TÜRKMEN EDEBIÝATY


01:10
Kähalat
KÄHALAT

Men saña bir zat aýtmaly,
Aýdardanam juda uzak,
Howada gaýsañ-a ýelken,
Dursañ aýagyña duzak.

Men saña bir zat aýtmaly,
Örän zerur, örän gyssag,
Dilimiñ ujynda welin,
Arman pikirlemde tussag.

Sözlem sözlere çolaşýar,
Ýitiren ýaly hataryn,
Men saña bir zat aýtmaly,
Aýtmasam nädip ýataryn?!.

Üm bilen ümlejek bolýan,
Ardynýan diñläñok sesim,
Ençe gezek hyýallandym,
Arçap gursakda nepesim.

Maý alsam aýtjakla welin,
Özüñi ýitirip barýañ,
Tarifym dolupdyr läläm,
Minudym gutaryp barýar...))

© Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 48 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 23:18, 27.07.2023
Tarif… minut…
Nämä gerekdi şo terminler?
Çorba siňek gaçan ýaly…
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE