Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:58
Teselli

TESELLI

Göwnüñ agyrýarmy?,
Umytlañ kesellimi?
Sözlerim ajymy?,
Ýa saña tesellimi?
Peseldimi ynamyñ,
Edil häzir agramyñdan,
Agyr duýulýarmy beýniñ?,
Menem şeýle!.

Hanha iller elin çarpyp,
Tans oýnaýar bagt bilen,
A sen bolsa syr bildirmän,
Darkaş gurýañ wagt bilen,
Içiñ gussa, ýüzüñ bolsa,
Ýitirenok ýylgyryşy,
Ähli derdiñ gözýaş bilen,
Akar öýdüp aglaýañmy?,
Menem şeýle!.

Suwda ot ýakany gördüm,
Otda suw ýakany gördüm,
Asmany bulut örtende,
Ody ot çakanny gördüm,
Ruhy öýkeläni gördüm,
Tabagy ýok aşy barlañ,
Şükür kylşyn görmediñmi?
Menem şeýle!.

Gözüme ýakyn geleni,
Ýakynym saýdym dostlaşdym,
Göwnüme ýakyn geleni,
Salyp bilmän gursagyma,
Sygdyryp bilmän içine,
Ynamymy aýap goýup,
Gör kim üçin, bir sen üçin,
Ak kagyz saýyp ýüregmi,
Ýitirip barýan deregmi.

Ýene özüñ bilen özüñ oturyp,
Hyýalyñda gurup yşgyñ şalygyn,
Entek bir gezegem duşman,
Duşuşman,
Bir-birekden aýrylyşan ýalymy?,
Menem şeýle!...

©Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 123 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.8/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
0
1 Мango • 11:52, 08.01.2024
pessimizm hem iki görnüş bolmaly.
1) passiw pessimizm
2) aktiw pessimizm.
(ýogammolsa men şeýle hasaplaýan:-) )
şoň çün aktiw bol,
çyk gez, geszeň duşarsyň.
duşsaň taparsyň

hyýalyňda "bir gezegem duşman, duşuşman birek-birekden aýrylyşyp ýörme".

5 ýyzzyl
avatar
0
2 Medicall • 02:14, 24.02.2024
Jigimjan, doglan günüñ bilen gutlaýaryn! Arzuwlaryñ elmydama hasyl bolsun!
avatar
0
3 Kyyas • 08:08, 24.02.2024
С днём рождения,
Baýram halypa.
avatar
0
4 @Baýram_Bejidow • 08:28, 24.02.2024
Ýatlanyñyza minnetdar ☺️
avatar
0
5 Lacrymosa • 08:51, 24.02.2024
happy birthday to you
happy birthday to you
happy birthday, happy birthday,
happy birthday to you
avatar
0
6 Pero • 09:07, 24.02.2024
Ak ýol arzuw edýän,Baýram Bejidow! Durmuşda öz ornuñy tap! Agyr ýûküñ abraý bolsun!
avatar
0
7 Küle • 09:11, 24.02.2024
Uzak ýaşaň.
Gaty produktiw ekeniňiz, tüweleme. "Awtorlara" basýaň welin lider bolupjyk dursunyz. Üç goşgyny bir posta salsaňyzam boljak eken, ýogsam, saýta şol bir adam üçin girip durasyňam gelip baranok. Tem bole, hil mukdary ödemeýärkä.
avatar
0
8 @Baýram_Bejidow • 09:13, 24.02.2024
,,Tem bole, hil mukdary ödemeýärkä." Dogry diýýäñiz welin arzyñyzy obasowede aýtsañyz näderkä?
avatar
0
9 garagar • 11:06, 24.02.2024
Baýram, uzak ýaşa! Owadan goşgularyň höwri köp bolsun!
avatar
0
10 Mekan2 • 11:48, 24.02.2024
gutlanlara, indiki gutlajaklara goşulýan. uzak ýaş, haýyrly ömür, gyzykly, durmuş, bereketli döredijilik.... we şm, şm, şm gowy zatlary arzuw edýän!!! owada ýaşa
avatar
0
11 aygull • 13:02, 24.02.2024
Ömrüň manyly bolsun!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203