Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:33
Ok

OK
(hekaýa)

Ellinji ýyllaryň başlarydy. Şäheriň milisiýasynda işe başlan ilki günümdi. Baýmyrat Sähedow diýilýän kapitan bilen gije nobatçylyk etmelidim. Emma Baýmyradyň dişi agryp, güp ýaly çişipdir, onsoň Rejep Ataýew diýilýän bilen onuň ýerini çalyşdylar. Rejep Ataýewiň bir ganhory tutandygy, şonuň üçin medal bilen sylaglanyny naçalnigiň kabulhanasynda diwardan asylan «Hormat tagtasyndan» okapdym. Şo ýerde egnindäki formasy ýüzüne gelşip duran at ýüzli ýigidiň suratam bardy. Şonuň üçin begenmänem durmadym, bolmanda nobatçylykda ganhorly wakany eşiderin diýip pikir etdim. «Nobatçylyk» diýilýänem Aşgabadyň merkezi köçelerinde gije ýatman aýlanyp ýörmeli. Urşam, ýer yranma-da geçip, «geçdigi bolsun» diýlip parahat, asuda ýaşaýşyň lezzeti bilinýän ýyllar başlanypdy. Iki-ýeke ogrulyk, uruş-çygyryş bolaýsa-da şäheriň çet ýakalarynda bolýar. Gije-de Aý-aýdyň, ýazyň ortaky aýlarynyň salkyn gijeleriniň biri. Menem ýaňy goşun gullugyny sowup gelen ýigit, keýpine-de şäheriň çola köçelerinde gezesim gelýär. Ýanymdaky ýoldaşym, Rejep diýilýänem başda aýdyşym ýaly öňden bäri bu ugurda işläp ýören, tejribeli adam. Menden on-onki ýaş-a uludyr. Daýanykly, buýra-buýra gara saçlary ýüzüne gelşip duran, garagözelek syratly pyýadany görenimden göwnüm ýetdi. Ol ýalaň bolmasa, ýylgyryp arkama kakýar-da «şeýle dos jan» diýýär. Gele-gelmäne «dos jan» diýilmegime hoşal, ikimiz tirkeşip ýöris. Rejep gürrüň berýär, menem häsini ýetirýän, eýdip-beýdip daňy atyrmaly ahyryn. O wagt işe duran ilkinji gijämiň ömür ýadymdan çykmajak gije boljagyny nireden bileýin. Rejep garaýagyz ýüzünde hasam akjaryp görünýän dişlerini görkezip ýylgyrdy:

– Ynanýaňmy, meň hiç dişim agyranok.

– Aý, nätdiň-aý.

– Hawa, gara çynym. Azylamdan iki-ýeke owranyp döküleni bar welin, sähelçe-de agyrmaz.

– Bäh, oň ýalam bolýam-aý?

– Başga biri aýtsa özümem geň görjek. Bolaýsam dört ýa bäş ýaşlarymdadym. Şeýle bir dişim agyrdy. Şu wagtam ýadyma düşýä welin, birhili boluberýän. Daşarda ýatýardyk. Tomusdy, bilmedim dişim agyrandanmy, şeýle yssy - petiş gijedi. Uzak gijäni aglap geçirdim. Gözümden akýan ýaşdan, derden ýaňa ýassygym myžžyk bolupdy. Ne ejem, ne enem, ne-de atam meň sesime ýatyp bildiler. Biri dişimiň köwegine duz dyksa, beýlekisi duzy gyzdyryp daşyndan ýapýar. Emma hiç peýdasy ýokdy. Ahyry daň atdy. Dişimiň çişine agzym zordan açylýa, aglamakdan ýaňa sesim gyrylyp gidipdi, kelläm güňläp durdy. Hawa, şeýdip daň atdy welin segsene golaýlan garryja enem geldi-de goşawujymy gyzyl bugdaý däneleri bilen doldurdy. O wagt çaga-da, bugdaý dänesinem elime ilki alyşym bolaýmasa. Böwrek ýaly dok, gyzyl däneleriň aýama batyşy şu wagtam göz öňüme gelip dur. Enem şeýle mähirli, dili süýji garrydy, ak gyňajam daňynýady.

– Goý, balajygym. Bibi Patma janyň ýoluna çykaly, Alla jandan dileg edeli, dişiň agyrysy şo bada aýrylar – diýip çep elimden tutdy-da günbatarlygyna tarap alyp ugrady. Gündogary, günbataram bilemok welin, ilerimiz daglykdy, edil Günüň batýan ýerinde-de gerşi beýlekilerden saýlanyp duran beýik dag bardy, ana şoňa tarap on-onbäş ädim töweregi ýöredik. Belki, Bibi Patma däldir, mümkin Paraw Bibi diýendir, ýadymdan çykarypdyryn. Dym gyzyl dänelerden welin, gözümi aýyryp bilemokdym. Ýöräp ugranymyzdan dişimde agyry galmady. Enem:

– Sep, oglum bugdaýlaryňy. Bismilla-rahmanyrrahym! Emiň-ýomuň şol bolsun – diýdi-de, öz elindäki bugdaýlary öňüne sepip goýberdi. Menem sepen boldum. Bugdaýlar ýarym ädim öňüme düşdüler. Men jadylanan ýaly bir olara, bir eneme seredýädim. Soň enem çommalyp, kündük ýaljak bolup oturdy-da, içinden az salym bir zatlar pyşyrdady, elini ýüzüne ýetirip «Allahu ekber» diýdi. Dünýäni unudyp, enemiň hereketlerini sypdyrman synlap durşuma, olary gaýtalaýardym. Elimiň aýasyny açyp, çommalyp ýanjagazynda oturdym. Zordan dilim öwrülse-de «Allahu ekber» diýdim. Soň öýmüze uly ýoldan dolanyp gelen ýaly gelenimizi, ýassyga başymy goýanymy bilýän. Atamam: «Hany oglum, sen uklaýançaň menem dişiň dogasyny okaýyn» diýip başujumda oturdy. Atam bir zatlar okap, arasynda durup, «çüf, çüf» diýip ýüzüme üfleýär. Haçan, nadip uklanymy bilemok, oýanamda dişimde sähelçe-de agyry galmandyr. Şodur-şodur men asla diş agyry diýilýän zady bilemok. Şeýle dos jan.

Rejebiň gürrüňine haýran galyp «ors bazaryna» nädip gelenimizem bilmändirin. Gijäň ýary bazar boşdy. Aýyň ýagtysyna dükanlaryň agzyndan asylgy gulplar kölegeleri bilen birleşip hasam ullakan görünýärdi. Gündiz adamlardan hyň berýän bazar boş welin, göçülen ýurda meňzeýärdi. Harabada ýatyp-turýan derwüş ýaly bolup bazaryň garawuly, arkasy ýeke nil tüpeňli ardynjyrap öňümizden çykdy. Biziň bilen gadyrly salamlaşdy.

– Rejep, ýanyňdakyny tanamadym-la? – diýip, goja kütelen gözüni maňa dikdi.

– Hawa, Täşli aga, täze işgär.

– Hä, bolubilýä. Düşümli bolsun. Adyňa kim diýerler? Kimlerden borsuň?

Ýaşululara mahsus soranjaňlykdan soň, onuň mürähet eden çaýynam içmän Rejep ikimiz tirkeşip ýolumyzy dowam etdik. Bir salym dymyşyp ýöränimizden soň ol durup çilim otlandy-da maňa-da uzadyp:

– Aýyň seredişin-aý, janyňy alyp barýa – diýdi.

– Aýam serederm-aý? – diýip, ýoldaşyma Rejep diýjegimem, Rejep aga diýjegimem bilmän ýaýdanyp, çilim çekmeýänimi aýtdym.

– Maňa düşünmersiň, kä wagt howluda ösüp oturan bir düýp almamyzam her herekedimi sypdyrman maňa seredýän ýaly bolýa. Käte şuň ýaly täsin howada özbaşyma «Ýaşamak gowy-laý» diýip goýberenimi duýman galýan.

Içimden «Ýaşamak erbedem bolýamyka?» diýip pikir etsemem sesimi çykarmadym. Ýöne Rejepde göçgünlikmi, göterimlikmi şuňa meňzeş häsiýetiň bardygyny syzdym. Dogrusy, beýle adamlary kän halap baramokdym. Olardan garaşmaýan bir zadyň çykaýýar. Aý, bir gije nobatçylygy geçirerin-le. Onsoňam beýle adam ýoldaşyň bolsa ýüregiň-ä gysmaz. Aýdyşym ýaly, nobatdaşym bir gep tapdy:

– Şu asudalykda ikimizden artykmaç adam barmyka?

– Artykmaç bolsak, hökümet hak töläp saklamazdy-la.

– Olam şeýle. Gel, şu oturgyçda bir salym dyz epeli.

Menem ýoldaşyma öýkünibräk aýaklarymy bir-biriniň üstüne atyp oturdym. Depemizdäki sütünden asylan çyraň yşygyna ädiklrimiz hasam lowurdaýardy. Täzeje eşik geýseňem öňki bolşuňy saklaýmak aňsat däldir welin, hökümet adamsydygyňy görkezýän ýörite eşigiň täsiri has güýçli bolýan eken. Özümi arkamda dag bar ýaly batyr, ynamly duýýardym. Maňlaýy nyşanly, ýalpyldap duran gara gaşly papagyny gapdalynda goýup, çilimi uzyn-uzyn sorýan Rejebiň welin diliniň gijeýäni bildirýärdi. Ol garaňky töweregine, ýyldyzly asmana aňyrsyndan bir zat göräjek bolýan kimin siň-siňe seredýärdi. Ony horlaýan pikirleri näçe bilesim gelse-de sorasam ýalňyş boljagyna düşündim-de, sesimi çykarmadym. Ahyry saklanyp bilmedi:

– Çagalygymyň gürrüňini bermeli däldim aslynda welin... Bilýäňmi näme, men ölümi ýeňdim. Hawa, sen geň görme, hakykatdanam ölümimi ýeňdim.

Näme diýjegimi bilmän:

– Bir ganhory tutanyňdan-a habarym bar. Oň üçin medalam beripdirler öýdýän?!

– Bä, sen eýýäm meň medal alanymam eşitdiňmi? Başga näme eşitdiň?

Rejebiň seredişiniň birden üýtgäninden üýşenip gitdim.

– Aý, ýok başga eşden zadym ýok.

Rejep çekip bolan çilimini ädiginiň burny bilen öçürdi-de, ýerinden turdy.

– Aý, ol şypana hiç, diňle, men saňa ölümi nähilli ýeňişimi gürrüň bereýin.

Agzysary oglanyň ýanynda özüni hasam işbitiren duýýan kişiniň sözlerinde öwünjeňlik äheňini gözledim emma, ol agyr uludan dem aldy. Ýüzüniň agraslanmasy aýtjaklarynyň has düýpli gürrüňdigini ýa-da onuň bu gürrüňi edesi gelmeýändigini bildirdi. Meni welin, onuň bolşy hasam gyzykdyrdy. Diş agyrysynyň aýrylyşy ýaly, arwahly-jynly bir hekaýata garaşdym. Gijäň garaňkysam muňa meçew berýärdi.

