Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:37
Gülüp bilmesem…

GÜLÜP BILMESEM…

Neneň-niçik boldy anyk ýadyma düşenok, pesinden 15 kişi dagy bolup güýzüň güni biriniň daçasyna ýygnandyk. Iýildi-içildi. Hemmämiz biri-birimizi gowy tanasagam, dürli-dürli dünýedäki adamlardyk. Aramyzda 25–30 ýaşlymyzam, elliden geçenmizem, içýänimizem, içmeýänimizem bardy. Mümkin şonuň üçindir, ýomak aýdyşmak başlandy. Muňa ökdelerimizem bardy, meň ýaly asla başarmaýanam. Näme üçin beýlekä, töweregim içini tutup gülüp ýatandyr, men bolsa özüme zor salyp ýasama gülýärdim. Käte töweregimi ýasama gülkim bilen aldasam, käte başarmaýardym. Başarsam ýene ýagşy, başarmadyk gezegim özümi gaty oňaýsyz duýýardym. Birhili aýyp iş eden, ogurlykda tutulan ýaly . Garaz, töweregimdäkiler hezil edýärdiler, men bolsa görgi ýamanyny görýärdim. Içimden “Näme üçin beýlekä? Ýogsa men degişmäni bilmeýän, degişmä düşünmeýän düňled-ä däl” diýip pikir edýärdim. Bu bolsa hasam degişmä düşünmek duýgymy küteldýärdi. Has beteri hem her kim bolşumy geň görüp maňa seredýän ýalydy. Turup gidesim gelýärdi, emma giçden soň, şäherden, öýden uzakda nirä gitjek?! Gaýdarman bolsaň hasam öz düňleligiňi boýun alan ýalam görünjekdi. O jaýa geçeýin diýere, üýşüp ýatan jaýam ýok, ýanyňa ýoldaşam tapyljak däl. Diňe ýasama gülmeli, başga hiç hili çykalga ýokdy. Ahyry, ýatyldy. Her kim gülüp-gülüp surnugansoň derrew uka gitdi. Diňe men içimi hümledip uklap bilemokdym. “Içimi hümledip” diýýänime dogry düşüniň, meniň ýoldaşlaryma sähelçe-de kinäm ýokdy. Olara ýüwel, ýeňles ýa-da şoňa meňzeş at dakmak aklyma-da gelmeýärdi. Özümdäki näsazlyga düşünmäge çalyşýardym, teý, düşünip bilmeýärdim. Aşa agraslygymdan närazydym. Her bir zatdan many görjek, tapjak, düşünjek bolmak ýaly häsiýetlerime gaharym gelýärdi. Özümiň daş obadan gelen zat görmedik, degişmäni, ýomagy bilmeýän yzagalak biri ýaly ýagdaýa düşýänime janym ýanýardy. Dost däl-de, ýürekdeş dost, arasyndan gyl geçmeýän dost bolasym gelýän deň-duşlarym menden şu häsiýetim sebäpli gaça durýan ýalydy. Iň ýokuş degýän zadam özümi degişmä düşünmeýän gury töňňe ýaly guraksy adam hasaplamaýanlygymdy. Eger şeýle hasaplasadym onda “Aý, meň doguşym şeýle. Näme saza düşünmeýänlerem bar-a. Menem şolar ýalyň birirdirin-dä” diýerdim, öz-özümi kösäp ýörmezdim. Dogrusy, o degişmelerde, ýomaklarda çuň many, hem gülküňi tutdurýan, hem oýlandyrýan ötgürlik ýokdy. Munuň şeýledigini gülýänlerem bilýärdiler. Bolmanda näme? Hökman “çuň many”, “ötgürlik” bolaýmalymy? Adamlar keýpine, dynç almak, dünýäni unutmak üçin gülüşýärler. Senem ile görä gül, dynjyňy al.

Gülmegem edil aglamak ýaly hemmämize mahsus, agy-garany tanamaýan wagtymyzdan hem öň bize hemra bolan zatdygyna-da düşünýän. Meniňem azrak aglap köpräk gülesim gelýär. Bala-çagalaryma-da şony dileýän. Bu ynsanyň ýaradylyş tebigatynda bar. Ynsan aglamakdan däl, gülmekden, şatlanmakdan lezzet alýar.

Ýöne bir gün Pygamberimiziň (s.a.w.) “Meniň bilýänlerimi bilsediňiz az gülüp köp aglardyňyz” diýenini okap näme üçindir ýüregim giňäp gitdi. Hamala maňa tutuklygymyň sebäbi düşündirilen, maňa arka tapylan ýaly boldum. Soň Jelalletdin Rumy, Baýezit Bestami, Zünnun Müsri, Ybraýym Edhem ýaly şeýhler, sopular hakynda ýazylan kitaby okanymda-da haýran galdym. Olar duşuşanlarynda biri beýlekisine şeýle güýçli pikir aýdar eken welin, beýlekisi gözünden ýaş döküp aglar eken.

