol adam yzyna dolanyp gelip, seniň aýdan ýalan ýa çyn gürrüňiňe gaýtawul berip bilmeýär. Şonuň üçin, saňa jogap bermek mümkinçiligi düýbünden ýok adam hakda gürrüň etmek adamçylyk tarapdan alanyňda hem gelşiksizdir. Iň esasy zat bolsa, sen merhum hakda erbet gürrüň gürlemezlik bilen, onuň dogan-garyndaşlarynyň çekýän hasratyna hormat goýýarsyň.

Adam energiýasyny öwrenmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň pikirinden çen tutanyňda bolsa, bu gadaganlyk, adam ruhunyň ölümden soň hem özi hakda aýdylýan sözleri kabul edýändigi bilen düşündirilýär. Üstesine-de, ruh bedenden aýrylandan soň, onuň energiýasy has-da berk energiýa goşulyp, goraga eýe bolýar we özüne aýdylan ýakymsyz gürrüňi saglyk meseleleridir maliýe ýitgileri görnüşinde gürrüň eden kişä gaýtaryp berýär.

Ezoterikler hem hut şu pikire eýerýärler. Olar hem merhuma aýdylýan ýaman sözüň ägirt güýjüniň bardygyny tassyklaýarlar. Şol sebäpli-de, merhuma ugradylýan negatiw, iberen adama gaýdanda has köpelýär we ilkinji nobatda, onuň elinden şowlulygy alyp, saglygyna güýçli zeper ýetirip başlaýar.

Merhumy ýamanlamak dini tarapdan seredeniňde hem uly günädir. Çünki dine görä, hiç bir adamyň beýleki bir adama kem baha bermäge hukugy ýok we ol öz aýdan erbet sözleri üçin o dünýäde hökman jogap bermeli bolar. Galyberse-de, her bir adam bu dünýädäki eden işleri üçin ahyrýetde özi jogap berýär. Şonuň üçinem, merhumy şonsuzam geçmesi kyn bolan ýolda ýazgarmagyň hiç hili manysy ýok.

SalamNews
Bölümler: Psihologiýa | Görülen: 141 | Mowzugy paýlaşan: aygull | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Мango • 22:45, 14.06.2023
häää...., indi düşnükli boldy SSSR näme sebäpden ýykylany.
Staliniň kultuny döwlet derejesinde ýazgardylar, Staline garşy erbet sözler aýtdylar.
ýoldaş Stalinem boş oturmady. negatiw energiýasyny SSSR-iň üstüne iberdi durdy, iberdi durdy.... tä döwlet ýykylýança.
bäh... bet wersiýa.
avatar
0
2 aygull • 23:11, 14.06.2023
)))
avatar

Старая форма входа
Total users: 202