20:03 Rahatlyk zonasy | |
RAHATLYK ZONASY (Meşhur bir dizaýneriň aýtmagyna görä) her adamyň öz rahatlyk zonasy barmyş. Köçede galan öýsüziňem öz rahatlyk zonasy bolýar. Holodilnikden boşan kagyz gutusy – ine, onuň rahatlyk zonasy. Ýewropa adamynyň rahatlyk zonasy ozalky SSSR halklarynyň rahatlyk zonasyndan tapawutlanýar. Bu iki topary «biziň» we «olaryň» diýip atlandyryp, gürrüňimizi dowam edeli. Biziň rahatlyk zonamyz gaty dar, bary-ýogy ýaşaýan kwartiramyzyň çäginden çykmaýar. Gaty gitse daşky gapymyza saryja çüýler bilen dermantin çekdireris, şonuň bilenem rahatlyk serhedimiz gutarar. Bir santimetrem aňryk geçmez. Bize tapawudy ýok, o gapyň aňyrsynyň ýagdaýy: basgançaklaryň hapasy, çyrasyzlygy, goňşymyzyň çykaryp goýan köne sandygy, ýa-da garpyz paçagy, diwary bezeýän «halk döredijiligine» degişli ýazgylar we suratlar, gijelerine ýoldan gyssanyp barýanyň garaňky podýezde sowlup «eser» galdyrmasy.... bularyň hemmesi biziň rahatlyk zonamyzyň daşynda. Rahatlyk zonamyza degişli ýerimiz, ýagny öýümiz welin aýdylyşy ýaly «gül-päpe». Umuman, rahatlyk zonasyny giňeltmelidigi barada düşünje bizde ejiz gelýär. Olarda welin (ýewropa ynsanynda) başgaça. Olaryň rahatlyk zonasynyň çäkleri ýaşaýan kwartiralarynyň daşyna çykýar: basgançaklaryndan başlap, podýezdleri, howlulary, gülleri, baglary, daş düşelen ýodajyklary, köçeleri bilen tä şaher merkezine çenli dowam edýär. Öýem rahat, podýezdem, köçesem.... umuman rahatlyk zonasy giň. Biziňkileriň rahatlyk zonasyna başga nämeler girýär? Birinji bilen eşik, gymmat we owadan. Soňra gymmat telefon. Iň soňky teňňäni bermelem bolsa, ol telefonlardan hökman edinmeli. Awtomobil – gürrüňsiz biziň rahatlyk zonamyzyň bolmasa-bolmaýanlaryndan. Ine, gymmat rahat awtomobil ýoldan barýandyr, birdenem aýnasyndan Kolaň plastik çüýşesi zyňylyp gider, ýa-da salfetka galgap gider. Bular ýalyň rahatlyk zonasy awtomobiliň içi. Maşynym rahat we arassa. Köçemi? Köçe meniňki däl. Gülleýän biznesmen bolsak dagy maşynyň aňrybaşysyny edinmeli, sebäbi biz üçin rahatlyk zonasy örän ähmiýetli. Maňa näme firmamyň ofisindäki tuatlerde kagyz boldy-bolmady, sabyn boldy bolmady... Bu zatlar işe degişli. Iş bolsa meniň rahatlyk zonamyň daşyndaky bir zat. Ýewropada welin, adamlar adam üçin «adam» ýaly tualetler gurýalar. Belki özleri o ýerik hiç haçanam barmazlar, ýöne, olar tanyş-nätanyş başgalar üçin rahatlyk döredýändiklerine düşünýärler. Şeýdip, diňe özüňe däl, beýlekilere-de rahatlyk döredip rahatlyk zonasynyň çägini giňeldip bolýar. Bizde trotuarlar asfaltdan ýa betondan. Olarda ýörite daşlardan ýa-da dekoratiw plitalardan yhlas bilen örülen. Biziň parklarymyzda heýkeller skameýkalardan köp. Olarda skameýka köp. Ýazgyny položitel duýgular bilen tamamlaýyn. Biz agaç ekmegi öwrendik (Hudaýa şükür). Indi her agajyň aşagyna skameýka goýmagy hem öwrensek. Agaç we saýasy nämä gerek? Arassa howa we saýalamak üçin, umuman rahatlyk üçin gerek. Rahatlyk zonamyzyň çägini öýlerimiziň çäginden has giňeldeliň. Basgançaklarymyz, podýezdlerimiz, köçelerimiz, trotuarlarymyz, parklarymyz, şäherimiz.... agajy bilen, skameýkasy bilen, kiçi çaýhanalary bilen, söwda ýerleri bilen.... rahat bir mekan bolsun. © MANGO 2013 ý. | |
|
Ähli teswirler: 11 | |
| |