Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:22
Şükür bagşynyň dutary bu gün kimiň elinde saýraýar?

ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ DUTARY BU GÜN KIMIŇ ELINDE SAÝRAÝAR

Men ol dutary ellänimden, örän üýtgeşik ahwaly başdan geçirdim. Has anyk aýtsam, ýüregim ganatlaryny bir gerdi-de, göwrämi terk edip, emaý bilen dutaryň sapyna gondy. Emma muny garşymda, bu meşhur dutaryň özüne nädip düşenini gürrüň bermäge häzirlenip oturan oturan, Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň baş režissýory Bilbil Mämmedow asla duýmady. Men başardygymdan özüme basalyk berip, her sekundy gymmatly bu söhbetdeşlikde soramak, bilmek isleýän maglumatlarymyň birjigini-de sypdyrmazlyk üçin durşum bilen gulaga öwrüldim...
Şükür bagşynyň dutary! Parahatçylygy uruş bilen däl, eýsem sungatyň güýji bilen hem gazanyp bolýandygyny äleme ýaýan senet! Seniň ussat sazandanyň elinde saýraý-saýraý, ýeke kirişe direnip galan wagtynda-da dymman, gaýta täze heň bilen hemmeleri haýrana goýanyň ýatdan çykar ýalymy! Agasyny halas etmäge ýola düşen sazandadan: «Şükür, hany seniň ýaragyň nirede?» diýip soranlarynda, sen, megerem mahmal gabyň içinden «Men onuň ýaragy! Men, aslynda, gylyç bilen jany däl-de, saz bilen göwni awlap hem ýeňiş gazanyp bolýandygyny subut etmek üçin döredim » – diýip pyşyrdansyň. Onsoň, Şükür bagşy hem bu pyşyrdyny duýup, arkasyndan dutarly gaby alyp, hemmelere seni görkezendir?! Şeýlemi, eý, keramatly dutar?!
Men içimden dutara bu ritoriki soraglary ýagdyryp bolan badyma, Bilbil aga-da «Dutar bilen gürleşip bolan bolsaň, hany, indi söhbete başlaly» diýen ýaly, dutary sypalap, ýuwaşjadan söze başlady.
–Bu dutaryň maňa gelýänçä geçen ýoly uzak. Şükür bagşy aradan çykmazdan öň, öz dutaryny iň soňky şägirdi Hojan Öwezgelenowa beren ekeni. Hojan Öwezgelenow soňlugy bilen «Şükür bagşy» filminde eýranly sazanda Gulam bagşynyň keşbini ýerine ýetirýär. Dogrusy, ol ilki filme düşmekden kes-kelläm boýun gaçyrýar. Özüňe belli, bary-ýogy 3 synp bilimli daýhan adama sen uly bir filmde esasy keşpleriň birini ýetirmeli diýseň, elbetde boýun almaz. Emma Bulat Mansurowa Hojan agany yrmak başardýar. Bulat aga «Eger şu film gowy çykmasa, seniň halypaň, onuň sungaty wagt geçip, ýatdan çykar» diýensoň, Hojan aga Gulam bagşynyň keşbini ýerine ýetirmäge razylyk berýär.
Umuman, Hojan tebigat tarapyndan zehinli adam ekeni. Bu, filmiň şowly çykyşyndan hem bellidir. Çünki filmiň ady agzalandan, diňe bir Şükür bagşy däl, eýsem bada-bat Gulam bagşynyň keşbi hem aňyňda janlanýar. Onsoňam, men Hojan aganyň juda talantly adamdygyna soň-soň onuň bilen gatnaşyp, hasam göz ýetirdim. Ol, men Moskwanyň Şepkin adyndaky teatral institutynda bilim alyp ýören wagtlarym Moskwa geldi. Hojan aga şonda «Aktelpek» filminde agtygy Moskwada gulluk edýän bir gojanyň keşbini janlandyrýardy. Ol meniň ýaşaýan umumyýaşaýyş jaýymda birküç gezek myhman boldy. Men aktýorçylyk ugrundan okaýandygymy aýdanymda, ol menden «Bu okuwda näme öwredilýär?» diýip sorapdy. «Men bize sahnada dogry ýöremek, dogry oturyp-turmak, özüňi alyp barmak öwredilýär» diýenimde bolsa, «Nä