– Uruş turmazyndan laýyk üç ýyl öň ýany, on bäşem ýaşamankam, 38-nji ýylyň gyşynyň sowuk gijeleriniň birinde erbet düýş gördüm. Şol aýazly gije düýşümde baglyk, agaçlyk ýerde biri meni atdy. Alagaraňkyda ähli zat, çyraň yşygynamy, Aýyň ýagtysynamy lowurdap dur, ýapraklara çenli şeýle aýyl-saýyl. Maňa tarap gönügen tüpeňiň nilem ýalpyldaýar. Birdenem gulagyňy gapyp barýan ses bilen tüpeňiň nilinden ot çykyp gitdi. Ok şu böwrümden girip, arkamy böwüsdi. Okuň degen ýerini tutup ýykyldym. Bolany. Hopugyp, gygyryp oýandym. Tutuş göwräm saňňyl-saňňyl edýä. Aýaklamda ysgyn ýok. Aý, ol düýş däldi-laý. Beýle-de bir hemme zat aýyl-saýyl düýş bolarmy? Çynam o düýşüň ýanynda ýalandyr. Ertesi ir bilen gijeki gören düýşümi ejeme gürrüň berýän welin, gözümi peçde gyzyl ot bolup ýanýan şalmanyň ýalnyndan aýyryp bilemok. Peçdäki odam «O düýş däl, hakykat» diýip dur. Ejem görgüli «Tüpeň habardyr. Hoş habar aljaksyň, oglum» diýip gowulyga ýoran bolýa. Kim bilýär, ejäň duýgur ýüregi dogry ýoranam bolup biler. Aslynda, «37-nji» diýilýän atha-atlyk, tutha-tutluk ýyllar her ýetginjegiň, aýal-erkek diýmän her adamyň düýşünde göräýjek zady – atylmak. Ýöne şonda-da o düýşümi hiç unudyp bilmedim. Ýadymdan çykd-ow, diýip ýörkäm, oslamadyk wagtym ýadyma düşüp, tisginip gidýädim.

Tanap ugranyma ýaňy bir sagat çemesi wagt geçenem bolsa, edil köne tanyş ýaly bolup giden bu geň adam birden durdy-da:

– Bu zatlary henize çenli bir adamyň ýanynda-da gürrüň bermedim. Häzirem maňa ne jyn urdy, bilemok, içim dyňzap gürrüň beresim gelip dur, saklanyp bilemok. Ýa seni maňa düşünäýjek ýaly görýänmi nämemi? Ýeri bolýa, başladym, indi baryny aýdyp bereýin. Şeýle dos jan, 41-iň gürrüňine başlamankam 30-njy ýyly diňle.

Diş agyrymdan iki-üç ýyl soň bolmaly, alty-ýedi ýaşlarymdadym. Bir gije elleri tüpeňli, maňlaýy ýyldyzly papak geýen adamlar gelip atamy alyp gitdiler. Ine, şu papaklarymyza meňzeş, ýöne reňki solak ýaşyldy.

Rejep kellesindäki papagy birinji gezek görýän ýaly uzak synlady. Onyň maňlaýyndaky demir nyşana basam barmagyny degirdi. Soň ony çep elinde saklap durşuna, sag eliniň barmaklary bilen sakgaly çala ösüp ugaran çekgesini owkalaşdyrdy.

– Atam Ahala belli işandy. Ejemiň, garryja enemiň aglaşyp, öýüň içiniň uly yzlaşyk bolanyny, atamyň «Hä, häzir» diýip, çäkmenini geýende elleriniň titreýşini garaňky burçda galpyldap oturşyma sypdyrman synlaýadym. Atam bir: – Goýuň, sesiňizi, çagany gorkuzýaňyz... – diýdi-de, gelenleriň öňüne düşüp, gara maşyna münüp gitdi. Öýümiz boşap galdy.

Şol eýmenç gijeden soň esli aýlap, mümkin ýyllapdyr gorkup gezendirin. Ahyry enemden «Atam nirä gitdi? Haçan gelýä?» diýip, çala sakawlap soradym. Enem meni aldajagam bolman ýeke agyz: «Ataňy atdylar, oglum» diýdi. «Atdylar» diýen söz özüniň elhençligi bilen beýnime ömürlik ok bolup girdi.

Ataçyldym. Mydam atam bilen ýatýadym. Oň döşüni tutup duran ak sakgaly bardy, adymam mydama «Rejepmuhammet» diýip tutardy. Atamyň äkidilmeziniň bir-iki gün öň ýany ýakymsyz, iňňildä meňzeş basyk sese oýandym. Enemiň aglanyny heniz görmändim. O ýaşymda herkimiň bir agysynyň, aglaýşynyň bolýanyny nireden bileýin. Enem ak gyňajy bilen ýüzüniň ýarysyny ýapyp, diňe sesini däl, agysynam daşyna çykarmajak bolýardy. Onuň aglaýanam diňe gözünden dynman akýan ýaşyndan bildirýärdi. Atam şonda: «Rejepmuhammedi turuzdyň. Ýazylandan gaçyp gutulyp bolmajagyny sen bilýäň-ä» diýdi, gatyrganman, käýinmän diýdi. Asla atamyň adama sesini gataldanyny bilemok. Onuň şeýle ýumşak adam bolanyny ulalamsoňam köp eşitdim. Şol wagt welin, aýdanlaryna düşünmän gözjagazlarymy petredip, geň galyp seredýändirin-dä, başymy sypalap «Ýatyber, oglum, ukla. Şujagazlaň görjegi bir gowy bolsun» diýeni ýadymdan çykanok. Atamyň sesiniň sandyraýşy şindi-şindem gulagyma geliberýä. Enemiň näme üçin aglaýanyna-da, atamyň sesiniň sandyramasyna-da çaga akylym ýetýämi?! Atam «ukla» diýdi – gözümi ýumdum. Indi oýlanýan welin, şo gün atama tutuljakdygynyň habary gelen bolmaly...

Rejep ýene uludan demini aldy. Garaňkylyga seredip, ýuwaşja ýöräp gürläp barşy, ony bu wakalary maňa däl, özüne, onda-da telim ýola özüne gürrüň berýäne meňzedýärdi. Ol ýüzüni galdyr-da:

– Hawa, dos jan, şeýle – diýip goýberdi welin, sesindäki gussadan bokurdagym dolup gitdi.

Biz «Azatlyk» köçesiniň ugrunda salynan Akademiýaň owadan jaýynyň deňine geldik. Beýle gürrüňleri birinji gezek eşdişimdi. Kitaphon bolamsoň beýle-beýle zatlar diňe kaitaplarda bolýandyr, hakykatda adamlaň başyndan geçýändirem öýdemokdym. Rejep ikinji «Belomoryny» otlady:

– Birinji parkyň içinden geçeli, soň Lenin bagynda bir salym oturaýarys.


Onuň sesinde ýaşyna gelişmeýän ýadawlygy duýdum. Ýogsa ilki göremde, hyjuwy daşyna urup duran, ýörände aýagyndan ot çykýan dogumly görnüpdi. Oňa başlan gürrüňini dowam etmegiň agyrdygyny aňsamam saklanyp bilmedim:

– 41-nji ýylyň gürrüňini berjekdiň...

Arjanak sypat pyýada gaşlaryny hasam çytdy. Ol: – Besdir-dä, 41-i başyňa ýapjakmy – diýäýer öýdüp çekindim. Emma, hakyna seredeniňde, bu gürrüň ýarysy aýdylyp goýuljak gürrüň däldi. Rejep nälaç dowam etdi:

– Hawa, tereziň bir gapdalynda 30 bilen 37-nji ýyl ýatyrka, beýleki gapdalyna 41 mündi. Olaryň haýsysynyň agyr gelenini bir Alla bilýä. «Uruş turupdyr» diýlenini eşdenimden ýadyma düýşüm düşdi. Indi o düýşümiň oraşandygyna sähelçe-de şübhäm ýokdy. Obada erkek göbekli bolsa topar-topar edip urşa äkidýädiler. Men düýşüm bilen ýatyp, düýşüm bilenem turýadym. Kän wagt geçmän «öldi» habarlaram gelip ugrady. Menden üç-dört ýaş uly Annaberdi aýagyny aldyryp geldi. Ol uruş gidýän ýerler, ümmülmez tokaýlyklar barada aýdyp berýärkä, göz öňümde düýşüm, agaçlyk ýerde atylyp öldürilişim. Annaberdiň jontaryp duran aýagyna her gezek gözüm düşende ýüzümi sowsamam, uruşdan maýyp dolanyp gelmäge-de müňde bir razydym. Emma ýaňy durmuşyň süýjüsini duýup ugramda ölüp oturybermegi hiç aklyma sygdyryp bilmeýädim. Meň üçin urşa gitdigim atuwa gitdigimdi. Gaçgak bolup daga-düze çykaýmaga-da hyýal etdim, ýöne gaçsamam tutulyp düýşümde görşüm ýaly atyljagymy syzýadym. Mende „Uzak ýaşaryn, ogul-agtyk görerin, atam ýaly ak sakgally garry bolaryn“ diýen sähelçe-de umyt ýokdy. Adam öljegini duýsa, ýoluň gyrasynda ýatan daşam gözüne eziz görner eken. Göwnüme ähli zat düýş, diňe şol gören düýşüm hakykat. Gapymyzda eken bir düýp tudum bilenem gujaklaşyp, hoşlaşyberesim gelýädi. Ýok, ölümden gorkamokdym, ýagty jahandan aýrylyşmakdan gorkýadym. Iň kyn ýerem, bu duýgularymy hiç kim bilen paýlaşyp bilemokdym. Kimiň ýanynda dil ýarsam, ýaňy murtuň garalanda ölmegiň nämedigini gözi bilen görüp gelen Annaberdiň ýanynda-da agzasam meni gorkak, dowulçy hasaplajagy belli. Men welin dowulçam, gorkagam däldim, her kimiň irde-giçde ölmelidigine-de düşünýädim. Meň diňe ýaş ýigit, gujurly, ýüregim gursagymda gürsüldäp durka ölesim, guma garylasym, çüýräp gidesim gelenokdy. Has dogrusy ölmek hiç, ok deger nädip jan bereniňem duýmarsyň, ýöne şoňa gitme-de iş bardy. Allaň iň uly keremi, meger, ynsana geljegini bilmez ýaly edip ýaratmasydyr. Urşa gitsem yzyma dolanyp gelmejegimi şeýle anyk bilýändigime hiç kimi ynandyryp bilmejegime-de gözüm ýetýä. Muny subut etmek üçin urşa äkidilmeli, Orsýetiň gür tokaýlarynyň birinde-de okdan ölmeli.

– Aý, o wagt hiç kimem uruşdan ölmän dolanyp geljegine ynanan däldir-le.

Rejep ýoluň gyrasynda ösüp oturan agajyň bir ýapragyny silkip ýoldu-da:

– Hawa, hiç kimem ölmejegine doly ynanan däldir, ýöne «belki...» diýen bir umyt uçgunjygy her kimde bardy. Uçgunjyk bolsa-da oň ýüregiňi nähili ýyladýanyny, diňe men, şol uçgundan mahrum adam bilýär, oňa düşünýär, edil çöldäki teşnäň bäş damja süýji suwuň nämedigini bilişi ýaly. Ýagtyň nämedigini kör biler, inim, gözli körçe bilmez.

«Gitdigim gaýdyp gelmerin. Bu gün bolmasa, ertirem alyp giderler. Çopan bolup çöle gidäýsemmikäm? Çopanam bolsam äkiderler» diýip kelle döwýädim. Birdenem milisge bolmak kelläme geldi. Milisgä degenokdylar. Üstesine iýjegiň-geýjegiň hökümediň hasabyna. Ýöne nädip milisä işe girjek? Baranyň bilen alaýýalarmy? Gel, diýip gujak açyp duran barmy?

Ýene oturýan-oturýanda oda düşüberýän. «Indi ejemden, öýümizden aýrylyp oturybermelimikäm? Ogulgüle öýlenip bilmän armanlyja, gözümi açyp gidiberermikäm? Atam pahyr şo gije ýönelige «görjegi gowy bolawersin» diýip başymy sypalan däldir. O meň görjegimiň erbet boljagyny edil häzirki syzyşym ýaly syzýan eken. Işan atam janyň agzyndan boş söz çykarmy?! «Menem okdan, senem okdan ölmeli boljak» diýdigi eken» diýip içimi gepledýän.

Özümden sähelçe ýaş tapawutly Meretguly dagyň eline-de powestka berdiler. Indi gezek biziňki. Meretguly bilen hoşlaşýan welin elini uzadyp, «Dos, aman gal, yzymyzdakylara göz-gaş edeweriň. Ýöne, senem bahym gitmeli bolaýmasaň. Niçigem bolsa, ýagşylykda ýatla, saglykda görüşeli» diýýä. «Bolýa, sag-aman gel. Ejeň dagyny alada etme» diýip, syr bermän gujaklaşyp hoşlaşýan, içimdenem: «Sen gaýdyp geljegiňem bileňok, gelmejegiňem anyk bileňok. Kim bilýär, belki, ölmersiňem. Ikimiziň aramyzda ullakan tapawut bar Meretguly. Sen öňüňdäki geljegi bileňok, men bolsa bilýän. Geljegi bilmegiň nähili agyr ýükdigini sen bir bilsediň. Pygamberleriň göteren ýüküniň nähili agyr bolanyna indi düşünýän» diýýän.

Atamam atyljagyny iki gün öňünden anyk bilipdir, belki ony biri gelip habar berip gidendir, onçasyny bilemok, emma atam meň ýaly, közüň üstünde aýakýalaňaç byzbydyklamandy. Arkaýyndy, parahatdy. «Ýazgytdan gaçyp gutulyp bolmaz» diýýädi. Aý, atamyňky hezil, ýetmişden geçen, görjegini gören garry. Men welin, ýaňy on sekiz ýaşymda. Meretgulyň obadan çykaryp alyp barýan köne purgunda aýagyny sallap oturşuna gitdigiçe daşlaşýan kepbe tamlaryndan gözüni aýyryp bilmän barşy şu günki ýaly göz öňümde. Mümkin ol başyna düşjek her kynçylyga kaýyl, «Dolanyp gelerin, inşalla. Kyrk ýyl gyran gelse, ajaly ýeten öler» diýip oýlanyp barýandyr. Şeýledirem. Ýöne meni alyp gitseler beýle pikir edip bilmejegim belli.

Ahyry başga çykalga tapman, raýon merkezine gitdim. Milisgäň naçalnigi Harçenko diýilýäniň ýanyna bardym. Orsça-türkmençe garym-gatym edip, özümiň urşa gitsem hökman öljekdigimi düşündirjek bolýan, «neçelnigiň ýüregine rehim indermäge» dyrjaşýan. Rehim nire? Gaýta «Sen ýaş, urşa esger gerek» diýýä. Gülümsiräp: „Bolmanda bize kömek edip, jenaýatçy tutup beren bolsaň“ diýmesine-hä asla-da nähili düşünjegimi bilmedim. Tutup eltäýer ýaly hany ogrulyk edip ýören barmy? Adamlar aç ölýä, emma iliň zadyna, kolhozyň harmanyna el uzadýan ýok. Gerek bolsa ogry, haramzada-da gapyşar eken.

Rejep gürrüňine dyngy berdi. Nirä gitjegini bilmeýän ýaly sägindi. Menem ýanynda «Hakykatdanam öljegini şeýle aç-açan duýaýdymyka? Aý, gorkana goşa görnen bolaýmasa. Urşa gitmek daýyňlara giden ýaly däldir» diýip oýlanasym gelýärdi welin, ol adamda gorkaklarda duş gelmeýän içki güýji, gaýraty syzýardym hem özümiňem gulluga diýip, otla mündürip alyp gidenlerinde Aşgabatdan çykyberemizde erbet ýüregimiň gysanyny ýatlaýardym.

Ors bazarynyň günbatarsyny syryp ilerligine baýyrlyga tarap uzap gidýän uly köçeden kä wagt bir geçip gidýän mele «Pobeda» ýa-da gara «Zim» biziň ýolumyzy az salymlyk gündizlik ýaly ýagtyldanda ýoldaşymy hasam merdemsi görkezýän irimçik agzy, ýüzüne gelşip duran galyň dodaklary, gaşlarynyň arasyndaky iki sany çuň çyzyklara çenli bir pursatlyk aýyl-saýyl görnüp gidýärdi. Içimden bolsa: «Näçe garadan gaýtmaz bolsaňam uruş diýlen eýmendirýändir. Uly il gidensoň goşulyp gidiliberilýändir-dä» diýip oýlanýan. Birden ýoldaşym hyrra yzyna öwrüldi:

– Ýör, «Gorka» gideli. Birazajyk garbanarys, gije uzakdyr.


Biz Ýokary Sowetiň jaýynyň ilersindäki beýik üýşmek gum depesiniň üstünde gurlan, Aşgabadyň iň meşhur restoranlarynyň biri «Gorka» tarap ýöräp ugradyk. Rejep ýene gürrüňini dowam etdi. Töwerek ümsümlikdi. Megerem, sagat ikä golaýlaşyberen bolsa gerek, şäherde aýak ýygnanypdy. Setanda-seýranda-da öňümizden adam çykanok. Garalyşyp duran arçadyr, ors agaçlary, iki gat jaýlar dymyşyp Rejebiň gürrüňini diňleýän ýaly. Diňe ukusy tutan Aý, bu gürrüňi öňdenem bilýän deýin, buludyň aňyrsyna geçipdir.

– Hawa, şeýdip, Harçenkäň ýanyndan lapym keç çykyp oba gaýtdym. Her birinde sallançak uçubermeli üzümli haýatlaryň, daşy saman suwag bilen suwalan pessejik palçyk tamlaryň gözüme nähili mähriban görünýänini sen bir bilsediň. Ogulgülleriň öýleriniň deňine ýetdim. Ogulgül diýýänim obaň iň owadan, iň eli çeper, iň işeňňir, iň mähirli, ejemiňem iň göwni ýetýän gyzy. Oňa höwes etmedik eje, hiç kime aňdyrman aşyk bolmadyk oglan bir barmydyka? «Uruş turmadyk bolsa, belki, bu wagtlar eýýäm Ogulgüle öýlenerdim. Toý ederdik... Bolmanda şu wagt milisge eşikli, aýagym aýnagonç ädikli, egnim pagonly barýan bolsam, çykyp seretmese-de, penjirelerinden-ä jyklardy. Urşa gitsem, gelýänçäm garaşarmykan-aý? Şu wagt ejemi gudaçylyga ibersem diýip pikir edýän hemem öz niýetime özüm garşy bolýan «Ýok, gaýdyp gelmen. Wah, şo düýşi görmedik bolsam bolmaýamy?» diýýän. Içimden igledip barýan bu pikirlerim şu ýere gelende birden sakga duranymam duýmadym. «Düýşümde duýdurylan bolsam, diýmek çykalga gözle diýildigidir. Ýogsa, o düýşüň manysy näme?» diýen pikir kelläme gelende tisginip gitdim. Näme men çykalga gözlämokmy diýsene, ýöne hany çykalga? Gaçgaklyk etjekmi? Gumuň jümmüşinde ýyllap ýaban ýatjakmy? Iýjegiňem töweregiňi talap tapjakmy? Beýdip namartlanymdan-a urşda ölenimem gowy. Şeýdip, telbe diýseň telbe däl, sag diýseň sag däl – özbaşyma düňderlip, düňle bolup ýörün. O wagtlar kolhozyň ekinine suw tutýadym. Bir günem aladaňdan egnime pilimi atyp obadan çykyp, ekinçilige tarap ugradym.

Rejep ýene gürrüňiniň arasyny böldi. Biz «Gorka» ýetdik. Mark Bernesiň «Garaňky gijesi» gijäň asudalygynda uzaga ýaňlanyp gidýärdi. Naharyň ýakymly ysy burnumyza urdy. Rejep öňde, menem yzynda howlukman ýokaryk çykyp ugradyk. Beýige galdygyňça şäher aşaklap eliň aýasynda ýaly görnüp barýar. Ýer yrananda-da ýykylmadyk un kombinatynyň çyralary görünýä. «Birinji maý», «Azatlyk» köçeleriniň yşyklary uzaga uzap gidýä. Biziň ýaşaýan ýerimiz «Gaža» diýilýän garaňka bürenipdir. Çen bilen biläýmeseň görünýän zat ýok. Gündogar tarapymyzda Lenin bagy. Leniniň ýadygärliginiň çyralarynyň yşygy töweregindäki agaçlaryň başyna jähek çekip, owadan görkezýä. Arman Leliniň öňüni agaçlar tutupdyr. Restoranda adam ýok diýerlik. Kyrk-kyrk bäş ýaşlaryndaky bir harby ors adam ýanyndaky özünden has ýaş görünýän zenan maşgala bilen bir zadyň jedelini edýär. Saryýagyz dolmuş pyýadanyň gowy serhoşdygyny dym gyzyl bolan ýüzi aýdyp dur. Oň bilinde sapança görünýärdi. Megerem, ulyrak organ işgäri bolarly. Iki sany ýaş türkmen ýigitlerem, özleri deň-duş rus gyzlary bilen çetki stollaryň birinde otyrlar. Wagtal-wagtal olaryň gülki sesleri aýdymam basyp gidýär. Oglanlaryň egnindäki ak ýüpek matadan tikilen ýakasy nagyşly ukrain köýnekleri hasam akjaryp ýagta ýalpyldaýar. Bolany. Başga adam ýok. Tans meýdançasy boş. Dogrusy, meň restoran diýlen ýere birinji gezek gelşimdi. Özümem öýdeçildim welin, üstesine oglundan zady gysganmaýan puldaryň oglam däldim. Rejep welin, edil öýlerine gelen ýaly arkaýyn. Ofisiant gyz ony görüp, elini galdyryp salam berdi-de, göni bize tarap gaýtdy. Bizem boş stollaryň birine geçip oturdyk.

