Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:09
Edebiýat Kafesiniň admini Nurdan hanym bilen söhbet

"EDEBIÝAT KAFESINIŇ" ADMINI NURDAN HANYM BILEN SÖHBET

“Edebiýat Kafesiniň” barlygyna bir ýyl doldy. Bir ýyl mundan öň, 2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda internetdäki türkmen dilli saýtlaryň arasyna ýene biri goşuldy. Bir ýyl... saýt bu bir ýylyň içinde kän zatlar başaranam bolsa, entek bitirmeli işleri öňde.
Pikir edýäň hem geň galýaň. Bir haýwan çagasy, mysal üçin gölejik doglanda bir salymdan aýak üstüne galýar... täze durmuşyna tiz girişýär. Emma, ynsan çagasy beýle däl. Ol ejiz, mätäç... onuň aýakda durup bilmegi üçin bir ýyl gerek.
Gölejige birnäçe sagat, ynsan çagasyna bir ýyl gerek. Ynsanyň ejizliginiň, mätäçliginiň bir hikmeti bardyr-da...
“Edebiýat kafesi” bir ýaşady. Ony çaga bilen deňesek ol indi aýak üstünde durup bilýär. Men bu saýtyň aňyrsynda duran, gije-gündiz aladasyny eden, ähli mätäçliklerini gideren... admin Nurdan hanyma birnäçe sorag bilen ýüzlenesim gelýär.
– Täze saýt döretmek, ýöretmek kararyny almaga bir sebäpler boldumy?
– Esasy sebäbi döredijilik adamlaryna edebiýata, sungata, medeniýete goşant goşmak isleýan, ýazýan, döredýän adamlara uly hormatymdan 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda täze saýt döretmek kararyna geldim. Saýty ýöretmekde ýörelgäm: ýurdumyzda döredilip berilýän internet mümkinçiliklerinden peýdalanyp döredijilik adamlaryna sowgadym bolsun pikirim bilen türkmen edebiýatyna, sungatyna ýürekden arassa hyzmat etmek. (Özümiz ýazyp bilmesek ýazýanlara bir kömegimiz degsin diýen ýaly-da).
– Ilkinji bolup nähili kynçylyklar ýüze çykdy?
– Ilkinji ýüze çykan kynçylyk: başda 2022-iň noýabrynyň başynda başga saýt açdym, aslynda olam erbet saýt bolmady. Soň maslahatlaşyp bu saýty açmaly diýen netijä geldim.
– Size kömek edenler boldumy, tehniki ýa maddy taýdan?
– Bu soraga giňişleýin jogabym uzak boljak, şonda-da käbir zady belläp geçmesem görmezlige salýan ýaly boljak, şonuň üçin başardygymdan gysgaldybrak jogap bereýin.
Tehnika taýdan, hawa. Ýokarky sowalyňyzda belläp geçipdim ilki başga saýt açanymy. Elbetde saýt ýöretjek bolsaň oň okyjysam, maslahatçysam, goldaýan dostlaram hökman bolaýmaly-da. Özüň açyp, özüň okap goýsaň bolanok-da: "Maslahatly don gysga bolmaz" diýişleri ýaly. Şonda ilki bolup @Pero (Meñli Aşyrowa) ugradypdym açan sahypamy. Onsoň saýtyň adyny nähili goýjagymy pikirlendim, üýşmeleňli, dostlukly, gelim gidimli bir ýeri (edebiýat kafesi diýen ýalyrak) aňladýan at tapasym geldi-dä garaz. Diňe edebiyat edip goýasym gelmedi. Ol saýtyň bir gowy tarapy: saýt domenini iki hepdä çenli tassyklaman goýup, täzeläp durmaga rugsat berýan eken. Ýöne öň bir ulanan adyňy ikiläp berenok. Şeýdip @Pero bilen maslahatlaşdym. Ol-a “Sözler güzeri” bolaýsyn diýdi. Ýöne Meňliň internet mümkinçiligi pesiräk bolansoň garşa ugradyp, maslahatlaşyp bilemokdym. Ýogsa ilkinji maslahatçym Meñlidi (sagbolsun). Ol ada geçirdim “Sozler guzeri” boldy, soň @Bagabat agamyzdan (ýazyjy Serdar Ataýewden) maslahat soradym. Olam ilki bilen saýt içinde “Bölümlerde” harp ýalňyşlaryň bar ýerine syn berdi, sagbolsun! (edil “Bölümler” bölümini işlän wagtym telefondan işläpdim, zähmet rugsadynda oba gidenligim üçin kompýuterden girip bolmady, olam telefonda ň, ä, harplaryny ýazsamam awtomat üýtgedip ugradýar saýta, şonda telefonda işlemek kynyrak bolupdy) Şeýdip, @Bagabat agadan ady barada-da pikirini soradym olam: "okay_söz" diýen ýalyrak (düşündirişi bilen) teklip edipdi. Ony kän bir göwnemedigimi bilip soň @Bagabat aga uly spisok ugradypdyr, söze, edebiýata degişli bolaýjak, gowy atlary ugradypdyr. Içinde Sözler kafesi, Şygryýet kafesi ... diýibem bardy, onsoň şeýle karara geldim: Edebiýat kafesi.