Emma SSSR döwri birek-biregi gülüşdirmek ýoňdy. Şeýlebir “anekdotlary”, degişmeleri köp bilýärdiler, gülüşdirmekde ýaryşýan ýalydylar. Göwnüme bolmasa, näçe köp degişme bilseň, şonça seni öz adamlary hasaplap, saňa has ynamdar garalýan ýalydy. Ýöne ol degişmeler derrew ýadyňdan çykýardy. Hasan Bişriniň ýa-da Hoja Ýusup Hemedanynyň sözleri ýaly däldi.

Men özümiň degişmä düşünmek duýgymyň kütekligini aklajak bolup deňeşdirip bolmaýan zatlary deňeşdiräýýärmikäm? Salgytçylary: “Halkda berere zat ýok. Olar indi bizi görenlerinde gülüşýärler” diýende patyşanyň: “Gülýän bolsalar hakykatdan hem berere zatlary ýokdur, salgyt ýygnamagyňyzy bes ediň” diýip perman berişini bilýänsiňiz. O döwürde-de degişäýmeseň başga eliňden gelýän zat ýokmudyka? Sopularyň bolsa ýüregindäki Alla yşky içine sygman soň aglaýmasalar başga alaçlary galmaýardymyka?

Dogrusy, o döwürler Magtymgulynyň säher turup gözýaş dökmek hakynda ýazanlaryny okasamda manysyna düşünmeýärdim. Akyldaryň “Ýüzüm ýuwsam ýaşlar bile” diýmesini diňe owadan, ýüregiňi eleýji, düşnüksiz duýgulary oýarýan setirler hasaplaýardym. Düşünmek beýlede dursun, Gün dogmanka turup, alagaraňkyda aglap, gözýaşyň bilen ýüzüňi ýuwup oturmagy göz öňüne-de getirip bilmeýärdim. Sebäbi, gözýaşy diňe bigaýratlygyň alamaty, aýal gyzlara gelişän zat hasaplaýardym. Iň ýakyny ýogalanda-da erkek adamlar, aýp bolansoň, gözýaşlaryny gizläp aglaýar ahyryn. Emma elli ýaşdan geçenimden soň agynyň nämedigine düşünip ugran ýaly boldum. Allaň öňünde gözýaş dökmek bendesiniň öňünde ejizlän ýaly däl ekendigini duýup başladym. Bu hallaryň ikisinem, başyňdan geçirmeseň-de, tapawudynyň gaty uludygyna düşünmek kyn däl. Ýöne olaryň biri ruhuňy ýuwsa beýlekisi garaşman oturkaňam ýadyňa düşüp, bitmeýän ýara ýaly yza berýändgini başyndan geçirenler has gowy bilýändir. Oturýan-oturýanda öz-özüme “Agyň nämedigini bilmedik bolsaň, gülküň nämedignem bilen dälsiň” diýýän. Ýöne özüm bilmän hakyky agynam, hakyky gülkünem ýürekden küýsän bolmagym mümkin. Mümkin, küýsänim gülki bolmansoň, şol gije gülüp bilen däldirin.

Ertesi şol oturlyşykda oturşanlarymyň birine duşdum. Ol ýylgyryp: “Bäý, agşam gowy oturypdyrys-aý” diýdi. Jogap ýerine ýylgyryp oňanym ýadyma düşýär. Aglamanam, gülmänem bilmeýän dagy nätsin?!

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.aman....-------
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medicall • 07:07, 08.06.2023
Hydyr agañ ýagdaýy ýalyrak ýagdaý mende-de gaýtalanýar käte. Golaýymdakylañ ýüzleý kabul edip degişip oturanyna göwünleri üçin ýylgyrmaly, emma düýp manysynda degişmän gaýta çuñdan oýlanmaly meseläñ bardygy hakda oýlananymy duýman galýan pursatlarym bolýar.. Bilmedim, belki her zady ýüregime aşa ýakyn kabul edýändirin. Ýogsa degişmä düşünýänem. Beýle häsiýetem gowy däldir, olam dogrydyr, Ýöne degişme bar, "degişme" bar-da.. Käte degişmedir öýdüp köp zady ünssüz galdyrylýaram-da..

Umuman Nobatguly agadan şeýleräk setir ýadyma düşýär:

"biz dünýäni oýun sanyp köýýäris
Çyn sanybam halys dönýäs bijine.." (goşgy başga temada bolmagy mümkin, setirlerem başgarak bolmagy mümk8n, ýöne şeýle ýadymda galypdyr. Hydyr aganyñ gürrüñi hem şony ýatlatdy.)
avatar
0
2 Medicall • 07:17, 08.06.2023
Oýlanma oýlandyrdy, oýlanma goýlan surat ondanam beter oýlandyrdy.. ýürekgyýyjy.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203