Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:42
Güýz hakynda goşgular
GÜÝZ HAKYNDA GOŞGULAR

Güýz

Güýzi bilmez güýzäp görmedik adam,
Ýaprak deý bagryny bermedik ýere.
Häzir baglaň keşbi üşedýär hasam,
Ýyljajyk zat gözleýärsiň geýere.

Çekilipdir ýerli guşlaň aýagy,
Kä ýerde gözüňe ilýär gargalar.
Işiň gutardygy howlugýaň öýe,
Azalyşýar bir-birege barmalar.

Süýji gazabyny duýýaň sowugyň,
Iki ýaňagyňa ýetende ýeňiň.
Şükür edýäň heniz diridigiňe
Her gezek bugaryp çykanda demiň.

Görjek gümanyň ýok garynjaň hinin,
Boşan meýdanlary alypdyr batga.
Şemal bilen darkaş gurup dur diňe
Arly ýyllap ebti agan garantga.

Dynman ýagýan ýagyşlar bu zeminiň
Sypyryp taşlapdyr bir gat hamyny.
Däli-porhan bolup joşýaň bu günler,
Aladalar agyrtmaýar janyňy.

Göräýmäge zat ýok ýaly joşara,
Bu hakda illerden eşidýärin kän.
Öýkelämok, her kimiň öz pikiri,
Men olara juda oňat düşünýän.

Dogry, öz bolşuma özümem haýran,
Munda ýok zatlary syzýanym üçin.
Şatlanýanym üçin hiç zat ýok ýerden,
Hiç zat ýok ýerinden ýazýanym üçin.

Diýmek, bärde bir zad-a bar bolmaly...

Güýz eken

Daşyň gallasa-da, dogan-u-gardaş
Ýüregiň isleýär bir ýakyn syrdaş.
Küýseýäň howasyn nätanyş dünýäň,
Halyňa özüňden oňat düşünýän.

Şonda hasrat gaýdyp bakmajak ýaly,
Duýgulaň bir görkün saklajak ýaly.
Howry öçjek ýaly içiňde ýalnyň
Daglanmajak ýaly jigeriň, kalbyň.

Zary bolup bir gahryman syrdaşyň,
Ýaşaýarkam boşluk bilen dyrjaşyp,
Güýz geldi özgerdip reňňin topragyň,
Üstümden seçeläp sary ýapragyn.

Indi penjireden yşyklap durman,
Baglaň saýasynda hyýallar gurýan.
Diýýär goňras bulut: «Güýz geldi, galkyň!»
Syýamam gara däl, hakyky altyn.

Başgabyny göterýär ýel kän kesiň,
Joşdurýar ýapraklaň bagdan tänmesi.
Syrly halym güýzüň açyşy ýaly
Uçýaryn durnalaň uçuşy ýaly.

Ýaprakdan täç dakýar dyzyny epip,
Aýyrýar gussamy gözlemden öpüp.
Şatlanýar, tans edýär meň bilen deň-deň,
Güýz eken!
Güýz eken ýüregme hemdem!

Güýz ahwaly

Güýz. Ýene-de alyslarda hyýalym,
Näzik duýgulary gozgaýar günler.
Bir ýerlerden sesi gelýär roýalyň,
Süýji meýlislere şan berýär kimler?!

Agşamyň çigregi güýjäpdir biraz,
Barha galpyldysy artýar bedeniň.
Göwnüme hoş ýakýar çekilip gyra,
Ýatlamak şu ömre näme edenim.

Öňküden has golaý görünýär asman,
Üfleseň, ýyldyzlar gaçaýjak ýaly.
Ýüregmi süýjümtik howsala basýar,
Näbelli bir syry açaýjak ýaly.

Mähre aşa ma:ýyllyk bar bu çagda,
Küýseýän iň ýakyn dos-ýarlarymy.
Ýatladýar sudura öwrülen baglar
Halymdan habarsyz hossarlarymy.

Ýürekmi söýmejek, düşmejek oda?!
Onuň öz kadasy, öz kanuny bar.
Bir hakykat: munda ýeke-täk adam,
Ýalňyz dogulmaýar, ýalňyz goýulýar.

Bu zatlar nireden gelýär serime,
Dolanaýyn, garaşýandyr çagalam.
Goý, şygrym sözlesin meniň ýerime,
Güýzüň ahwalyna bagly galanam.

Güýzde

Janly-jandar ene ýerden
Ýygnaýandyr tapanjasyn.
A sen welin egne atyp,
Güýzüň sary ýapynjasyn,

Barýansyň bakman yzyňa,
Garaň ýitýänçä gözlerden.
Ah, bu näbelli alyslar
Ruhuňda kän zat özgerder.

Ömrüň içre düşlär durna,
Galar näzik ýüregiň sa:p.
Bagdan tänen sary ýaprak
Geçer ýüzüňi sypalap.

Gider ýyllaň teşneligi,
Suw içip dury akardan.
Örtär jogapsyz sowallar,
Çoýunmaga ot ýakarsyň.

Ýagyş ýagar, galmaz ýaprak
Agaçlaryň dallarynda.
Ahwalyňa haýran galam
Pyntyk ýarar gollaryňda.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 815 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 14
avatar
0
1 atayeva • 01:58, 09.09.2023
Bir ýerlerden sesi gelýär roýalyň,
Süýji meýlislere şan berýär kimler?!
süýji meýlisler diýsene
hasam şolar hakynda köpräk ýazaýyň-da.
avatar
0
2 Pero • 08:41, 09.09.2023
Gowy goṣgular eken...
avatar
0
3 Seýrаn • 09:54, 09.09.2023
Güýzde gaýtalanýan nobatçy pikirlerden saplanan goşgular eken. Öz sesi bar ekeni awtorynyň. Üstünlik.
avatar
0
4 Seýrаn • 09:56, 09.09.2023
Surat hakynda kelam agyz agzap geçeýin, bolmandyr.
avatar
0
5 Medicall • 16:30, 09.09.2023
Meselem?
avatar
0
6 Seýrаn • 18:54, 09.09.2023
Meselem örän ýöntem surat. Goşgulara laýyk gelmejek bolýar.
avatar
0
7 Medicall • 20:11, 09.09.2023
Inni?

Oñ sebäbi suratçylar edil bu goşgy ýaly suratlandyryp bilmändirler Güýzi diýäýsemmikam diyiip dur pikirim))) (degişyan)
avatar
0
8 Medicall • 20:12, 09.09.2023
Surat eseriniñ awtoryny bilibilmedim
avatar
0
9 Seýrаn • 09:19, 11.09.2023
Bu suratyň ganymat eken.
avatar
0
10 Seýrаn • 09:19, 11.09.2023
avatar
0
11 Мango • 09:35, 11.09.2023
(soňky goýlan) surat barada menem bir zat diýesim gelýär welin, ýene-de suraty çalyşjak bolup başagaý bolar öýdýän.
ýogsam-a, "beýle geýimli, zontikli, güjüjekli aristokrat zenan biziň döwrümiziň zenany däl" -diýerdim. gowusy diýmäýin. :-)
avatar
0
12 Seýrаn • 09:49, 11.09.2023
Ýok-ýok diýme, aýyp bolar. Nebir goşgularyň hili peseler.
avatar
0
13 Medicall • 12:37, 11.09.2023
D))
avatar
0
14 Medicall • 12:38, 11.09.2023
:)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203