Saýtyň adyny üýtgetdim. Emma ol ýerde @Pero-da, @Bagabat-da teswir ýazmaga kynçylyk çekdiler, meň özüm ýazyp bilýärdim, emma olar ýazyp bilenokdy. post açmagam diňe admine degişlidi. Agzalar açar ýaly edip bilmedim.
Ahyr Beglä jaň etdim, täze saýt açanymy aýtdym, ýüze çykan tehniki kynçylyklary çözmek üçin kömek soradym. Begli hem seredişdirip, bu ýeriň düşnüksizdigi we saýta başga ýerden adres almagymy maslahat berdi. Sag bolsun, hatda “ucozdan” hasap alyp berdi, ýöne öň “Edebiyat kafe” diyip sayt açamsoň ol domeni alyp bolmady, diňe “Edebiyat” diýmeli boldum (edebiyat.clan.ru). Saýtyň dizaýnyny, beýleki işlerini özüm işledim. Kän kömek gerek bolubam durmady, ucozda öň bir edebi saýty dolandyryp görenligim üçin bu saýtyň üstünde işlemekde kynçylyk çekmedim. Begli hasap alyp berdi, iki günläb-a dizaýn saýlamak iş boldy maňa, etmeli işleri bitirdim edibem 18-nji noýabrda sözüň doly manysynda saýt işläp başlady, onda-da ilki dizaýn saýlamda-da @Pero ugradypdym, saýty ilkinji okanam @Pero (mydama bar bol, aýaldogan!)
Soň Siz geldiňiz:), ýagny hindistanly Mango! Saýty surat bilen bezemekde, material paýlaşmakda ýeke goýmadyňyz, Alla ýalkasyn, sag boluň!
– Hawa, şo günler meniňem poçtama buşluk hatlary gelipdi. Bizem (ilkinjiler bolup) bardyk, gördük, begendik. Maslahatlarymyzy we elimizden gelen kömegimizi bermäge çalyşdyk.
– Hemme maslahat berenlere, kömek edenlere uly sag bolsun aýdýaryn, Allaýalkasyn!
– Maddy taýdan kömek edenler boldumy?
– Ýok. hiç kimden kömege garaşmadym, garaşamogam, hiç hili sponsora mätäçlik çekemok. Meň maksadym: hiç bir kynçylyga boýun egmän, edýänimi dilime alman, arassa ýürekden sungata hyzmat etmek.
– Gündiz esasy işiňiz wagtyňyzy alsa, işden soň maşgala üçin wagt aýyrmaly. Saýt üçin wagty nirden tapýaňyz?
– Bilişiňiz ýaly esasy iş wagtym gündiz, onuň daşyndanam aýda birnäçe gezegem smenada işlemeli bolýan, esasy smena çykan günlerim gije saýta seretmek üçin amatly bolýar. Öýde wagtym ýörüte "iş meýilnama" düzýän özüme (ony işde oturan wagtymam düzüp bilýän:))
Işe gitmänkäm öýüň arassaçylygyna seredýän (ýogsa işden gelsem öý bulaşyk bolsa keýpim bozulýa,) gelip ilki nahar tayynlamk üçin wagt bölýan, ol aralykda-da gaýtadan arassaçylyga seredýan, garaz her zady "meýilnama" esasynda alyp barýan. Köplenç "meýilnamaň" üstüne iş goşmaly bolyan wagtlamam bolýar, ýagny goňşy golam haýyş etse "tiz lukmançylyk kömegi" hem bolmaly bolýan. Şeýdip öýde-de saýta giç nobat ýetýär. Dynç günleri "meýilnamada" saýta irräk wagt bölüp bolýar. Umuman yhlas etseň, ýaltanman zähmet etseň Gurbannazar Ezizow aýtmyşlaýyn: " Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde..." kynçylyk ýok.
– Saýt size girdeji berýämi?
– Ýok.
– Saýtdan gazanmagyň pikirini edip gördüňizmi?
– Ýok. Hiç wagt. Indem etmezmikam diýýän.
– Ýadyma düşýär, saýta girseň serwerler reklama berýädiler. Esasanam ahlaga ters zatlar. Bu reklamalar edebiýat saýty üçin gelşiksizdi. Remezan aýynda şeýtanlar zynjyrlanýar diýilişi ýaly, edil Remezan aýynda siz saýtdan ol reklamalary aýyrtdyňyz, “şeýtanlary zynjyrladyňyz”. Gymmada düşdimi?
– Hawa, Sizem unutmansyňyz remezan aýydy. Maksim diýip bir işgärim bar, ol kompýuterler boýunça tehnigimiz. Oňa diýdim: şu reklamalardan nädip dynsamkam diýip. Olam synanyşdy. Emma töleg geçmese, aýyryp bolmady. Soňra Dima diýen ýene bir tanyşymyň kömegini aldyk. Umuman, şeýdip tölegli aýlyk tarife geçdik. Şeýtanlary zynjyrlamaga Maksim bilen Dima kömek etdi :-)
– Tüweleme, şu güne çenli ol reklamalar saýtda görnenok. Dowamly bolsun.
– Amin, sagboluň!
– Saýta agza bolýanlaryň arasynda “garagollyk” boldumy?
– Hawa :-) saýtyň asudalygyny, arassalygyny, düzgün-tertibini saklamak üçin "garagollary" derrewjek ugradmaly bolýan-da :-)
– Adam halamaýan zady bilen meşgullanmaýar. Bu saýty ýöredýärsiňiz. Diýmek, Siziň edebiýat bilen köňül bagyňyz bar. Siziň goşgularyňyzy, terjimeleriňizi seýregem bolsa okaýarys. Siz metbugatda hem çykyş edýärsiňizmi?

– Kim bolsaňam metbugada ugratsaň çykarýandyrlar, iş etmeli gowy zatlary, täze zatlary ýazmaly-da ýöne.
Edebiýaty çagalygymdan halaýan. Gazet, žurnallaryň redaktorlarynyň ählisini diýen ýaly tanaýan (tanaýan diýsem uly gürlejek bolýan ýaly bolýanam, ters düşünmäň, emma soragyňyza görä jogaplamaly bolýanda). Irräkler seýregirägem bolsa ugradardym gazet-žurnallara, ugradan zadym çykman galmazdy. Öñ az-da bolsa zatlamyñ çykýanyny bilýän tanyş-biliş ildeş okyjylarmyzam soraýar: "Näme üçin zatlañ gazetlarda ýok, çykaranoklarmy?" diýip. Emma beýle däl. Olar ugratsam çykarýarlar. Ýöne durmuş şertlerim üýtgedi-de, ol ugratmalarymam doly kesdim. Soň Kakamyrat Rejebow (hormatyna sagbolsun) jañ etdi, goşgularymy poçtasyna ugratmagymy sorady, kän göwnemedim başda, soň ýene aýdansoň elektron poçtasyna ugratdym. Olam okapdyr-da, "Nesiliň" redaksyýasyna ugradypdyr, şeýdibem bölekleýin çap edipdirler. Onsoň Kakamyradam, Artygam jaň edip goşgulary halandyklaryny, (:-) öwgi plany doldurdylar)) çap bolandygyny aýtdylar. Bu ýagdaý Adalat gazetiniň baş redaktory Maksat aga-da, -(sagbolsun!) goşgular toplumyny ugratmagymy sorady. Soňra bir redaktor geň galyp soraýar: "Göniňden gel, nämüçin biziň reaksiýamyza ugradaňok, bir sebäbi barmy ugratmaýanyň?" - diýip. Ýöne meñ ýazmaýanlygymdan başga sebäbi ýok oñ. Beýleki redaktorlaram jaň etselerem, bir ýerde gabat gelselerem goşgular ugratmagymy teklip edýärler hökman. (Hormatlaryna Allaýalkasyn)
Emma bu men-dä, tijenip baramok, garaz, iş, öý, saýt diýip başagaýlap ýörin. :-)
– Ýazyjy-şahyrlarymyzdan saýt bilen gatnaşyk saklaýanlary barmy?