– Taneçka, bir garbanar ýaly bir zat getir. Onsoňam...- Rejep iki barmagyny birikdirip şyrkyldayp goýberdi. Yşarata düşüş gyz derrew yzyna ýumlugaýdy.

– Hawa, şeýle dos jan. Sen gowy oglan bolarly, düşbi seredişiň bar. Birhili ýüzüň ýakymly.

Garaşman durkam agam ýaly adamyň beý diýmesine gyzaryp gitdim. Ol meň gyzaranymy görüp hasam göwnihoş güldi. Oňa çenli ýelgamak ýaly gyz iki sany kotlet bilen arak getirdi. Rejep:

– Dos, şu gün men-ä garşy bolmasaň ýüz gramjyk içjek. Ýöne sen içme. Niçigem bolsa iş wagty ikimizden birimiz bir içgili bolmaly – diýip bulguryny doldurdy.

Rejep nahara başlaman bir bulgury boşatdy-da elindäki çarşagyny işdämenlik bilen üwelen ete çümdürip iýip başlady. Oturgyçda oturmak, çarşak bilen nahar iýmek aýbogdaşyňy guraga-da saçakdan bir kesemen ýylysy gitmedik, ysy janyňy alyp barýan çörekden döwüp, bir jam çekdirmani öňüňe alan ýaly bolmasa-da birhili dereje berýädi. Beýige çykdygyňça howa-da hasam durlanýan bolarly, jana şypalydy. Men araksyzam özümi arşyň bäri ýanynda oturan hasaplaýardym. Üstesine-de Aşgabadyň merkeziniň asudalygyna seretmek ynanylan adam. Ýanymda-da otdan suwdan geçen, dogumy daş ýaryp duran pyýada seni özi bilen deň saýyp, başyndan geçenini gürrüň berip, «dos jan» diýip otyr.

Birden Rejep barmagyny asmana çommaltdy-da:

– Aý ýene maňa bir zatlar diýýä. Bilýäňmi o näme diýýä? – diýip gussaly ýylgyrdy.

Onuň ýylgyryşynda şadyýanlygyň sähelçe ýokundysam ýokdy. Lowurdap duran alyn dişlerine asla kybap gelmeýän ahmyrdan doly gözlerine bakmagam agyrdy, olara bir gözüň kaklyşansoň aýyraýmak ondanam kyndy. Ýoldaşymyň barmagyny çommaldan tarapyna zordan gaňrylyp seretdim. Ýokaryk çykanymyzdanmy ýa öňündäki bulut syrylandanmy dolan Aý hasam ýagtylan ýaly görünýärdi. Hakykatdanam bir zatlar diýäýýäne-de meňzemän duranokdy.

– Azara-da galma oňa düşünmersiň. Gowsy, gürrüňiň yzyny diňle. Onnoň aladaňdan suw tutmaga barýadym. Edil şu günki ýaly ýazyň günüdi daňyň reňki üýtgeşik, tämiz howa, dünýä täsin saz çalýar. Meni welin bu gözellik gysyp-gowurýar. Günlerimiň sanalgydygyny şeýle bir syzýan welin, edil Ezraýyl bilen tirkeşip ýören däldirin öýdemok. Egnimdäki pili aýlap ýere urup göni daga tarap tutdyryberesim gelýär. Obadan çykyberendirin-dä öňümden egni köne güpbüli, saç-sakgaly ösen arryk uzynak biri çykdy. Deňinden geçiberjek bolsam: - Eý, Rejep! – diýip gygyrýa ýaňky. Bir bada daňyň ümüş-tamyşynda gözüme görünäýýärmikä öýdtüm. Aljyrap nätjegimi bilemok. Ony gören badyma tanamadym. Ünsli seretsem, menden iki ýaş uly, ilerrägimizde ýaşaýan Sylap.

– Saglykm-ow! Oba-gara gurgunçylykmy? Men Sylap how, nätdiň-aý, tanamadyňmy? Men zordan, sakawlap:

– Sylap, sen-maý? Hany... sen... urşa gitmediňmi? – diýdim. Sowalyma Sylabyň ýüzi sallanaýdy:

– Aý, obamyzy, ejemi-kakamy göresim, olar bilen ýekeje käse çaýy bile içesim geldi. Gaçyp gaýtdym. Bir didarlaryny görsem, soň yzyma barjak – diýýä. Gulaklaryma ynanmadym. Uruş näme obaň mekdebimi gaçyp gaýdyberer ýaly.

– Gaçyp gaýtdym diýýäňmi? Uruşdanmy? – diýip gaýtalap soraýan welin:

– Hawa. Bir aý bäri ýolda. Hupbat baryny gördüm, hernä tutulmadym. Hany gel, elleşeli-le, how – diýip meni gujaklady.

– Sen tutularynam öýdeňok-la? Arkaýyn gelýäň... – diýip henizem gözlerime ynanamok. Ol bolsa:

– Rejep jan, indi obama geldim-ä. Hanhajykka öýmüz. Indi meni kim tutsun?! Onnoňam meň gaçgak gezmek niýetimem ýok. Öýümiziň ysyny bir gursagyma doldursam bolýa, soň „Yzyma iberiň“ diýip özüm barjak – diýýä.

Birden Harçenke neçelnigiň „Bolmanda bize kömek edip, jenaýatçy tutup beren bolsaň“ diýeni aňymda ýyldyrym çakan ýaly bolup gitdi. Ine, saňa jenaýatçy. Sylap welin, menden beýle zat çykar öýdenok. Ikimiz elimiz sapanly eriklikde, baý, sar tutandyrys. Ol:

– Seýidem öldi. Bile topçy bolduk... Öýlerine habar etmeli. Ýa habar aldylarmy? – diýdi. Men öz niýetim bilen başagaý oň näme diýýänine düşünmedim:

– Kim Seýit? Ataly agaň oglumy?

– Hawa. Aý, Rejep dos, uruş ýaman zat. Onuň erbetligini göz öňüňe-de getirip bilmersiň. Seýit neresse elimdejik jan berdi. Özüň nähili, ejeň ýagşymy? – diýende onuň ýüz-gözüniň garaört bolany gözüme ildi. Neressä nebsim agyryp gitdi. Hany, saglyk bolsun.

Rejep ikinji bulguram göterdi. Bir salym dostuna duşuşyny täzeden kino görýän ýaly göz öňünden geçirýän bolarly, öňündäki naharyna diňkesini dikip dymyp oturdy. Soň nahardan datman diýen ýaly ýene bir bulgury boşatdy.

– Nirde galdyk? Hä, o menden hal-ahwalymy sorady. – Heniz-ä äkidenoklar. Sen çyndanam ýene yzyňa, urşa gitjekmi? – diýip niýetimi akylymda aýlaýan. Asylam Sylap türk, ynanjaň oglandy welin, şonda-da ony sepini bildirmän aldap ele salmalydy. Oň tutuljagy belli, esasy zat hiç kime ýetirmän özüm tutmalydym. Neresse boýnuny burup:

– Dagy, alajyň näme? – diýip, naýynjar maňa seretdi.

Men pilimi beýläk, ýoluň gyrasyndaky çaýyrlyga zyňdym-da elimi Sylabyň egnine atdym.

– Şonça ýoly geçip, tutulman gelipsiň indem yzyňa gitjek bolma, dost. Bilýäňmi, men Harçenkäni tanaýan. Milisgäň neçelnigi Harçenke. Ikimizem milisä işe gireli. Milise boldugyňam urşa alynmaly däl diýip kagyz berýäler. Özem häzir gideli. Öýüňize barsaň, miliseler gelip tutup alyp gitseler erbet bolar. Ýör gideli, Harçenke gowy adam. Oň saňa rehimi iner, yzyňa ugratmaga dözmez – diýip saýrap başladym.

Sylap maslahatymy bir bada akylynda aýlap bilmedi. Bagtygaraň obasyna, obadaşyna, onda-da bile oýnap ulalan dostuna duşanyna akly başyndan uçupdy. Men ikinji gezek Harçenke bilen dostugymy aýdyp, ynandyrmaga çalyşdym. Kerep aýlaýan möý kimin oň bir sagyna, bir çepine geçýän. Dogrusy, şo wagtky aýdanlarymy şu wagt gaýtalap biljek däl, edil biri agzyma salyp berýän ýaly, aýtjagym öz-özi dilime gelip dur. Sylap nätjegini bilmän ýaýdandy. Ol obasyna gelipdi. Öýlerine-de iki köçäni geçse barjak, ses ýetim galdy, ýöne meň aýdýanlarymam ony imrindirýä.

– Öýe barsaň, oturyp-oturmankaň ejeňi agladyp südürläp alyp giderler... Urşa gitmän bärde galyp bolsa oňa ýetesi zat barmy? Elimiz kagyzly geleris welin, adymyzy tutan bolmaz. Görýäň-ä şu wagta çenli meň urşa äkidilmeýänimem Harçenkäň arkasyndan. Ýöne bu gep ikimiziň aramyzda galsyn. Ýaman gowy adam. Özem türkmenleri şeýe gowy görýä. Ýör, gideli. Biz barýançak olam işine ger, ýör – diýip arkasyndan itip diýen ýaly öňüme salyp raýon merkezine alyp ugradym. Sylap şeýle gowy, ýüregi arassa, sada oglandy-da. Onuň „Tutuljak bolsam ýolda tutulardym, indi geldim“ diýen düşünjesine şeýle bir berk ynanşy, meň urşa gitsem ölerin diýip ynanşymdanam berk bolmasa, gowşak däldi. Şonda-da:

– Şu wagt göni gidibereli-maý. Bolmanda salamlaşyp bir... – diýip gaňrylyp-gaňrylyp yzyna, ýetimiň seredişini edip, özelenip seretdi welin, ýüregim jigläp gitdi.

– Sen dogrudanam o Harçenke diýýäniňi gowy tanýaňmy? – diýýä. Menem:

– Hawa how. Tanamasam seni äkiderim-aý. Näme maňa-da ynanaňom-aý? – diýip gaýta ony götünogry edýän. Ahyry:

– Aý, ýör. Kysmatda näme bolsa görübiris-dä. Seniň diýeniň bolsun Rejep dos – diýdi.

Biz tirkeşip raýon milisiýasynyň jaýyna bardyk. Sylaby daş işikde goýup, özüm naçalnigiň ýanyna girdim. «Gaçgak tutup getirdim» diýdim. Gökden düşen ýaly bolup duran naçalnige zordan ýagdaýy düşündirdim. Maňa düşünen badyna-da naçalnik telefony galdyrdy, gözümiň alnynda gaçgak ýigit Sylabyň goluny arkasyna gaňyrdylar. Neressäň bar diýeni:

– Dost, bu näme etdigiň boldy?!

– Sen... öňi-soňy yzyma gitjek diýdiň-ä...

Ol jogap bermän ýüzüme tüýkürdi. Şeýle dos.

Içgidenmi ýüzi birhili agaran ýaly görünýän Rejep aýna küýzejikdäki iň soňky aragam bulguryna guýup, ýüzüniň ugruna içdi, tarelkasyndaky kotlediň soňky owuntyklaryna çenli agzyna saldy. Garşymda oturyp dostuny satyşyny aragyň arasynda gürrüň berip oturan bu geň adama näme üçindir ýigrenç bilen garap bilmeýärdim. Ýöne, dogrusy, öňküm ýaly gözügidijem seredemokdym. Özüne çekiji, milisiýaň işgärine däl-de kompozitoramy ýa-da dagyň eteginde ýaşap, çagalaryny aw awlap ekleýän, hiç kime garaşsyz, ile-de kän goşulman özbaşyna ýaşap ýören adama meňzeýän bu kişi hakynda aňymda düşnüksiz duýgular döreýärdi. Dogry, urşa gidäýmegem aňsat däldir welin... Gazly limonady owurtlap oturşyma:

– Soň nähili boldy. Sylap ejesi, kakasy bilen görüşip bir bildimi? – diýdim.

– Soňmy? Soňuny ýör daşarda gürrüň bereýin. Ýör Lenin bagyna gideli-le. Näme üçindir şo bagy aýratyn gowy görýän.

Biz ýerimizden turanymyzda ak ýüpek köýnekleri garaýagyz ýüzlerine gelşip duran oglanlardyr sary saçlary çyraň yşygyna hasam altyn öwüsýän saryýagyz gyzlaram öň ýanymyzdan aşak düşüp ugradylar. Olary synlap, Rejebiň gürrüňini berýän günleriniň barmak büküp sanaýmaly ýyl öň bolup geçenine-de ynanmak kyndy. Biz ýuwaşlyk bilen gündogarlygyna Lenin bagy diýilýän, duşuşylýan, dynç alynýan, gül goýulýan, Aşgabatda uludan-kiçä her kimiň belet ýerine tarap ýöräp ugradyk.

– Hawa, şeýdip, Harçenko gaçgagy ele salandygy üçin sag bolsun aldy, o-da meni işe. Sylap ejesi, kakasy, jigileri bilen otla mündürilende görüşipdir. Özüni ugratmaga gelen garyndaşlaryna:

– Didaryňyzy görsem razydym, çaý içip oturmagam nesibämde ýokdur-da. Dolanyp gelmesem gandarym Rejepdir – diýipdir. Dolanybam gelmedi. Şeýdip gan bergili boldum. Milisä işe girenimden ejemem alyp raýon merkezine göçdüm. O wagtlar enem pahyr-a dünýeden ötüpdi. Niçigem bolsa Sylabyň gan algysyny almaga gelen bolmady. Ogulgüle-de öýlendim.

Ýyllar geçiberdi. Urşam gutardy. «Uruş gutardy» diýlende her kim begenendir, ýöne men ölümi ýeňenime begenjimi hiç zat bilen deňär ýaly daldi. Indi maňa okdan ölmek ýok. «Boljak işe çäre barmy?» ýa-da «Ýazgytdan gaçyp gutulyp bolýamy?» diýlenini eşitsem gülküm tutup, zordan özümi saklaýadym. Tutuljagyna gözi ýetip durka-da gaçmaga hyýalam etmedik atam, saňa akmak diýerler. Atam bolsaňam, näçe okumyş bolsaňam, öte nadan ekeniň. Sowatsyz adamlar-da. Eýläňe-beýläňe seretmäňkäň geçip barýan ömürde ömürden gymmat zat ýok – şony bilýän. Hawa, senem öljegiňi bildiň, menem. Muny öňünden bilmek uly jogapkärçilik, agyr ýük. Ýöne sen «ýazgyt», «kysmat» diýip, onuň çözgüdini Allaň boýnuna atdyň. Şoň üçinem rahat, parahat öldüň, men welin, ony öz boýnuma aldym. Ahyram uruna-uruna diri galdym. Tüýkürse tüýküribersin Sylap ýüzüme. Ynanmasyn. Kim oňa gaçgak halyňa öldüriljek göle ýaly yzyma düşüp milisä bar diýdi? Ýeri ejesi bilen bir käse çaýy içdi näme, içmedi näme? Öýüniň ysyndan kükregini doldurjakmyş. Öňi-soňy tutup alyp giderdiler.

Rejep durdy-da göni gözümiň içine seredip:

– Aýt maňa, dünýede jandan eziz zat bamy? – diýdi. Soňam badyny saklap bilmeýän, beýikden inip gaýdan ýük maşyny ýaly jogabymy eşitjegem bolman ikinji soragyny berdi:

– Bilýäňmi bu zatlary saňa näme üçin gürrüň berýänimi?

Men näme diýjegimi bilmän ýaýdandym.

– Öňi-soňy muny saňa ýetirerler. Üstüni dolduryp, owadanlap, «Aý, şo dämi, jan ýaly dostuny tutduryp, milisgä girip urşdan galan züwwetdin» diýip, agyzlaryndan tüýkülik syçradyp, lezzet bilen gürrüň bererler. Beý diýsem, her täze geleniň öňünden çykyp Sylaby tutdurşymyň kyssasyny aýdyp ýörendir öýtme. Näme diýseler şony diýsinler, kimiň züwwetdigini özüm gowy bilýän. Mümkin, düýşümem bahanadyr, hakykatdanam gorkaklyk edendirin. Men näme etdim? Halanmaz, döşümden itiler, yzymdan hyşy-wuşy gürrüňler eder ýaly näme etdim? Hawa, ölesim gelmedi. Kimiň ölesi gelýä? Her kim başga alaç tapman urşa gidýä. Men alajyny tapdym, şoň üçin günäkärmi? Ol akmagy öňi-soňy tutjakdylar ahyryn, özem gaçjak däldi.

Ellerini ýumruklap, birden ot düşen ýandaga dönen pyýada, edil şoň ýalam tapba dymdy. Biz bir sellem sesimizi çykarman gitdik. Soň ol hetjikläp:

– «Ömür - ýaşaýyş üçin göreşdir!» ine, akylly aýdylan söz. Oýnamaga oňa Karl Marks diýmeýäler – diýdi. Rejep atasy bilen gürleşýämi ýa öz-özüne eden işiniň dogrudygyny subut etjek bolýarmy – düşüner ýaly däldi. Ýöne ol meni unudana meňzeýärdi. Birden ol sakga durup, ýene Aýa tarap barmagyny çommaltdy-da:

– Aýdaýynmy Aýyň näme diýýänini? Ol «Gaçanam Alla diýer, kowanam» diýýä – diýdi.

Içen aragy kellesine uran, gözleri köçe yşygynyň ýagtysyna hasam gyzyl, öçüksi görünýän Rejep hahahaýlap güldi. Onuň gülküsi. Ümsüm, ses-sedasyz gijede hasam ýakymsyz eşdildi.

– Bilýäňmi, milisede hem ogry-jümrüleň arasynda ýörgünli bir gep bardyr: «Tutulmadyk ogry däl» diýýändirler.

Men indi içgili pyýada bir zadyň üstünden barmasa kaýyl bolup başladym. Garaşyşym ýaly, ol syrtyndaky gaýyş gapdan sapançasyny çykardy. Aýyň ýagtysyna nili lowurdap duran sapançany onuň elinde görüp süňňüm gowşady. Aýaklarymda ysgyn galmady. Rejep welin, göwni bir ýaly onuň tutaryndan içi okdan doly magazini çykardy. Onuň içindenem dört sany oky çykaryp aýasynda goýdy-da «gör» diýýän äheňde maňa tarap uzatdy.

– Ine, şuňa ok diýýäler. Sen entek muňa düşünmersiň. Aslynda, bu zatlary saňa nähak gürrüň berdim.

Onuň aýasyndaky oklara jadylanan ýaly seredýädim. Ol gysymyny gysdy. Belki, kiçijikkä bugdaý dänelerinem gaçyrmajak bolup gysymyna şeýdip gysandyr?! Oklary howlukman yzyna, magazine dykyşdyryp durşuna Rejep:

– Sylaba welin, çynym bilen minnetdar. Ogulgüle öýlenenim, abraýly, goragly, ýanyň ýaragly işim, uruş ýyllary işimiň arkasyndan uly il iýere zat tapman sarun iýende-de horluk görmänim, her şatlygym, begenjim, hatda gülküm üçinem minnetdar. Elimden gelsedi, ol akmaga ýadygärlik galdyrardym. Inijik, seň ýüregiňe düşäýen-ä däldirin? Bagyşla, bir azajyk içdimem, joşdumam. Öňem biri «Içýänime içim ýanyp içýän» dýýämi, menem şoň ýaly gürleýänime içim ýanyp gürleýän.

– Ekzýuperi.

– Näme?

– Öňem biri diýýäniň.

– Aý, ýoga. Özüme Ekzýuperini okan ýeke milisiýa işgäridirin öýdýädim.

Ýene az salym sesimizi çykarman ýöredik. Aý zergär kimin dünýä altyn çaýýardy.

– Özümiň-ä ýüregime düşdüm. Pikirlenip görsene – tutulmadyk ogry däl, gaçanam Alla diýer, kowanam. Bolmanda gaçýan şeýtany çagyraýjak ýaly-da welin, gör, ikisiniňem Alla diýşini. Ikiňem şol bir zada sygynýan bolsaň, onda gaçmakda, kowalamakda näme many bar?! Şeýle dälmi? Näme diýselerem olaryň biri dilinde Alla diýse-de ýüreginde şeýtany çagyrýandyr-laý. Aý, esasy zat ele düşmeseň boldugydyr-da. Munuň Allasam şol, şeýtanam. Menem Alla diýdim, Sylabam...»

Ýoldaşym ýene dymdy. Belki, meň bir zat diýerime garaşandyr. Dogrusy, menem indi onuň dymanyny kem göremokdym. Emma ol uzak dymmady. Bilmedim, eýýäm näçinji çilimini otlanýanyny, otluçöpüň çöpüni ýanyp gutarýança elinde saklap, onam birinji gezek görýän ýaly synlap durşuna:

– Bilýäňmi, biziň çagamyz bolanok. Öýlenenim sekizinji ýylyň içi, ne ogul, ne-de gyz – hiçisi. Barmadyk dogtarymyz, etmedik emimiz galmady. Ahyry ejem osmakladyp, Sylabyň garry ejesini razy etmelidigimi aýtdy. Bir palça «Birini gaty erbet ynjydypsyňyz, şoň razyçylygyny almasaňyz perzendiňiz bolmaýa» diýipdir.

