Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:38
"Ýagyş ýagýar ýere däl-de ýüregime.."

ÝAGYŞ ÝAGÝAR


Ýagyş ýagýar,
Uçmah ysly damjalar
Ýagýan ýaly ýere däl-de ýüregme.
Bilmen, hyýallarym barýar hanjaga,
«Köne ýazgylary» goýup deregne.

Ýag, gussaň melhemi, yşkyň hemdemi,
Poslan göwünleri päklige ýetir.
Senden – umyt,
Razy, galsa mendenem,
Ýaşaýşy beýgeltjek ýekeje setir.

Tebigat asylky keşbine girse,
Duýgular düýpgöter barýar özgerip.
Adam ýaşamaly giçde ýa irde
Erkini olaryň eline berip.

Şol gün


Şol günem şeýle bir ýagyş ýagypdy,
Öňküler ýaly däl, bardy geň haly.
Hamana şondan soň gaýdyp hiç mahal
Dolanmajak ýaly, ýagmajak ýaly...

Bu ahwaly nämüçindir aňmadyň,
Ýa-da ony kabul etdiň adaty.
Bilýän, ýüregiňem päk dünýäň ýaly,
Juda sadady.

Şonda gollarmyzy uzadyp göge,
Bagra basdyk berekedin semanyň.
Seni derde goýsa, ezilen saçlam,
Meni bolsa oda atdy jemalyň.

Sendiň tüm gijeler gözlän yşygym,
Gündizimi Güne çoýan gözellik.
Keşbiň göýä arşdan serpaý mysaly,
Ýagyşda däl, asyl sendedi geňlik!

Ýene ýagyş ýagýar şol günki ýaly,
Gözler ýene gök asmana garaýa.
Bu ýagyşlar, däli-porhan ýagyşlar,
Gör, häzir kimleriň bagtyna ýagýa?!

Ýag, ýagyş, garaşdym kän ýetmek üçin,
Ýag, bu gezek bagty gülletmek üçin!

Ýagyş


Bir näbelli howsalasy bar ýaly,
Indi ençe gündir ýagýar ol diňmän.
Ýa derde sataşdy,
Ýa-da ýüregne
Yşkdan uçgun düşdi gözi deý iňňäň.

Ýagyş ýagýar suw-sil edip ýollary,
Kimleň şähdi açyk, kimler darykýar.
Näçe adam öýlerine howluksa,
Ýene-de şonçasy daşaryk çykýar.

Her kimiň kalbynda çäksiz tolgunma,
Hoş sözler aýdylýar, ötülýär hata.
Saýawanly gyzjagazny göterip,
Han-ha gidip barýar nowjuwan ata.

Jemläp bir damjada müňlerçe syry
Ýagyş bagt paýlaýar töwerek-daşa.
Häzir bir-biregi küýsän aşyklaň
Duşuşygy has lezzetli, başgaça.

Ýagýar hetden aşyp,
Sygman adata,
Bu howsala ýönekeý däl, kiçeň däl.
Mazaly ezilen baglar Gün çyksa,
Ýagşyň hikmetini dünýä güjeňlär.

«Ýagyş ýagýar ýere däl-de ýüregime» atly goşgular toplumyndan

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 81 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 3.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203