21:26 Sen bolsaň | |
SEN BOLSAŇ... Bu barlygyň aňzak gyşyn ýaz eden, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. Heserli dünýämi aýdym-saz eden, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. Arzuw sallançagynda hiç üwrelme, Gel, golumdan tut meň, hergiz iberme! Onsaň aýralygam bizden irer-le, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. Ýüregmize mähir deňzin akdyr:a, Göripleri ahmyr bile bakdyr:a, Ýan bermezlik üçin ýeňles takdyra, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. Atlanyp umyda, geljege barýas, Duýgymy, paýhasmy haýsy biri rast? Tukat ýekelikden bolmaga halas, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. Kötel ýollar soldurmasyn meňziňi, Gujak gerýär bagtly günleň menzili, Boýlar ýaly yşgymyzyň deňzini, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. [b]Aýly gijeler[/img] Aşygyny magşugyna ýetiren, Şol Aýly gijeler, Aýly gijeler. Umutlaryň wysal daňyn atyran, Şol Aýly gijeler, Aýly gijeler. Edähetdir pynhan-pynhan sözleşmek, Arzuwlaryň ýumagyny çözleşmek, Gorkydyr, ünjidir il dile düşmek, Şol Aýly gijeler, Aýly gijeler. Sanamarsyň wagtyň kerwen hataryn, Duýmarsyň hiç ak daňlaryň atanyn, Soň bilersiň yşk laýyna batanyň, Şol Aýly gijeler, Aýly gijeler. Gelejege umyt bilen bakyldy, Süýji arzuwlara wysal tapyldy, Bir ömürlik ýatlamadyr ýakymly, Şol Aýly gijeler, Aýly gijeler. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |