Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:31
Gutlaýarys!

Owalynda adam ruhynda döretmek ukyby bolmasa ýeke setir ýazyp bilmeýänini, ýazýan, ýazjak bolýan ynsanyñ ýüregini, ruhyny bir zatlaryñ gozgan mahaly ýazmasa teselli tapmaýanyny, adaty adamdan tapawutlylykda sungat adamsy bir zatlar döretmese ynjalmaýanyny, ýazmagyñ, döretmegiñ ýadatman gaýta ondan lezzet alyp ýaşaýany mälim hakykat, sungat adamlaryna tanyş hadysadyr.

Birnäçe hekaýalaryñ awtory - ussat ýazyjy, ajaýyp şygyrlaryñ ýazary - şahyr,  edebiýatşynas, sport synçysy, žurnalist bolup bilmek üçin bolsa uly başarnyk, ussatlyk, yhlas zerur. Bu zerurlyklar şahyrana dünýäsinde jemlenen, tutuş maşgalasy edebiýat adamlary bolan hormatlylaryñ biri hem Merdan BAÝADOWYR.
Bu gün Merdan Baýadowyñ doglan güni.
Biz hem Edebiýat Kafesiniñ adyndan bu ajaýyp ynsany, onuñ nurana maşgalasyny tüýs ýürekden gutlaýarys.
Görjegiñiz, geljegiñiz diñe gowulykdan bolsun, dowamatyñyz dowam, döredijiligiñiz güllesin, perzenleriñize guwanyp, uzak-uzak döwran sürüp, iki dünýä gözelliginden paýly, bagtdan serpaýly, bagtyýar, bagtaýar  ýaşañ GADYRDANLAR!

© Edebiýat KAFESI
Bölümler: "Jahanda näler görüner" | Görülen: 111 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 4.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Мango • 22:40, 26.06.2023
gutlaga goşulýas.
Sapby kepderem salam iberdi.
"şo gezek biraz içgili kellä bir zatlar-a edipdirin" diýdi.
hem biraz öýkeläpdirem: "maňa tentek diýmesine diýipdir welin, beýle bir tentek birem däl" - diýdi.
umuman... doglan güniňi gitlady. kabul et. telefonlaş diýäýjekdim welin telefonunam öçüripsiň-dä.
ýene bir gezek doglan günüň gutly bolsun, Merdan Baýat.
avatar
0
2 aygull • 23:10, 26.06.2023
Köp sag boluň,mähribanlar! Sylanyňyz,gutlanyňyz üçin maşgalamyzyň adyndan minnetdarlyk bildirýäris!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203