Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:31
Gussamerk
GUSSAMERK

Soňky döwür geň keseller hakda ýazgylar, gürrüňler köpelen ýaly — stress, depressiýa, alssgeýmer… Birhili adamlar juda köpelip, olara öýleri darlyk edýäne meňzeýär. Dargursaklyk, howsalaçyllyk adamda daşyndan görünýän, göze dürtülýän ýagdaýlar. Ýöne göwnüme, synçy göz bolaýmasa kän bildirmeýän, dert bar — gussa. Häzirki döwürde göwün gussasy has artan ýaly. Belki, informasiýa, kompýuter, el telefonlary, internet… köpelendigindendir, bilmedim. “Jahan çyrşygy artar” diýilşi ýaly, dünýä-de goh-galmagal has köpelýär-de, olardanam her hili ýollar bilen habardar bolýanymyzdandyr. Biziň döwrümiziň (geçen asyryň soňky elli ýyly) adamlary bilen häzirki döwrüňkileri deňeşdirseň öňküler çölde mal yzynda gezip ýören çopana meňzeýä. Indikileň, uludan-kiçä bilmeýän zady bir barmyka diýdirýär. “Her bir gazanç şol bir wagtyň özünde ýitirmekdir” diýilşi ýaly, häzirki döwrüň adamlarynyň bu “gazanýanlary” bilen birlikde ýitirýänem kän diýdirýär. Biz muny bilýäs, şonda-da ýitse ýitsin edýäs. Şu wagtky adamlara almag-a beýlede dursun, ýöne el telefonuňy aljak diýseňem ýüregi ýarylar. Bolmalysam şeýle. Muňa garşy gitmegem, belki, kän dogry däldir. Ýöne gussamyz artyp gidip otyr. Töweregimizden ýadaýas, özümizden irýäs. Arasynda, birden nesibäň çekip çöle ýa-da daga, hat-da ýöne gül-gülälekli giň, düz sähra meýdana çyksagam hezil edýäs.

Kakam pahyr bir kesel hakda gürrüň bererdi. Keseliň ady — gussamerk. Adyndan belli, adam gussa batýar, içini hümledip, töweregine garyşyp gatyşyp bilenok. Ýuwaş-ýuwaşdanam dällireýär. O döwrüň tebipleri bu keseli şeýdip bejerýän ekenler. Olar näsaga “Öýüňden biraz uzagrakdan ýer edin, oňa-da ýorunja ek. Birem at al. Soň her gün irden atyňy münde ýorunjaly peliňe git. Suwuna seret, gülüne seret. Gaýdaňda-da bir desse oty orda, atyň yzyna basyp alyp gaýt. Onam, öýüňe gelip, atyň öňüne dök” diýer ekenler. “Gülli ýorunjaly meýdan, ony oraňdaky otuň ysy, at münmek adama melhemdir” diýerdi kakam pahyr.

14–15 ýaşlarymyzdadyk, obamyzyň ilersinde, öýmüziň golaýynda kolhozyň athanasy bardy. Giň howluda on-oki sany baýtal, ýedi-sekiz sany taýçanaklar, birem Murgap diýip höwür atyny saklardylar. Hanow aga diýip, Eýrandan bärik geçip, soňam serhet bekäp, yzyna geçip bilmedik kürt ýaşulysam olara serederdi. Gürlände dili çalgyrtdy, her iki sözünden bir “welinim” diýerdi. Bizi gaty gowy görerdi, pahyr. Biz diýýänim ekiz taýym Ylýas hem ýen birki sany goňşy deň-duş oglanlar — Hanow agaň ýanyna gelerdik. Garram bolsa, maňňal urup ýorunja ýatyrmaga ökdedi. At howlyň ilersem giden ýorunjalyk meýdan. Hanow aga ýorunja ýatyrardy, bizem olary goltuklap arabasyna ýükleşerdik. Soňam getirip höwür ata, baýtallaň öňüne dökerdik. Häzirem käte, Ylýas bilen şol öňki ýorunja ekilen meýdana, Hanow agaň at howlusynyň ýerine aýlanmaga çykýas. Bildiňiz, at howlam ýok, ýorunjaly meýdanam, Hanow aga-da…

@ Hydyr Amangeldi

çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/gussamerk-9876b50c6e1f
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 66 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 4.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 10:41, 23.12.2022
Hydyr aga indi öz aýdyşy ýaly täze ýurda göçüpdir.
gutly bolsun. gowy ýurt eken göçüp baran ýeri.
bu ýazgysyny bärde gaýtalanymada garşy bolmazmyka diýýän.
===
hawa, at howlam ýok, ýorunjaly meýdanam, Hanow aga-da, emma depressiýa bar.
gussamerk - depressiýaň tüýs türkmençesi eken.
haladym. ýagny oýlanmany.
avatar
0
2 Мango • 10:44, 23.12.2022
eşek münüp gördüm,
düýe münüp, ýykylyp gördüm,
ata welin münüp görmedim.
ýorunja ýygyp gördüm, orak bilenem, maňňal bilenem....
uf.... ana.... gussamerk başlady. :-(
avatar
0
3 Medenýet • 22:24, 21.01.2023
Adam öz özünden gussamerk bolarmy.dälireýänçä gussa batyp ýörýän däldirlaý
avatar

Старая форма входа
Total users: 203