sen oturyp-turup bileňokmy? Özüňi nädip alyp barmalydygynam indi öwrenýäňmi? Onuň üçin okuw okamak nämä gerek?» – diýip gara çyny bilen sorapdy. Dogrusy, Hojan aganyň ol soraglaryna näme jogap berjegiňem biler ýaly däldi. « «Şükür bagşy» filminde Gulam bagşynyň keşbini döreden ussat aktýor haýsy ýokary okuw jaýyny gutardyka? » diýip, fimi gözden geçirýän degişli komissiýa sorag berende, onuň diňe 3 synp biliminiň bardygy aýdylýar. Olaryň jogabyny eşiden komissiýanyň wekilleri biri-birinden «Eger 3 synp bilimli türkmen daýhany şular ýaly keşp döredip bilýän bolsa, onda türkmenleri aktýorçylyk sungaty boýunça okatmagyň hajaty bir barmy?!» diýip soraýarlar. Dagy hem, uly bir komissiýa şeý diýdirip bilen zehine meniň 5-6 ýyllap sahnada dogry ýöremegi öwrenip ýörenim geňem görünendir.
Garaz, Hojan aga bilen ýatlasaň ýatlap oturmaly wakalar kän boldy. Dutarly gürrüňe geçsek, Şükür bagşy filmi diýseň şowly çykyp, halypasynyň adynyň asyrlara uzjakdygyna gözi ýeten Hojan aga muňa iki bolup bilmeýär. Ol şol begenji, buýsanjy ýüregine sygdyryp bilmänem, filmiň režissýory Bulat Mansurowyň ýanyna baryp, oňa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär we halypasynyň dutaryny oňa gowşurasynyň gelýändigini aýdýar. Bulat Mansurowam taryhy sowgady begene-begene kabul edýär.
Men şu ýerde Bulat aganyň filmde diňe režissýorlyk etmek bilen çäklenmän, eýsem ssenariýa, saz bezegi taýdanam uly täsir edendigini aýdasym gelýär. Öz wagtynda halypa kompozitor Nury Halmmämmedow bilen ýakyndan gatnaşanym hemem kakamyň atly bagşy bolany üçin sazyň inçe taraplaryndan başym çykýar. «Şükür bagşy» filminde çalynan sazlar göwrüm taýdanam, ýerine ýetiriliş taýdanam aýratyndyr. Ony saza düşünýän adamlar gowy bilýär. Şükür bagşynyň saz çalyş usuly başgaça, özboluşly. Hojan aga ýanymda bolan wagtlary şol usullary maňa-da öwretdi. Bulat aga-da filmdäki sazlaryň hut şol usullar bilen çalynmagyny gazandy. Ol filosofiki filmiň haýsy epizodynyň nähili saz bilen bezelmelidigini salgy berjkek bolanda-da ilki özi hiňlenerdi, onsoň hut şol heňe görä-de saz döredilerdi. Keýik oýnadylýan, perwananyň oda perwaz edýän epizodyndaky sazlar şol film üçin döredilen sazlar. Bulat aga keýik oýnadylyşynyň üsti bilen milletleriň saz sungatyndaky tapawudy, perwananyň ahwalynyň üsti bilen bolsa, Şükür bagşynyň içki ahwalyny bermek isläpdi.
Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda doglan, saz ugrundanam sowatly režissýor Bulat Mansurow Şükür bagşynyň dutaryny eziz görüp saklaýar. Ol soňra duz-nesibesi çekip, iş üsti bilen Moskwa gidýär. Şükür bagşynyň dutaryny hem ýany bilen äkidýär.
Bu wakadan on ýyl çemesi wagt geçenden soňra Bulat Mansurow Aşgabada, belli kinoperator Hojaguly Narlyýewiň 50 ýaş toýuna gelýär. Ol bu dabarada gutlag sözüni sözleýär we ýany bilen alyp gelen arzyly dutaryny dabaranyň sebäpkärine sowgat hökmünde gowşurýar. Şol dabarada Bulat aganyň «Dutar öz Watanyny küýsäp aglaýar!» diýen sözleri meniň häli-häzirlerem gulagymda ýaňlanyp dur.
Ol dabaradan soň ýene-de on ýyl gowrak wagt geçipdi. Bir gün Hoajguly aga öýüme jaň edip, meni myhmançylyga çagyrdy. Menem çagyrylan wagtda bardym. Ondan-mundan gürrüňleşip oturdyk. Hojaguly aga meniň sazdan gowy baş çykarýandygymy, Şükür bagşy filminde hem saz taýdan kömegimi gaýgyrmandygymy, Hojan aga bilen hem gatnaşandygymy bilýän ekeni. Ol, şol ýagdaýlary ýatlamak bilen, özüniň saz çalyp bilmeýändigini, dutar diýlen pirli senediň bolsa çalynman durmaly däldigini aýdyp, dutary maňa bermek isleýändigini ýaňzytdy.
Men begenjime iki bolup bilmedim. Meşhur Şükür bagşynyň taryhy dutary meniň elimde! Dutary alyp, uçup diýen ýaly öýe gaýtdym. Şondan bärem, dutary gözümiň görejindenem eý görüp saklap ýörün, aram-aram onda saz çalyp, göwnümi açýaryn. Gyzyklanyp soraýanlara dutaryň taryhy hakynda gürrüň berýärin – diýip, Bilbil aga sözüne dyngy berdi.
Ara düşen ümsümlik meni hyýallaryň ganatyndan hakykatyň gujagyna düşürdi. Men Bilbil aga gürrüňini tamamlaýdymyka diýen ätiýaç edip, assyrynlyk bilen onuň ýüzüne seretdim. Ýok, Bilbil aganyň gözlerinde ýene nämedir bir zatlary aýtmak islegi bardy. Çakym çak ekeni...
–Indi, sen bu bolýan zatlara seretsene –diýip, ýuwaşlyk bilen ýerinden turan Bilbil aga iş stolynyň tahylyndan bir kagyz çykardy-da, öňki ýerinde oturyp, kagyzy maňa uzatdy.
Men kagyzyň ýüzüne näçe seretsemem, hiç zada düşünmedim. Kagyzda hünji ýaly hat bilen dikligine birnäçe adamyň ady ýazylgydy.
Bilbil aga meniň elimdäki kagyzdan gözüni aýyrman söze başlady.
– Meni arada Täze ýyl baýramyndan hem öň bir kiçiräk toýuň üýşmeleňine myhmançylyga çagyrdylar. Men ol ýerde, saz çalyp bermegimi haýyş etjeklerini bilemsoň, ýanym bilen dutary hem alyp bardym. Üýşmeleňde sözden saza geçildi. Men Şükür bagşynyň çalşy ýaly çalyp, birküç sany sazy ýerine ýetirdim. Bir görsem, diňläp oturanlaryň arasynda bir ýaş oglan hemmelerden öňe geçäýjek bolup maňa tarap atygsaýar. Men: «Ýaşlyk hyjuwydyr, ýüregi saza telwas edip, şoňa bäs gelip bilýän däldir » diýdim-de, kän bir ünsem bermedim. Şol wakadan bir ýa iki gün geçendir, maňa ol oglanyň menden saz öwrenemk isleýändigini aýdyp, haýyş bilen jaň etdiler. Men işimiň köpdügi, şägirt ýetişdirmegiň bolsa örän jogapkärçiliklidigini aýdyp, bu haýyşdan boýun gaçyrdym. Soň, şol oglanyň iň bolmanda meni görmek, ýanyma baryp gaýtmak isleýändigini aýdyp, gaýtadan jaň etdiler. Men razy bolup, salgymy berdim.
Oglan bellenen wagtda geldi. 15-16 ýaşlaryndaky ýetginjegiň ady Kerwen, özi-de saz ugrundan welaýat sungat mekdebinde bilim alýan ekeni. Oglany meniň saz çalyş usulym, onuň başgalaryňka meňzemeýänligi özüne çeken ekeni. Men bu usulyň meşhur Şükür bagşynyň usulydygyny, ol çalan sazlarymyňam göwrüminiň uly, käbir ýerleriniň çalnyşynyň başgaçarakdygyny gürrüň berdim. Meni sesini çykarman diňläp oturan Kerweniň aslynyň kimlerdendigini aýdan wagtynda welin...men doňup galypdyryn. Kerwen asyl, meşhur Şükür bagşynyň ýuwlugy bolup çyksa, nädersiň! Kerweni meniň ýanyma getirenem, garry atasynyň çalan sazlarynyň ruhy güýji bolmaly. Ol garry atasynyň dutaryny görkezenimde-de gaty tolgundy. Dutary sypalap-sypalap doýup bilmedi
Men Bilbil aga sözüni soňlaryna mähetdel elimdäki kagyza seretdim. Indi maňa häliden bäri düşnüksiz görnen

Şükür bagşy
|
Işan
|
Baýram
|
Çary
|
Kerwen
diýen ýazgylar düşnükli boldy.
Men bolan waka hakynda özara pikir alşyp biraz oturanymdan soňra, Bilbil aga bilen gadyrly hoşlaşyp, öýe gaýtdym.
Emma şondan bäri, serimde müň pikir aýlansa, täsin ahwala gaplanan kalbym bu hikmetli wakanyň jogabyny özümçe tirerimi isläp; «Ýeri, sen nähili pikir edýärsiň? Kerweini Bilbil aganyň ýanyna getiren gudratly güýç näme?» diýip yzyny üzmän diýen ýaly soraýar. Häzirem şeýle. Ýöne men nire, ol syrly sowalyň jogabyny söýlemek nire?! Aslynda, oňa jogap berip biljek bir barmyka?!..

© Aýgül GARAÝEWA
Bölümler: Makalalar | Görülen: 307 | Mowzugy paýlaşan: aygull | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
1
1 aygull • 12:16, 01.06.2023
Şeýdip, uzyn makalalary hem paýlaşýanym üçin ötünç soraýan...
Ýöne oňarýanam-da))
avatar
1
2 Medicall • 13:10, 01.06.2023
men-a okap hezil edýän Aýgül, ötünç sorap näme bar, paýlaşyp oňarýaňamda:)) halanmasa okalmazdy, pikirem aýdylmazdy, örän gowy iş edýäň paýlaşyp, sagbol, minnetdardyrys, Allaýalkasyn!
avatar
0
3 Мango • 13:50, 03.06.2023
Kerwen mynasyp sazanda bolup ýetişse-hä Bilbil agadaky dutar Kerwene geçse-de boljak eken.
Şükür bagşyň dutarynyň ýolagçylygy täsin eken.
o dutar wagtynda eýrana baryp gaýdan bolsa, soň moskwanam gören eken. hernä "dutaryň watanym diýip aglanyna" gulak salnany gowy bolupdyr. ol watanyna dolanýar....
iň soňunda eýesiniň neslinden bir mynasyba geçse has gowy boljak.

Aýgül, makalaň ýazylyşam, manysam gaty gowy.
berekella.
avatar
0
4 Мango • 13:55, 03.06.2023
REKLAMA.

Şükür bagşy
(powest)
Nurmyrat Saryhanow

https://edebiyat.clan.su/news/sukur_bagsy_1/2023-01-04-385
avatar
0
5 aygull • 14:01, 03.06.2023
Köp sag boluň, Mango.
avatar
0
6 Балканов • 17:08, 23.06.2023
Salam Aýgül!
Men Türkmenistanyň at gazanan artisti, dutary çepbe çalýan Kerweni ("Mirasyň" ýolbaşçysy) bilýän. Makala şol baradamy?
avatar
0
7 aygull • 17:23, 23.06.2023
Yok,Kakajan aga. Bu Kerwen kän kiçidir ondan.
avatar
0
8 Балканов • 20:52, 23.06.2023
Оk. Sag bol, minnetdar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202