11:04 Eje meniñ gözýaşlarma ýol berme!. | |
EJE MENIÑ GÖZÝAŞLARMA ÝOL BERME!. Eje meniñ gözýaşlarma ýol berme, Allahymdan dile maña şowlulyk, Islemerin, bir gün haçanam bolsa, Aýrylmagy gujagyñdan sowrulyp. Eje meniñ gamlanmagma ýol berme, Ýyly mähriñ bilen ýene çoý meni, Aslynda men senden öwrendim ahyr, Söýeniñde çynyñ bilen söýmegi. Geçip gitdi ol kakabaş günlerim, Şumjarmalam, aýnaýanja pursatlam, Öwütlerñi hiç ýadymdan çykarman, Men olary aýap ýörün gursakda. Eje maña söz bersene bir zady, Bilýän, bu durmuşa baky gelnenok, Ynsan ýok zadynyñ zarynda mydam, Emma bar zatlarnyñ gadry bilnenok. Kiçijekkäm söz beripdiñ bir zady, Şol sözlerñi... maña wada bersene, Edebim, yhlasym, ylhamly çeşmäm Hyjuwlanyp galar ýaly tirsege. Ejizlämok, emma täleý ýazgydy, Ýazlan ýaly mañlaýymyñ şor ýerne, Didaryña zar boluplar bir wagt, Eje meniñ aglamagma ýol berme!!!... 2016ý ©Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |