Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:55
Sen gerekmi?

SEN GEREKMI??

“Her kim özüçe akylyndan azaşýar” diýýändirler, meňkem şoň ýaly boldy. Altmyş alty ýaşa ýetip barýarkam, dil öwrenmäge başladym. Iňlis dili kyn dilem däl diýdiler. Hakykatdanam, başda kynam görünmedi. Ýöne gitdigiçe kynlaşýar, sözleri ýadymda saklap bilemok, çalt ýadaýan, garaz, höwesim gaçyp başlady. Esasy agram salýanam “Altmyşdan soň dutar öwrenip, görüňde çaljakmy?” diýen sowal. Üstesine oglumam: “Gerek bolsa öwrenersiň” diýdi. Agtyjaklar saýraşyp dur, men welin, hyklap otyryn, sakawlabam bilemok. Olar mekdebe gidýär. Isleseler islemeseler iňlisçe biläýmeli. Mekdepde sapaklar iňlisçe, ýoldaşlaram türkmençe bilenok. Onsoň iňlisçe olara gerek, zerur. Maňa welin beýle zerurlyk ýok.

Aslynda, diňe iňlis dilimi? Dünýede ähli zat şol düzgüne görä düzülen dälmi näme? Biz diňe özümize gerek hasaplan zadymyzy öwrenýäris, gerek hasaplan zadymyza berk ýapyşýarys. Bir mysal: Çaga ejesini gowy görýär. Hemmämizem ejemizi gowy görýäris. Oňa içimizden, daşymyzdan gowy sözleri aýdýas, aýdasymyz gelýär. Sebäbi eje bize gerek. Ýuwaş-ýuwaş ulalýaň, süýtden aýrylýaň, ejeň gujagynda däl, ýeke ýatyp başlaýaň. Bu saňa ýokuş degýär. Ejeňem beter dösüňden itýär. Öwrenmeli, gürlemeli, çagalar bagyna, mekdebe gitmeli… Senem ýuwaş-ýuwaş ejeňden daşlaşyp başlaýaň. Soň öýlenýäň, özüň kaka bolýaň. Indi ejeňden hasam daşlaşýaň. Gurbannazaryň aýdyşy ýalyrak aýtsak, gelniň ýuwýar köýnegiňi, ejeň dolagyňy ýuwsa armany ýok. Indi sen ejeňe gerek. Seň welin, “göwnüň düzlerde.” Işlemeli, iş bitirmeli, iliňe-halkyňa peýdaly boljak bolýaň. Ejeňe-de “Täk seň üçin dogulmanma düşün ahyry” diýýäň. Sen ejeň garrap barýanynam kän duýaňok. Birdenem ol dünýeden ötýär. Sen içiňi tutýaň. Ejeň bagtyň ekendigine düşünýäň. “Emma seň gözleriň şol bagta zardyr. Eneň soňky demde günäňi öter, emma oň ötdügi saňa jezadyr.” Ýöne gürrüňi jeza hakynda däl, dünýäň gurluşy hakynda edesim gelýär. Hakykatdan ejäň gerekdigi, kakaň gerekdigi olar dünýeden ötenden soň has ýiti bildirýär. Şonuň üçinem olaryň ýokdugynyň, barka gadyryny az bilendigimiziň yzasyny çekýäs. Sen gerekmi? Saňa garaýyşam başga. Gerek dälmi? Ýene şoňa görä. Edil iňlis dili ýaly. Dünýäň täsin hem owadan gurluşy bar. Olar gereklik sütünine daýanýar. Sen muňa öýkeläbem oturma. Şahyryň aýdyşy ýaly “Ondan-a kelläň bilen diwary süs, ýa şah çyksyn ýa-da çiş.” Ýene-de aýdylypdyr “Gerekli daşyň agramy ýok.” Gereksiz kime gerek?! Sen eje bol, isle kaka, ogul bol hala-da gyz. Ýöne öz gerekliligiňi duýmak — bu başga. Mydama gerekli bolup ýaşajak bolmak bu-da başga. Gereklidigiňi däldigiňi kesgitlemegem adamyň özüne berilmändir. Ony käte il-günem kesgitläp bilmeýär. Ony diňe Allaň özi kesgitleýär. Şonuň üçin Ýaradanyň ýaradanlarynyň içinde artykmajy bolmaýar. Senem artykmaç dälsiň, gereklisiň. Eger gerekli däldirin öýdäýseňem, Onuň işine goşuldygyň bolar. Bize düşýän paý gereklilik derejämizi mydama galdyrjak bolmaga çalyşmak. Şahyrlardan köp setir getirdim, ýene birini gaty köp gaýtalaýan, Gurbannazar “Gidemden soň gidendigim duýulsyn” diýipdir. Bu maňa dileg ýaly eşdilýär. Şol dilege goşulasym, gerekli bolup ýaşasym gelýär.

