Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:31
Noýabr

NOÝABR

Ýazmazlyga ýok hiç hili bahana,
Al galamy, ak kagyzy boýaber.
Gyşyň habaryny buşlap jahana,
Ýene biziň bilen joşýar noýabr.

Ýakymy başgaça çygly howanyň,
Bu günler köp gezmeleýäň daşarda.
Oýlandyrýar gowy eserleň dowamy,
Gijelerne uklamaýaň başarsaň.

Alada hem ýok-la uklamaz ýaly,
Müň şükür, ähli zat ýerli-ýerinde.
Altyn güýz toý edýär, duşýar wysaly,
Çykyp arly ýylky bergilerinden.

Şemal jaýlaň aýnasyny kakyp ýör,
Guýýar ýagyş soňky damjasyna çen.
Gury ýer ýok, daş-töwerek misli köl,
Adyllygy şu pursatdan öwrenseň.

Guşlar uçmaz, göwün uçar bu pursat,
Üns bermän senä,
Bakman sagada.
Ýürek diýýär:
Barlyk şunlugna dursa,
Hem durmasa, ýyllar ömre nobata.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 81 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 3.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 13:27, 01.11.2023
Barlyk şunlugna dursa,
Hem durmasa, ýyllar ömre nobata.

ýyllar ömre nobata durmasa...
hääää... bu diňe jennetde şeýle bolar.
wagt ýok bolar
wagt bilen ýyllar, aýlar, günlerem ýok bolar.
oňa çenlem, günler, aýlar, ýyllar gapymyzy kakyp dur.

salkynjak goşgy.
minnetdar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203