Gitmejek bolup kän gezdim. Soň öz göwnüme-de palçyň gepi dogry ýaly boldy durdy. Şol wagtlar Sylabam düýşüme girdi. Düýşümdirem öýtmän, derrew oň bilen razylaşjak boldum. O welin, razylaşmady «Git, ejemi razy et» diýdi. Hopugyp oýandym. Bu düýşden soň birden-birden dünýäni unudyp, asmandan gaçan ýaly, ähli zady geň görüp, akylym haýran oturmany çykardym. Ogulgül görgüli «Näme bolýa, gyýw, saňa?» diýse-de «Aý, bilmedim, töweregim, bar zat düýş ýaly» diýýýän. Gijeler oýanyp, «Wah, şu wagt enem jan gelsedi, meni Bibi Patma janyň ýoluna çykarsady, biziňem ýekeje çagamyz bolsady. Ogul gyz diýjek däl, öýden bir arlygyň ysy gelsedi» diýýän. Mesele çagada-da däl. Çaga meniň üçin aklawjy. Düşünýäňmi ejem osmakladyp, aňar ýaly edip maňa Sylaplara git diýýä. «Sylabyň ejesiniň ýüregine bitmejek ýara saldyň, git isle janymy al, isle bagyşla diý» diýenok. Ogulgüliň sesini çykarman seredişini bir görsediň. Olam gujagyna çaga almaýanyny menden görýä, ýöne ýeke agyzam dil ýaranok. Bolmanda adam: «Bolar, işalla, sabyr edeli» diýer. Men göwünlik beren bolsamam artykmaç bir zat dilinden sypar öýdüp gorkýan ýaly, derrew gürrüňi üýtgedýä. Ahyry oba gidip, Sylabyň ejesini görmegi ýüregime düwdüm.

Lenin bagyna-da geldik, gel şu oturgyçda oturaly. Hemişe-de oturýan ýerim şü.

Biz ýokarda asylan elektrik çyrasynyň yşygynyň ýapraklaryň arasyndan alarak düşýan oturgyçlaryň birinde oturdyk.

– Hawa, ahyry obamyza gitdim. Milise eşikli gideýin diýdim. Kim bilýär, näme-de bolsa şu eşigem goraýa-da. Syrtymda-da pistoledim. Obamyz tanar ýaly bolmandyr. Ýer yranandan soň täze ýere göçüpdir. Hatar-hatar jaýlar. Tok çekilipdir, krandan suw akyp dur. Annaberdi agsagam kolhoza başlyk bolupdyr. Garaz, soraşdyryp Sylaplara bardym.

Sylabyň ejesi Amanbibi eje garrapdyr, gözleri kütelipdir, meni tanamady. Kim bilýär tanasy gelmedigem bolsa belli däl. Gapylaryndan «Salowmaleýkim» diýip girenimden ýalňyşanymy bildim, ýöne yzyma dolanmaňam ebeteýini tapmadym. Niçigem bolsa, tanaýan däldir diýip: «Meni siziň ýanyňyza Rejep iberdi. Amanbibi eje razy bolsun, meň başga alajym ýokdy diýdi» diýen boldum. Pahyr «Kim Rejep?» diýýä-dä. Menem näme diýjegimi, nädip düşündirjegimi bilemok. Soň birden özi içini çekip, «Hih! Omy?» diýdi. Sakawlap «Şeýtmese, oň özünem urşa aljak ekenler... razy boluň, Amanbibi eje» diýdim. Ýer ýarylmady, men girmedim. «Şu diriligimden urşa gidip ölenem bolsam gowy bordy» diýen pikir ilki gezek Sylabyň ejesiniň öňünde oturkam oňurgamdaky ýülüklerimi sanady. Görgüliň garryja, horja barmaklarynyň sandyraýşyny bir görsediň. Adam ýaly binamys mahluk ýokdur. Ne turup gidip bilýän, gara dere batyp, ölübilmän otyryn.

«Hä, oň bilen bile işleýäňmi? Bilýän janym. Indi hemmesine-de düşünýän. Neressämiň kysmaty şeýle bolmaly, okdan ölmeli eken. Ýogsa, şonça ýoly geçip, tutulman-gapylman, gapyň agzyna gelende-de şoňa duşaýmalymy? Boljak işe çäre ýok diýleni. Ýöne bir didaryny ganyp-ganyp görüp bilmedim, käsejigine çaý guýup berip bilmedim, şoňa neme edýän. Alla ony gorajak bolup, ogluma şonça ýol geçirenem bolsa bize bilme ýok. Allaň işine akyl ýetýämi, köşek. Kä wagt ýeke özüm çagamy ýatlap oturýan-oturýanda pikir edýän, her zat göwnüme gelýä. Işanyň itinem bihal görme diýilmänmi, o-da Işan janymyzyň agtygydy-da. «Şehit çagam, oňa sebäpkär bolup, sogabyny artdyrandyr, belki» diýibem özümi köşeşdirýän. Öňi-soňy ölmeli. Ömür diýlen ölüme barýan ýodajyk ýalydyr-da, janym. Ýöreseň gutarmajak ýol barmy?! Ýolunyňam, ýodasynyňam sadagasy bolaýyn, ýöne berenje ýolunda Özi azaşdyrmasyn. Razydyryn, men ölýänçäm oba göçüp gelmese bor...»

Amanbibi ejäň keçäň gülüni gasyn-gasyn bolup giden süýem barmagy bilen dyrmap, başyny galdyrman aýdan bu sözlerini diňlämden soňam utanjyma şo ýerde takga janym çykaýmalydy, çykmady – turup gaýtdym. Mundan-a agamyzyň ganyny aljak diýip inileriniň biri böwrümden ak saplyny geçiren bolsady... Görgüliň ogluny, Sylap dostumy ikinji gezek öldüren ýaly boldum. Ak gyňajam daňynypdyr welin, edil garry enem-dä. Öwrüp-aýlap itsiňem diýip goýberdi. It bolsaň it diýilersiň-dä. Ýeri bir käse çaýy guýup berdiň näme, bermediň näme, iki arada bir adam ölümden gutuldy ahyryn. Hakykatdanam, Sylap, sen sogap gazanansyň, eger sogap diýlen zat bar bolsa.

Birdenem ýalt edip ýoluň gyrasyna seredenimi duýman galdym. Bir wagtky suw tutýan pilimi taşlan çaýyrlygymy göräýerin öýtdüm. Göwnüne pilim oklan ýerimde ýatan, öňümdenem egni köne güpbüli, saç-sakgal basan Sylap çykaýjak ýaly boldy. Emma çaýyr-da galmandyr, pilem. Çyksady öňüne düşüp öýlerine alyp barsadym, ejesine buşlasadym. Soňam bile urşa gidip, gar ýassanyp bileje ölsedim. Öňki öýmüziň ýerem garalyp bildirip dur. Ekenje tudumam öňksi ýaly ýapraklap otyr. Gaýta ýognapdyr, ulalypdyr. Onuň sagdynlygyna gözüm gitdi. Atamam şo ýerden tutup alyp gidipdiler. Dişim agyranda-da enem bilen ho tarapa gidipdik...

Hawa, garaz obamyzdan bahymrak daşlaşanymy kem görmedim. Şol wagt niredendir bir ýerden çykan ykmanda köpegem alkymyma geldi-de ýüzüme jiňkerlip durberdi. Hor düşen itiň myrtar sypatyndan dünýäm öňküsindenem beter daraldy. Oň perişan, betnyşan sypatynda özümi gören ýaly boldum. „Ýit!“ diýip, ýerden kesek almak üçin egildim. It seňkildäp gaçmak bilen boldy. Menem papagymy piserdip şähere gidýän uly ýola tarap haýdadym. Syrtymdaky pistolediň gatysam endamyma batyp gidýärdi. Ony çykaraga-da çekgämden ýeke oky goýberäýesim gelýärdi hem hakykatdanam şeýdäýerin öýdüp, adamly ýola garşy ýeňkildäp, aýak aldygyna ýöreýärdim.
Rejep esli salym dymyp oturdy. Näme diýjegimi bilmesemem dymyşyp oturmak agyrdy.

– Oba gidip-geleniňe kän wagt geçdimi?

– Ýok. Şu gün üç gün.

Rejep birhili ajy ýylgyryp maňa seretdi-de:

– Entek, Sylabyň ejesiniň razyçylygyndan soň çagamyzyň boljagy-bolmajagyny bilere wagt geçenok – diýdi. Soňam egilip ýerden bir daşjagaz aldy-da elinde oýnan bolup, soňam ony garaňkylyga zyňyyp goýberdi.

– Ol gyzylja bugdaý dänelerini guşlar ýeke-ýeke çöpländir, garynjalar hinlerine daşandyr. Meňem uly iliňki ýaly dişim agyrsa, bir gije gören düýşüme şeýle ynanmadyk bolsam bolmaýarmy?! Atam atylmadyk bolsa, belki, takdyr diýilýäne menem ynanardym. Urşa-da giderdim. Kim bilýär ölmän dolanybam gelerdim. Ölmedim-ä, urşa gidenem bolsam ölmezdim. Ähli zady, Sylaby tutduranymam delile getirýän, ýöne oň ejesiniň ýanyna gidenimi welin, hiç bagyşlap bilemok. Indi garrap ölýänçäm her gije diýen ýaly Sylaby tutdurşymy, ejesiniň keçäni dyrmap oturşyny göz öňümden kowjak bolup ýörmelimi? Meň bar edenim Allaň ýaradan dünýesini, beren diriligini söýdüm. Ähli kişiden aşa söýdüm.

Rejep ýüzüni tutdy. Men onuň näme diýjek bolanyna birbada düşünmedim. Birdenem ol başyny galdyr-da Leniniň ýadygärligine tarap ümläp:

– Ýok-laý, hon-ha akylly adam. Durmuş hakykatdanam göreş. Ýazgydyňam şol, kysmatyňam, takdyryňam. Şonda-da ejizlenäýýä-dä... – diýdi. Göwnüme biçäre ýigidiň gözüne ýaş aýlanan ýaly göründi. Niçigem bolsa, ýoldaşymyň ýüzüne seredip bilmän, ol «göreşjeň» adamy öň görmedik ýaly ýadygärlige bakdym. Onuň elini Gündogara tarap uzadyp durşy-durşudy. Birdenem onuň elini uzadýan tarapyndan bir zenanyň orsçalap «Kömek ediň!» diýip gygyrýan sesi eşdildi. Rejep zöwwe ýerinden galdy-da ses çykan tarapa ylgady. Menem iki ädim yzynda. Gykylyk bagyň garaňky burçundan gelýärdi. Rejebiň sapançasyny çykaryp, gürmege girenem şoldy welin, «tark!» edip tüpeň sesi çykdy. Ol böwrüni tutup öňüme ýykyldy. Ony tutbam ýetişmedim. Oňa çenli saryýagyz maşgala çirkin gygyryp ýagta gaçdy. Onuň turup gaçan ýerinde harby eşikli ýognas kişi eden işine puşman edip, başyny tutup otyrdy. Ol gaçjagam bolanokdy. Aýyň ýagtysyna onuň hälki restorandaky harby eşikli gyzyl pyýadadygyny tanadym. Sapançasam bir ädim gapdalynda ýatyrdy. Ondan elli bizar Rejebe ýapyşdym. Onuň böwrüni tutup duran eli ganyna boýalypdyr. Biçäräň başyny galdyrdym. Ol kepän dodaklaryny müňküldedip çalaja: «Ok... ok...» diýip gaýtalady.

...Lukmanlar onuň damarlak eliniň aýasyny zol açýardylar, ol ýene gysýardy. Göwnüme Rejep bugdaý dänelerini gaçyrmajak bolup gysymyny gysýana meňzedi. Mümkin, Işan agaň Rejepmuhammetjiginiň aýasyna gyrmyzy bugdaý däneleri batýandyr. Üstesine-de onuň şeýle bir dişi agyrýar welin, agyry tutuş göwresini büküp barýar. Agyrynyň diş agyrysyndan has agyr ýaradandygynam bilenok. Bilmänem jan berdi.

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: http://www.ekizler2.com/index.php?q=1&ac=posts&id=8
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 255 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 27
avatar
1
1 Medicall • 23:56, 23.11.2023
Ok!

Sylaba Baýrow sataşmanda bolmaýamy diýdirýar.

Amanbibi ejäniñ giñ, geçirimli sözleri, ahwaly ýürekgyýyjyy...

"Namatja olam, sagja olam" edip ýaşajak bolupdyr-da Baýrow neresse..

Hydyr aga, agramly hekaýasy üçin sagbolsun, ömri uzak bolsun!

Paýlaşanyñyz üçin sagboluñ!
avatar
2
2 Hydyr • 11:01, 24.11.2023
Hoş sözleriňize sag boluň
avatar
2
3 sussupessimist • 15:13, 24.11.2023
Hekaya meň gowy görýän temalaryma yazylan. Galagoply döwür (1937-38), jemgyyetdäki gorky, birek-biregi "satmak medeniyeti" (культура доноса), jenayat hem jeza...
Şu günem yigitler bilen bu eseriň gürrüňini etdik. Ol gürrüňlerdenem bir zat belli boldy: Bayrowyň atylyan sahnasy - barymyzyň aňymyzda salgyma çalymdaş solgun yatlama bolup galypdyr.

Şu wagt hekayany gaytadan okap görsem, ony bir serhoş esgeriň Lenin bagda atyp öldürenligi eyyam birinji sözlemlerde aydylyan eken. Yöne, serhoş bolayanda-da, name uçin atyp öldürdi, nadip beyle boldy - düşnüksizligine galyar (alkogolyň yeke özi - edebiyatda yeterlik motiw däl yaly).
Eseriň gowy taraplary (iň agramly yeri - gozgayan temasy) okyjylara gönumel duylup durandyr. Meselem, eserdäki bumerang motiw (şol ok islendik yagdayda Bayrowa degmelidi, sebabi şonuň ucin guylupdy), öz bagtyň üçin başga birini gurban etmek motiwi... Olar hakda aydyp oturmagymyň hajaty yok. şonuň ucin gowy taraplaryny gõzden salyar, yöriteläp kemçilik gözleyär diymäweriň. Yöne meni iňkise gidiren yerleri hakda pikir alyşasym geldi (hernä, awtoryň özem bu sahypa giryan eken).
Ilki hekayanyň yazylşyndaky stilistik tarapa degip geçesim gelyàr. Wakalaryň beyan edilişinde klassik proza mahsus suyndurmeler, söz köpeltmeler bar yaly duyulyar (hasam yadaw wagtyň okanyňda). Meselem, wakalaryň gaty yönekeyjedigini duydurmak ucin – onuň yöntemdigi, çylşyrymly daldigi... garaz, söz tygşytlap bolayjak yerinde bir pikiriň daşynda üc aylaw edyär:

"bar zat şeýle ýöntem, edil göle çopanyna Eýnşteýniň otnositellik kanuny düşündirmäge çalyşsaň ulanaýjak mysallaryňa, düşündirişleriňe meňzejek. Şeýle-de bolsa ol düýşi, has dogrusy basyrganmany gürrüň bermän geçmek mümkin däl. Beý diýsem, gürrüň berip-bermez ýaly uzyn ýa-da bulam-bujar, düşnüksiz bir zatdyr öýtmäň. Ýok, gaýta tersine, şeýle ýönekeý,..."

Ustesine-de otnositelligiň kanun däl-de, teoriyadygyny Hydyr aga, elbetde, bilyandir (unssuzlik bolsa gerek), hemem ors sözüne -lik goşulmasyny tirkemage derek, oňa türkmençe aňlatma beren bolsa gowy bolardy (degşirme teoriyasymyka, Yaran Yagmyrowiç?;)

Kabir böleklerinde şol bir sözleriň hatda yzly-yzyna gaytalanyp ulanylan yerleri bar. Awtor eseriň şol yerlerinem taraşlasa kem bolmazdy. Mysal ucin, şu sahnada razylaşmak bn duyş sözleri gaty kan gaytalanyar:

"... bir gün Baýrow Sylaby düýşünde gördi. Düýşüdirem öýtmän onuň bilen razylaşjak boldy. Razylaşmak nirden ýadyna düşdi diýsene, megerem düýşündedigi üçindir. Sylap welin, razylaşmady «Git, ejemi razy et» diýdi. Hopugyp oýanan egni ýyldyzly emeldar ýigit bu düýşden soň..."
avatar
2
4 Hydyr • 15:44, 24.11.2023
Bellikleriň üçin sag bol. Ýöne bu hekaýaň birküç warianty bar. Bu wariantda aýdylmadyk ýeri Baýrow ýaş milsioner bilen Aşgabatdaky "Gorka" restoranyna barýar. O ýerde-de bir ofiser bn ýaş rus gelni iýip-içip otyrlar. Soň milisionerler tirkeşip gidýärler. Lenin bagyna barýarlar. Şol ýerde-de hälki ofisser bagyň gür ýerinde gelne degjek bolýar. Gelin gygyrýar, Baýrowam ylgap barýar. Şo ýerde-de ony ofisser atýa. Bogazyna sygdygyndan ok diýibem gygyranok. Diňe pyşyrdap aýdýar. Ofiseriň ýaraglydygy restoranda otyrkalar aýdylýar. Soňky ölmezinden öň ýany görýän düýşem ýok. Garaz, hekaýaň ýeke wariantyny goýmalydy welin, harsallyk hem kompýuterlerdedigi sebäplii bozmandyryn. Köp sözlülik bar, bu dertden häzirem kösenýän. Inşalla ahyrky wariantyny taparyn (tapyp bilsem) gerek hasaplasalar Mango dagy goýarlar. Ýene bir gezek sag bol.
avatar
1
5 sussupessimist • 15:47, 24.11.2023
Indi syuźete seretsek...
Yaňy 37-38-nji yyllar - adamlaryň birek-birege şugulçylyk eden ya bigünälere töhmet atan günler geçip gitdi. Uruş gidip durka-da NKWD hiç yere yitirim bolanok, işini dowam edyàr.
Ine, urşa giden bir yigidem frontdan dezertir bolup gaydyar. Ol öz obasyna yetmek uçin kan adamdan bukulyp gaytmaly bolandyr, elbetde - frontowik yoldaşlaryndan, ofiserlerden, yaňky edaralardan... Yolda fronta tarap baryan müňlerçe adamlaryň akymyna ters yöràp baryan esger islendik kişide şübhe döredip biler. Dezertirligem agyr jenayat.
Gürrüňiň türkmen obasy barada baryandygyny göz öňüne tutsak, ara hasam uzak bolmaly. Ol ahli seresaplygy berjay edip, oba gelayende-de, bu yerde ony gòrseler, tussag etjekdikleri düşnükli. Sylap bolsa namuçindir hiç kimden bukuljagam bolanok. Gaytam òňünden çykan Bayrowa: "Aý, obamyzy, ejemi-kakamy göresim, olar bilen ýekeje käse çaýy bile içesim geldi. Gaçyp gaýtdym..." diyip dur.
Dezertirler baradaky okan eserlerimiň barysynda olar bukulyp, diňe iň ynamdar adamlarynyň (ayallarynyň ya ejeleriniň) gözüne gòrnüp, bukulyp oturyarlar (Çingiz Aytmatowyň - "Лицом к лицу" hekayasy, Walentin Rasputiniň "Живи и помни", Fazil Iskanderiň - "Софичка" powesti...) Òzlerem ençeme müň kilometr yoly gizlin aşaymak, uruş gidip durka aňsat zad-a daldir.
Garaz, Sylabyň hereketleri - dezertirligiň mantygyna ters gelyär. Yone bu zatlaryň düzetmesi aňsat.
Bayrow bukulyp yoren Sylabyň totanden üstünden baryp, Harçenko habar yetirse... mesele yapylyar.
avatar
1
6 sussupessimist • 15:50, 24.11.2023
Hekayaň iň guyçli detaly - öljek bolup yatyrka elindaki gallyusinator bugdayy gysymlayşy.
"... lukmanlar bolsa onuň damarlak eliniň aýasyny zol açýardylar. Ol hem däneleri gaçyrmajak bolup gysymyny gysýar..."
avatar
2
7 Hydyr • 15:54, 24.11.2023
Ýok, ýene bir takyklama bereýin. Ol frontdan gaçyp gaýdanok. Bärde tylda, obasyndan daşda bolmadyk bir ýerden gaçyp gaýdýar. Ony delillenndirmek aýdyşyň ýaly kän kynam däl. Bagyşla, özümi aklajak bolýan ýalam bolýan.
avatar
1
8 sussupessimist • 15:56, 24.11.2023
Eserleriňizi (has gowsy - gutarnykly hem doly wariantyny) paylaşyp duruň, Hydyr aga. Ylhamyňyz joşup dursun, has takygy, durman joşsun!
avatar
1
9 Мango • 16:03, 24.11.2023
Hydyr aga.
hekaýada ol tyldan däl, frontdan gelýän ýaly.

"Bir aý bäri ýolda. Hernä tutulmadym. Hany gel, elleşeli-le, how. Seýidem öldi. Ikimiz bile top atýadyk... Öýlerine habar etmeli. Ýa habar aldylarmy?

– Ýok. Ataly agaň oglyna diýýäň dämi?

– Hawa. Aý, Baýrow jan uruş ýaman zat.

---
2-3 wariantyňyň bardygy ýeser eken. :-)
avatar
0
10 Kyyas • 22:55, 24.11.2023
Bu ýerde gowy hekaýa añlatmasy, Hekaýada fantaziýañy islegiñçe ulan, taryhy waka sähel baglanşdyrsa ýeterlik.
Baýrowyñ ölmegi öñden düýş görmesi, ynanç we ulumsylyk, tekepbirlik gowy aýdyñ beýan edilipdir. Hydyr aga ömrüñiz uzak bolsun! Esasy diýmek islän zadyñyz okyjynyn anyna ýetip dur. Minnetdar paýlaşanyña Mango daýy
avatar
1
11 Hydyr • 06:58, 25.11.2023
Ýok, pespälsireýändir öýtme, atylanyň bogazyna sygdygyndan Ok diýip gygyrjagyna ynanýamyň? Men-ä ynanamok. Gowy bellikler. Soňky wariantlarynyň birini tapdym. Okap çykdym. Haýran galaýmaly, sussypesimisitiň aýdan belliklerini düzeden ekenim. Entek doly gutarylmadyk hekaýaň edebiýat kafesinde çykanyna gynandym. Oňa-da özüm günäkär, ekizlerde-de şol gowşak, ilki wariantymy goýan ekenim. Käte howlugan bolýan, käte gomparan bolýann... garaz, işimi ham edäýýän-dä. Kafeň okyjylaryndan ötünç soraýan. Soňky diýýän wariantymam Mango dosta ibermekçi, öňküni aýyryp soňkyny goýsa begenerin.
avatar
1
12 sussupessimist • 11:07, 25.11.2023
Gynanmaň onuň uçin, Hydyr aga. Edebiyat bir proses ahyryn. Menem ol bellikleri sizi gowşak yazyjy edip gorkezmek üçin däl, hekayany has kämilleşdirip biljek guyçli awtor hasaplayanym üçin aytdym. Üstesine-de, bu meniň şahsy pikirim (bmşp diyip gysgaldan bolyan köplenç muny), ony kabul etmanem bolar.

Umumanam, (muny eyyäm awtorlaryň ählisine yüzlenip aydyan): tankyda - döwmek diyip düşünmeli däl, bejerişmek diyip düşünmeli. Ony kemsitmek üçin çommaldyp görkezilen barmak däl, goldaw üçin uzadylan el hökmünde kabul etmeli. Tankytçy elini käte yylgyrybam, käte gaharlanybam uzadyp biler ("bolup yörşüň näteňeday?" diyip gatyrganyp), yöne eliň uzamagynyň òzi eyyam seniň peydaňa.

Hekayanyň soňky, üytgedilen wariantyna sabyrsyzlyk bn garaşyan, Hydyr aga.
avatar
1
13 sussupessimist • 11:10, 25.11.2023
Bey diysem, özümi hile bir tankytçy hasaplayandyryn öytmäweriň. Men häki bir edebiyat muşdagy.
avatar
1
14 Hydyr • 12:56, 25.11.2023
Ýok, inim göwne alar ýaly zat ýok. Bellik edeniňe, biparh, bolýa-laý diýip geçip gitmäniňe begenýän. Dogrusy, bu hekaýaň ýazylany 2000 ýyllaryň başy, ondan bäri tas 25 ýyl geçip barýa. Şonda-da okalýanyna begenýän. Waka-da bolan waka. Men sähel çeperleşdirdim, oňarşymdan. Beýleki wariantlaryny pozaýmaly welin, etmändirin. Bolýa, sab bol, minnetdar.
avatar
1
15 Medicall • 13:07, 25.11.2023
@Hydyr Aga, hiç gynanmañ, gaýta biz iki wariantynam okarys bahana bilen, bulam gowy. Eger şu postda öñkiniñ içini aýyryp ony goýaýyñ diýseñizem, ýa-da bu durubersin başga post açaysynlar diýseñizem Siziñ aýdanyñyz bolar. Ýazyp, ýetirip we biz bilen pikirleriñizem paýlaşyp duruñ!
Allaýalkasyn!
avatar
1
16 Hydyr • 13:10, 25.11.2023
Ýok, gyzym, kafe siziňki, özüňiz nähili makul görseňiz maňa şol bolýa. Hormatyňyza sag boluň.
avatar
2
17 Мango • 14:01, 25.11.2023
Hydyr agaň täze ibereni bilen çalyşdym.
häzirki duran soňky original wariant.
Hydyr agaň saýta gelip durýanyna begenýäris.
ol hem okujysy bilen duşuşmakdan begenç duýýandyr (diýip pikir edýän).

Gowy görýän hekaýalarymyň biri.
avatar
0
18 Şygryýetiň_aşygy • 14:18, 25.11.2023
Bagyşlaň welin, hekaýa bolsun, goşgy bolsun 2-3 wariantda ýazmak gerekmikä? Eger Gurbannazar Ezizowyň «Serpaý» goşgusynyň, ýa-da Magtymguly Pyragynyň «Bilmezmiň» goşgusynyň 2-3 warianty bolsa, nähili bolar?! Eser eserdir-dä, ýazdyň, ile ýaýdyň, wessalam! Döredijilik tehnika däl ahyryn, her aýlawda bir ýerini üýtgedip, kämilleşdirip, dürli görnüş edip oturar ýaly.
avatar
0
19 Мango • 14:25, 25.11.2023
hekaýaň birnäçe wariant bolanynyň sebäbi düşündirdi awtor.
avatar
0
20 Şygryýetiň_aşygy • 15:42, 25.11.2023
Okadym. Emma okyjy dürli wariantdaky hekaýlaň ýanyndan düşündirişlem okamasa alasarmyk bolaýmasa. Haýsyny makul görseň, şony okyjylara ýetirseň gowy bolar.
avatar
1
21 sussupessimist • 17:57, 25.11.2023
Birnaçe wariant diyip, yalňyş düşünensiňiz. Birnäçe redaksiya bolya. Eser ilki yazylyar, soň awtor onuň üstunden işleyär, düzedişler girizýar. Awtoryň ozunde bir faylda duryar eser. Yone onyança kimdir birine okamaga berensoň, il içinde onuň heniz düzediş girizmedik warianty "gezelenç" edip-edip, ahyrsoňy şu kafe gelyär.
Garaz, gutarnykly wariant diyip, awtorskiy wersiyada kitap bolup çykanyndan soñ diyip bileris. Gurbannazaryňky çykdy. Magtymgulyň golyazmada barlary - golyazmadan dogry goçurilen bolmagy ahmal, yone il içinden, bagşylardan yygnalan goşgularynda-da iki-yeke söz tapawudy gabat gelyändir (şonuň yaly yagdayda kitaplarynda çykgyt goyyarlar - "şeyle wariantam bar" diylip).
Ya-da, yene bir mysal, Mätäjiniň "Onda bar" diyip bilyän goşgym kä yerde "Munda bar" diylip çykarylyar. Nirde barka diyip gezip yörün henizem...
avatar
0
22 Medicall • 12:15, 27.11.2023
Hydyr aga, bu ýer ählimiziñki, Sagboluñ, Barboluñ!
avatar
0
23 sussupessimist • 13:03, 27.11.2023
Bu gutarnykly yagdayynda eser has guyçli. Sylabyň bukulmazlygam indi mantykly - bile ulalan oglanynyň sözüne ynanyar – bu-da onuň juda sadalygyndan. Rejep aytmyşlayyn: "Kim oňa gaçgak halyňa öldüriljek göle ýaly yzyma düşüp milisä bar diýdi?" Aslynda ynamyna giren dosty diydi welin, bolyar-da...

Hekayada meniň kän bir ynanmayan, yöne awtoryň dünyägarayşyny açyp görkezyän bir zat bar - oňa ha fatallyk diy, ha kysmat diy.
Bu - iru-giç okdan ölmeginde, ondan öňem züryatsyz kösenip yörşünde yüze çykyar. Durmuşda kän kişiniň gandary bolan, kän eneleri züryatsyz galdyran jellatlarda hem birgiden çaga dogyar, ile diňe yagşylyk edip yören adamlaryňam çagasyz kösenip yörenleri-de az däl. Yöne edebiyatyň adamy terbiyeläp biljek ukybyna ynanyan yazyjylar munuň yaly şertlilige yüz urmaly bolyarlar. Bu gowlugamy ya erbetlige, onçasyny bilemok.
Kä kişide şeyle detallar umyt döreder – hanha, ne gözel yigidi beydeni ucin özem jezasyny çekip yör diyer. Kä kişi bolsa her dürli deyyuslaryň bagtyyar, abrayly, mes yaşap-ölüp gidişini görüp - edebiyata bolan ynamyny yitirer ("bular häki bir erteki" diyip pikir eder).
avatar
2
24 Hydyr • 11:31, 29.11.2023
Aslyndа, artykmaç bolmagam mümkin, ýöne bir zat aýdasym gelýär. Edebiýatda, kinoda, hudojnikleň suratlarynda, umuman sungatda nastroýeniýe, howa, atmosfera, fon... diýen ýaly bir zatlaram bolýanyny bilýänsiň. Aýtjak bolýanym her bir zatda many bolmaýar. Many gözleseň ýalňyş bolýar. Ol adamyň çagasynyň bolmaýandygynyň üsti bilen "siz şeýle adam bolsaňyz çagaňyzam bolmaz" diýen ýaly manylar çykarmak gönümel, morta bolýar. Onuň çagasynyň ýokdugy, okdan ölmegi we ş.m. wakalar suwuň akyşy ýaly bir zat. Ol adam okdan ölmänem biler, birgiden çagalaram bolup biler. Çagalary abraýly ýa-da norkoman bolup yzy ýitibem biler. Wakalara biraz ýokardan seretseň dogry bolýar. Markesiň "Sto let odinoçestwa" eserini okansyň. Onda aýdylýan zatlaryň, bolup geçýän wakalaryň giňligi, köp taraplylygy haýran galdyrýar. Ýene-de göni, morta düşünseň bul-a her zat etjek özüni aklajak bolýar-ow" diýip bolar. Hakykatda welin, beýle niýet kelläme-de gelenok. Dogrymy aýtsam, edebiýat, sungat hakda gürleşesim, içimi dökesim gelýär. Edebiýatda-da sungatda-da täzeçillik diýip bir zat bar. Köp kişi şoň tarapdary. Magtymguly beýlede dursun indi Gurbannazaram köne şahyra, köne edebiýata öwrülip barýan ýaly. Şu "täzeçillik", "köneçillik" hakynda-da gürleşesim gelýär. "Услышешь ли глазами голос мой" diýýän Şekspiriň hiç könelmeýşi hakynda, ýa-da "Gark bolup gaflatda ýatma", "Hesretiň gara deňzinde gark bolup ýörüşiň seniň" ýaly täsin setirleriň asla könelmejegi hakynda gürleşesim gelýär. Eger sende-de şeýleräk höwes bar bolsa poçta adresim h.amangeldi@gmail.com
Bellikleriňe ýene bir gezek minnetdar.
avatar
0
25 Mekan2 • 12:10, 29.11.2023
Ỳok, beýtmäweriñ, please, biziñem diñläsimiz gelýä. Bärde gürleşiñ. Sesimizi çykarmanjyk oturyp diñläris.
avatar
1
26 Medicall • 12:17, 29.11.2023
Hydyr aga, menem @myhmanyñ aýdanlaryna doly goşulýan, bärde gürleşiñ, biz geplemänjik oturarys)))
avatar
1
27 Hydyr • 13:00, 29.11.2023
Ýürege düşmejek bolup poçta adres goýdum. Maňa gaýta sizem goşulsaňyz, soraşsak birek-birekden, jogap alyp berişsek, oňa ýetsi zat ýok.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203