– Hawa, ýazyjy-şahyrlarymyzdan saýtymyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýanlar bar.
Olardan ilki bilen tanymal, ussat ýazyjy-şahyrlarymyz Meňli Aşyrowanyň, Aýgül Garaýewanyň, Umyt Küläniň, Kakajan Balkanowyñ, Baýram Bejidowyň, Sapa Hommadowyň, Gurbanmyrat Saryýewiň(sag-aman gelsin), Nury Sakçyýewiň, Bagtygül Tekaýewanyň, Sylapberdi Muhamowyň eserlerini täzeligi bilen özleriniň paýlaşyp durmagy “Edebiýat Kafesiniň” okyjylarynyň barha köpelmegine, baýlaşmagyna uly goşant bolup durýar. Ýene-de biziñ saýtymyzda ilki bilen indian Tropikan Mangonyñ:) , şeýle-de ussat ýazyjymyz Hydyr aganyñ (Amangeldiniñ), şeýle-de Ybraýym Badahşaniniň bolmagy “Edebiýat Kafesi” üçin uly hormat diýip düşünýärin.
Biz bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, eserlerini täzejeligi bilen salgymyza ugradyp durýan şahyrlarymyz: Aşyrmät Garlyýew, Oguljemal Çaryýewa, Ogultäç Oraztaganowa, Gurbanjemal Annakowa, Akmyrat Jumaýew, Şatlyk Akmyradow we ýene-de seýregiräk bolsa-da ugradýan edebiýat ussatlarmyz bar.
– Nurdan hanym, Siziň bu saýty ýöretmegiňiz, dowam etmegiňiz kiçi iş däl. Köp saýtlar döredildi türkmen edebiýatyny, medeniýetini tanatmak üçin; emma käsi uzak gitmedi - ýapyldy, käsi täzelenip durmasyny goýdular, käsi hil taýdan pes... Siz öz edýän işiňizi, bu saýty ýöretmegi söýýäňiz. Bu bolsa saýtyň ömrüniň uzak bolmagynyň ilkinji kepili, şondan soň Size diňe gaýrat we sabyr dileýän. Saýtyň ömri soňsuzlyga uzasyn!
– Ämin! Ýagşy dilegleriňiz üçin Allaýalkasyn! “Edebiýat Kafesi” biziň ählimiziňki, oňa post goýýan, ýardam berýan awtorlarymyzyňky. Saýt öz awtorlary, okyjylary bilen saýt, awtorlarymyz: @Pero, @Mango, @Aýgül, @Ses, @Myhman, @Hydyr, @Baýram_Bejidow, @Pegas, @Küle, @Bagty, @Garagalam, @Garlawaç, @Abat, @Darakdiş, ©Balkanow, @ Ýaran Ýagmyr, @sussupessimist, @Melike,@Mergenowna, @Kyýas, @Ynam, @Atsyzatly, @Merw, @Älemgoşar (şu gyzymyz soň girjek bolup köp yhlas etdi, synanyşdy, imo boýunça habarlaşdy, panel uprawleniýede kemçilik bolmansoň düzedip bilmedim, (ötünç soraýan) paroly nädogry bolup girip bilenok), şeýle-de ýene bir ýaş awtorymyz Gülnäz Nurekowa, olam köp synanyşdy, girp bilmedi, ony ýakyndan habarlaşyp bilmedim, Uzuk Nowruzowa şahyr gyz, başga-da agza bolup bilmedik, bolup-da soň parolyny ýitirip, daşynda galan awtorlarmyza, agzalarmyza, okyjylarymyza köp sagbolsun aýdýaryn! Sagboluň, Ähliňiz Bar boluň!

Söhbetdeşligi gurnan: MANGO
19.11.2023
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 225 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 16
avatar
1
1 Kyyas • 23:23, 19.11.2023
Minnetdar! Şeýle söhbetdeşlik guranyñyza. Admin hanym sizede edýän işleriñizde üstünlik! Biz üçin hem uly mümkinçilik berýäñiz. @Mango daýy sizede hem aktiw gatnaşyjy we şeýle optimist hereketlerinize uly minnetdarlyk bildirýän. Saýtyñam geljegi mundanda uly ösüşler bilen edebiýat, sungata we edebiýat söýüjilere hyzmat etsin!
avatar
2
2 @Baýram_Bejidow • 00:09, 20.11.2023
Tüweleme!
