20:51 SEN... | |
Sen meñ dünýäm, hem zeminim, asmanym, Ýeke wagtym hossarym sen höwrüm sen, Göwnüme degeñok, sussum basañok, Ýanymda sen, şatlyk, kynlyk döwrümde. Meñ gözümden gözleriñi aýyrman, Gussamy, şatlygmy paýlaşyp bilýäñ, Kejir men, hötjet men a sen şonda-da, Duýgylarym bilen taýlaşyp bilýäñ. Galam-kagyzymdan öñe geçdiñ sen, Indi saña ýazýan içden gelenim, Belki göwnüñe-de degýän käteler, Gepläñok, ynjanyñ nädip bileýin. Sesiñ bilen oýanýan her säherde, Giç galañok, şeýle wagtyña jür sen, Şükür bilen örüp her bir säherde, Ynç alýaryn seniñ ýüzüñi görsem. Durmuşyma ornaşan deý bakylyk, Ikilik etmediñ, armadyñ menden, Saña duşupdyryn şondan bäri hem, Hiç hili ýamanlyk görmedim senden. Dost sen, kyn günümde tekgelik bolan, Sen hakynda ýazaryn men, ýene soñ, Häzirlikçe şeýle öwgüli söze. Diñe sen mynasyp eziz TELEFON!. ©Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |