Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:57
Gideli gara daglara / degişme-goşgy
GIDELI GARA DAGLARA

Joram, kärdeşim, ajaýyp žurnalist Kümüş Sopyýewanyň doglan gününe bagyşlanyp 20 ýyl mundan ozal ýazylan goşgy. Bu gün K.Sopyýewanyň doglan güni. Ýaşyň uzyn, görjegiň gowy bolsun, Kümüş!


---Kümüş, ýör gideli, gara daglara,
Daglarda döwler bar, mähirli döwler.
Döwler gorkunç däl, köşeş, aglama!
Olar adamlardan pähimli döwler.

Kümüş, seret, hanha, görünýär tüsse,
Gideli-le, şol döwleriň ýanyna.
Hany bol, ýörsene, özüňi dürse,
Aldym ahyr goşgularmy ýanyma.

Goýsana, aglama, gorkmasana hiç.
Gözýaşlarda mydam Äpet Zyýan bar.
Meni ejiz görme, meniň gorkunç,
Döwlerem gaçyrjak «Poeziýam» bar.

Men barkam, gam çekme, gözleriň ýaşlap,
Laçyn agyr günde galdyrmaz dostun.
Bilýäň-ä arada bir döw aljyrap,
Meni görüp, äpet possunyn taşlap,
Geýip gitdi Abdyýewiň paltosyn.

Arkaýyn bol, maňa beletdir döwler.
Men döwleri iýýän arslandyryn, ba-a-aý!
Meň ýöne sesime döwüler döwler.
Hanha, bir zada bar...
Waý, eje, döw ba-a-a.....

Döw aga! Men saňa hiç zat diýmedim.
Döw daýy, men seniň ýegeniň ahyr.
Meni ho-ol getirdi, şony iýmeli.
Geljekmi diýsene, ýogsa men pahyr.
Waý, Döw aga!
Hol, daşyň düýbünde, hanha, Kümüş ba,
Süýjüje Kümüş!

--- Laçyn, ýaraňokmy?! Ýör, gitseň daga!
Dogrudanam daglara şo-ol gidenim.
--- Kümüş, daglar däl-laý, daglar döwli däl.
Gowusy ýör, Marymyza gideli,
Marymyzda kän döw ba....

04.02.2003ý.

Goşgyň döremegine sebäp bolan we onuň mazmunynda agzalan wakalar: Talyp döwürlerim "Nesil" gazetinde işleýärdim. Şonda bir gezek Kümüş Sopyýewa: "Dynç güni daga seýle gideli!" diýdi. Menem degşip: "Gitjek däl, dagda döw bar." diýdim. Şondan soňam joram bilen ikimiziň aramyzda esli wagtlap bu "döw" sözi şertli mana eýe boldy. Oýun edip gowy adam görsegem, erbet adam görsegem "döw" diýen bolardyk.
Goşguda agzalýan palto bilen bagly şol döwürler ýene-de bir waka boldy: Bir gün "Nesil" gazetine, ýakynda sport ýaryşynda üstünlik gazanan daýaw, türgen ýigit söhbetdeşlige çagyryldy. Onsoň onuň bilen söhbetdeşligiň dowamynda gazetiň ýaş işgärleri bolup onuň daşyna üýşüp, oňa sowal baryny ýagdyrdyk. Ol ýigdem zanny birneme ýygra bolansoň, aljyrap, otagdaky asgyçdan asylan özüniň äpet paltosyny geýmän, redaksiýanyň çepiksi işgärleriniň biriniňkini geýip gidipdir. "Metbugat öýünden" çykyp duralga baransoňam, biraz nepesi durlanyp, egnindäki paltonyň tyrrykdygyny, ýeňiniňem tirseginden sähelçe geçýändigini aňşyrypdyr. Onsoň ýene-de gyzaryp-bozaryp yzyna gelýärkä-de, onuň darajyk paltoly gelşine ýaşlaryň gazetiniň ähli ýaş-ýeleňleri tomaşaçy boldy.


©Laçyn PÜRJÄÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 82 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
2
1 Мango • 19:30, 04.02.2023
döwi basýan diýip paňlan bolýamy?
tä döw duşýança.
soňam: waý-eje-läp durmy...
:-)
gowy degişme, gyzykly wakalar.
==
iň soňunda öwünip galýa ýene-de...

Gowusy ýör, Marymyza gideli,
Marymyzda kän döw ba....

Iň gowy adamlar Maryda!
Iň gowy Döwlerem Maryda!
avatar
1
2 Medicall • 19:40, 04.02.2023
@myhmanyň habary barmyka by goşgudan :) "men döw" diýip ýazmalla inni bir gawy goşgy :)
avatar
1
3 Mekan • 11:30, 05.02.2023
Bu zatlardan Wandamyñ habary barmyka diýen ýalymy :-)

Bu günler ýazmag-a däl, okamaga-da kanagat ýok. Açylyşaryn-da bir gün.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203