Nurdan dogan size juda köp alkyşlar aýdasym gelýär, juda tämiz duýgularyñ astynda ösüp ýetişen güllere meñzeş göwnüñiz bilen ýene-de uly-uly üstünliklere ýetmegiñizi arzuw edýän! Galyberse-de meniñ ýöntemje ýañramalarymda çigit ýaljak özgerişlik bolan bolsa owal Hudaý şonuñ sakasynda duranlaryñ iñ esasysy sizsiñiz, siziñ eden we edýän goldawyñyz üçin örän minnetdardyryn, siziñ kalbyñyzyñ päkligi, akar suw ýaly dury pikirleriñiz, edil demirgazyk ýyldyzy ýaly üýtgemeýän gowy gylyk-häsiýetleriñiz üçin sylagym-hormatym ulydyr. Ýene-de bir belläp geçmeli zadymyz hiç bir bähbit aramazdan il-güni üçin süýji zähmet çekmekligiñ özi hem uly mertlikdir diýesim gelýär, janyñyz sag bolsun maşgalañyza hemişe agzybirlik jebislik ýaran bolsun! (Öwen däldirin))
Mango däde size-de sag boluñ işleriñizde üstünlik!
avatar
0
3 Medicall • 02:16, 20.11.2023
Nätdiñaý muny, Ýañy bir öwüpdir diýip begenjek bolup barýakam: "öwen däldirin" diýip göýberdiñ-le, jigim:) ( degişýandirin) beýle öwüberseler nirede gizlenjegimi bilemok.

Jigimjan, eger saña jinnek ýaly gowulygym ýeten bolsa, men ýöne bir sebäpdirin, onsañam señ niýetiñde arassalyk görendirin, janyñ sag bolsun, hiç ynjama, Allaýalkasyn!
avatar
0
4 Şygryýetiň_aşygy • 17:19, 20.11.2023
Berekella! Üstünlik arzuw edýäris!
avatar
0
5 Şygryýetiň_aşygy • 17:23, 20.11.2023
Içim byjyklap duransoň aýdaýyn):
«Hat-da» sözi - hatda diýip ýazylýar.
- da, - de goşulmalary hem baglaýjy kömekçiň hyzmatyny ýerine ýetirýär.
Meselem: hat hem, kitap hem diýjek bolsaň, hat-da, kitap-da diýip alynýar.
Bu ýerde bolsa rusça «daže» diýen sözüň manysyndaky hatda sözi -da, -de goşulmasyz ýazylýan bir söz.
avatar
0
6 Medicall • 19:52, 20.11.2023
Tüweleme, sagboluñ ýatladanyñyza:) indiki-de beýtmen, ünsli borun:)
"Bagyşlaweriñ yoldaş mugallym, ikilikçiligime guşlar günäkär" diyipdir Begençgeldem:) (hayran galaýmaly, şu günler men diñe Begeçgeldiñ setirlerine meñzeş sözleri ulanmaly bolupbatym))
avatar
0
7 Medicall • 19:59, 20.11.2023
Içiñizi byjykladyp ýörmäñ, kütüw galmasyn, (içiñde saklamak özüñe dert satyn almakdyr) arkayyn aýdyñ tapanjañyzy, gyýaklap gep kakdyrany däl, göni gelip aýdany halapbatyn bolupdyryn menem):
Aýdyberiñ! Geñem, kynam göremizzen ýok))
avatar
0
8 Pegas • 20:04, 20.11.2023
Öňler metbugatda aktiw bolan bolsaňyz, biz näme üçin sizi entegem tahallus bilen tanamaly? Näme üçin at-familiýaňyzy bilmegi rowa göreňzok bizlere?)
avatar
1
9 Medicall • 20:15, 20.11.2023
Wah jigiim, men aktiw boldum diymedim-a, käýarym ugradýadym diýdim... Onsoñam meni tanamak beýle bir kyn iş däl, şu ýere girýanleñ 98% - i bilýar meñ kimdigimi. gizlenemo-a men, meni metbugatdaky tanayanlañ baaaary şu ýerdäki goyyan adym bilenem tanaýarlar, sebäp imoda-da şu at mende:)
Birem öñ line diyip bir belada şeyle goyupdyryn, soñam özümem öwrenişip gitdim, indi ol adymdan bu adym ýakyn bolup dur.
