Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:33
On ýaşymda dünýä indim
ON ÝAŞYMDA DÜNÝÄ INDIM...

On ýaşymda dünýä indim,
Bäş ýaşymda uludym men,
Gussañ oduna burugsan,
Tüsse boldy buludym meñ.

Bir ýaşymda gepläpdim men,
Dört ýaşymda ýörjen boldum,
Alty-ýedi ýaşlarymda,
Ýaltalyga erjel boldum.

Ýetim däl, ýekirdi durmuş,
Her gün artdyrdy talabyn,
Arman, täleý nika däl-dä,
Ýogsa bererdim talagyn.

Gum seçdim agdardym ýeri,
Pil bilen däl elim bilen,
Kalpda artykmaç duýgulam,
Oýnaýardy kemim bilen.

Ýykdy täze düşünjeler,
Ýadadypdyr könäñ yşgy,
A:ñana könäñ güzeri,
Gülene täzeçil goşgym....

Myhman bolupdym bir öýe,
Otyranlañ bary erkek,
Mertebesin erkek bilen,
Deñeşip otyran tentek,
Duruñ entek, dili uzyn,
Saçy uzyn, añy kelte,
Aýal geýmini geýenler,
Siz haçan bolduñyz erkek?...

Myhman boldum, ýene bir öý,
Oturanlañ bary aýal,
Edilýär dünýäñ gybaty,
Hamala ähli zat aýan,
Emma bularyñ ýarysy,
Erkek geýmini geýenler,
Şeýle bolarmy heýem bir.

Diýdiler: ,,geñ görme" dostum,
Görýäñ ahyr dünýä giñdir,
Hawa, menem ,,şeýle" diýdim,
Düşün menem bu jahana,
On ýaşymda dünýä indim...

Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 111 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Kyyas • 05:52, 28.04.2023
Gowy, super
avatar
0
2 Saryýew • 07:32, 28.04.2023
Salam! Awtor:
Düşün menem bu jahana,
On ýaşymda dünýä indim...
- diýip nämäni göz öňüne tutýarka?! Onsoňam:
Bir ýaşymda gepläpdim men,
Dört ýaşymda ýörjen boldum,
Alty-ýedi ýaşlarymda,
Ýaltalyga erjel boldum - diýen bendiň soňky 2 setiri logiki bolup biljek zatmydyr? Çagajyk 6-7 ýedi ýaşyndaka ýaltalygy işeňňirligi nä bilýärmiş? Çaga çaga bolýar-a...
Awtoryň:
Ýetim däl, ýekirdi durmuş,
Her gün artdyrdy talabyn,
Arman, täleý nika däl-dä,
Ýogsa bererdim talagyn - diýen setirleri üçin, liriki gahrymana gynandym-aý. Şu ýerde birje tymsal aýdyp bereýin. Dünýä injek bolup duran çagajyk Allatagala bilen hemsöhbet bolupdyr we OŇA:
- Meni dünýä ýaşamaga iberýäň. Ömür berýäň. Ýöne meniň kysmatymy başdanaýagyna özüň ýazyp goýýarsyň. Eger bu şeýle bolsa, onda meniň dünýä inmegimiň, erk-ygtyýarly bolmagymyň manysy näme - diýipdir.
Perişdepisint çagajygyň sözlerini diňläp, Allatagala şeýle jogap beripdir:
- Belki-de men seniň Ömür kitabyň käbir sahypalaryny seniň isleýşiň ýaly diýip ýazandyr...

Diýjegim, awtora-da, liriki gahrymana-da çok üzgünim. Gül ýaly gülüp-oýnap, adamlary ýaşaýşa, söýgä, gülkä, şatlyga, gowulyga çagyrýan goşgulary ýazyp bolýarka, näme üçin göwnüçökgünlige, sussupeslige gol bulaýan şygyrlary ýazmalyşyň?! Iň uly sorag şü...
Özümde soňky ýyllarda bir gylyk döredi. Goşgynyň başynda pessimistik hörpi, howany duýsam soňuny okamogam. Ruhy dünýäme erbet täsir edýär...
Belliklere dogry düşün, gadyrdan awtor!
avatar
0
3 @Baýram_Bejidow • 09:09, 28.04.2023
Salam Gurbanmyrat! Bu ýañramanyñ ýazylanyna 5-6 ýyldagy bolandyr.
Iñ soñky bendi ýene çynyñyz bilen okap görmegi haýyş edýän!.
Şol çagany mysal tutup ýazylan setirleriñ hiç biri hem boljak zat dal, logika-da ýok, logika etjegem bolmadym..
avatar

Старая форма входа
Total users: 202