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/sen-gerekmi-4ca7be1646d1?source=user_profile---------0----------------------------
Surat: Anri Matiss. Saz. 1910.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 90 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Мango • 02:04, 06.04.2023
Gurbannazar “Gidemden soň gidendigim duýulsyn” diýipdir. Bu maňa dileg ýaly eşdilýär. Şol dilege goşulasym, gerekli bolup ýaşasym gelýär.

lotareý bilet alman "Allajan! lotereýim wolga utaýsady-da" diýýän anekdotdaky kişi ýada düşen ýaly etdi.
"gideňden soň gidenligiň duýulmagyny" islemek ýeterlikmikä? biz latoreý biledini alman arzuw edýämikäk?
Hydyr aga, bu köne ýazgyňyzy juda haladym, ýöne ýene-de "gerekli bolup ýaşasyň gelmek" ýeterlik däl ýaly...
minnetdar.
oýlandyrýar.
avatar
0
2 Pero • 11:35, 06.04.2023
Hydyr aga Sagbolsun!
Pikirlendirdi. Gereklilik barada...zerurlyk...mätäçlik...Aslynda maddy gereklilik we ruhy gereklilik ýaly toparlara bölýäs weli ikisem maddyýete çykýan ýaly bolup durda. Bir zady ya bir kişini gowy görmek ruhy bolup bilyar diyilya weli çynmyka? Adam bir peýda görmese bähbit tapmasa gowy görup bilermikä. Emma peyda maddy ya ruhy bolup biler. Emma şularyñ jemi yene peyda-maddyýete direýän ýaly bolup dur
avatar
0
3 Medicall • 14:48, 06.04.2023
Aýaldogan, Adam ruhy ýakyn bolanda hiç bir peýda görmek duýgusy bilen gowy görmezmika diýýän, diňe ruhy hemaýat hem ruhy kanagatlandyrma esasynda "ruhy gowy görüşme" bolup biler, eger "gowy görmegiñ" añyrsynda nãmedir maddy, dünýewi bir zada peýda görmek niýeti bar bolsa ol hyzmatdaşlykdyr, ýa "söýgidir". Ruhy "gowy görmek" bu hiç tamakinçiliksiz ruhy baglanşykdyr. Hat-da "söýgi" diýlende-de adam "söýýäninden" gaýtargy "söýgi" tamakindir. Emma hakyky ruhy gatnaşyk beýleki biri panyda ýok bolanlygynda-da ruhy baglanşykda bolup bilmekdir, ýada-da hiç wagt birlikde bolmajak adamlañ bir-birine ruhy bilen duýup goldaw berip bilmegidir, "ruhy ynjamasyn" diýilýän sözem şundan gelip çykýana meňzeýär, ruhy taýdan ynjamak - bu nämedir bir zatdan ruhyň hemaýat (nägile bolmagy) tapmazlygy bolmaly. Bu bolsa tamakinçilige girmeýän bolmaly ))

Umuman meñ düşünişim şeýleräk, giñişleýin aydybam bolardy bu barada..
avatar
0
4 Medicall • 15:06, 06.04.2023
nämedir bir zatlar öwrenmek üçin hiç haçanam giç dälmikä diýýän, " hiçden giç ýagşy" diýýändirler.."

Hydyr, Ylýas agalar, ömürleri uzak bolsun, köp iş eden USSATLAR, ýene-de ýazyp, joşup dursunlar, biz okyjylara gereklisiňiz, täze eserlerňize garaşýandyrys!
avatar
0
5 Pero • 15:41, 06.04.2023
"ruhy gowy görüşme" diýýäñä aýaldogan,ana şonda-da peýda gözlenýän ýaly-da. Sebäbi şol gowy görüşme esasynda ruhumyz iymitlenýär-hezil edýär. Şonuñ üçinem hemme zat maddyýete çykýan bolup dur
avatar
0
6 Medicall • 16:16, 06.04.2023
Ruhy "gowy görüşme" bolmalam däl ol aýal dogan, ony men seň "gowy görmek" sözüňe kybabyrak, laýyklap aýtdygym boldy. şonuň üçin goşa dyrnakda alypdym. "Ruhy gowy görüşme" bu eýýam "söýgi" ýaly bir zat bolup biler, olam dünýewilige, maddyýetde direýän bolmaly. Meň düşündirşimdäki bolsa ýöne bir ruhy ýakynlyk, ruhy goldaw, ruhy meňzeşlik, ruhy birlikdi))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203