Bu meñ gizlendigim däl:)
avatar
1
10 Pegas • 20:20, 20.11.2023
Düşnükgül. 2%-lilerdendigime gynannym)
avatar
1
11 Мango • 20:25, 20.11.2023
Gynamma.
Şo 2 prosentiň içjagaşynna menem ma. :-)
avatar
1
12 Medicall • 20:31, 20.11.2023
Hehe:) 99%
avatar
0
13 Мango • 20:38, 20.11.2023
Ýaňlyşlar üssünne iş.
“Hatda” kese çyzyksyz ýazylýa.
Düzetdüm. O meň ýaňlyşym.
avatar
1
14 Балканов • 02:05, 03.12.2023
Salam Nurdan hanym!
Sizi, "Edebiýat kafesiniň" moderatorlaryny, ýazyjy-şahyrlary bir ýyllyk zähmet ýubileýiňiz gutlaýaryn! Bir ýylyň içinde saýt tarapyndan örän köp görnükli işler edlipdir.
Men henize çenli haýran galýan: bu işeňňir zenan gije-gündiziň dowamynda 24 sagat işlemäge nireden güýç-kuwwat alýarka diýip. Menem-ä Siz ýaly lukman. Gijeki nobatçylykdan gelip, ertesi uzakly gün özüme gelmeli bolýan. Zenan maşgala esasy işinden daşary öýüň işleri hem ýeterlig-ä. Şol iki aladaň arasynda Internete-de wagt tapmaly! Şol wagty ýöne displeýiň ýüzüne seredip geçmän, ähli gelýän postlary ýekänme-ýekän seljerip, elekden geçirmeli, ýaramly materiallary saýtda çap etmäge kararyňy çykaryp, awtor bilen bilelikde jogapkärçilik çekmeli. Alla Size kuwwat bersin! Dogrymy aýtsam, özüm-ä bular ýaly örän jogapkärli işi ýöretmäge ýaýadanardym. Men Sizi doly tanamasamam (teswirleriňiz bilen tanyş), başlyk (moderator, koordinator, redaktor) hökmünde Siz saýtyň ähli agzalary bilen özüňizi bitarap (neýtral) we deň derejede alyp barýaňyz, iň esasysy--hemmeler bilen adalatly we obýektiw. Öwüp aýtdygym däl, hakyky baştutan Siz ýaly demokratiki pikirli bolmaly.
Elbetde, her bir kopçülikleýin we köpugurly ýerine ýetirilýän işleri bir adama agram düşýänligi hemme kişä mälim. Siziň işdeş, pikirdeş, egindeş hemralaryňyz bütin bir ýyl saýtyň döredilip, dikelmegine we ösmegine ýardam beren bolsalar, indiden beýläk hem kollektiwiňiz işjeň zähmet çekip, ýyl-ýyldan kämilleşer umydym bar (elmydama ýagşy dilegde).
Nurdan hanym, Siziň bu asylly, ýagşy niýetli alyp barýan işiňiziň rowaçlanyp, üstünlikler gazanmagyňyzy Beýik Biribardan dileýän!
Bizden saýt üçin nähili ýardam gerek bolsa ýumuş buýrup bilersiňiz, başarjak işimizi başardygymyzdan yhlas bilen ýerine ýetirjek bolup synanyşarys.
Sag boluň, minnetdar.
avatar
0
15 Medicall • 12:51, 03.12.2023
Спасибо за комплимент,
очень приятно!:) diýen bolayynla)

Kakajan aga, sagboluñ! Barboluñ! Dynjam alyp ýetişýan,

Elbetde, Siziñ kollegamyzdydyñyzy bilsemem saýt standartyny saklamak üçin berkirak duran ýerlemem bardy Size-de)) dogry düşünendigiñiz üçin men Size minnetdar bolmaly gaýta:) köp sagboluñ! Size-de ynsan saglygyny goramak ýaly jogapkärçilikli işiñizde, döredijilikli dünýäñizde diñe üstünlikler hemrañyz bolsun!
avatar
1
16 Балканов • 15:00, 03.12.2023
Sag boluň, minnetdar!
Size we kollektiwiňize rowaçlyk we üstünlikler arzuw edýärin!
Galamyňyz ýiti bolsun, yhlas we ylham size hemra bolsunlar!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203