Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:04
Syrly söhbet

SYRLY SÖHBET

"Okadym Kuran içinde"
Magtymguly PYRAGY


Ýer bilen gögüñ arasynda janyna jay tapman elewreýän göwnümiñ yzyna düşüp, ýene-de sen bilen didarlaşmaga, pikirlerimi saldarlap, seniñ paýhas goruñdan ýekeje damja-da bolsa däli göwnüme teselli boljagyna ynamym bilen huzuryña geldim.
Gelşime-de mydama gussamyñ ýetik mahaly ýalñyz hemdemim bolan kenaryñda - haýsy eýýamda, haýsy dagdan bölünip galandygyny anyk bilmesem-de, meni heran-haçan gelsem dymyp dursa-da, hossarym yaly garşylaýan uly daşyñ golayjygynda sägindim. Seniñ Asmanyñ mawy reñkini keşbiñe siñdirip çaykanyp, giñligiñ bilen meniñ hasratymy egsip bilişiñe imrinip durşuma, ýene günüme goýmaýan soraglar, näçe wagtdan bäri maña ynjalyk bermeýan pikirler atygsady serimde..
-- Bu ýerde bõlünip galan daş,
seniñ gõzel keşbiñ,
hol asmandan nirädir bir ýerlere süýşüp barýan bulutlar.., tämiz howa..
Sen meniñ pikirimi okaýan ýaly pyşyrdadyñ:
-- Hol süýşüp barýan bulutlarmy?
-- Hawa olaryñ asmanda hiç bir küreksiz ýüzüp baryşlary geñ maña..
Sen ezberlik bilen tolkunşyña:
-- Olarda agramy 300 müñ tonna suw toplanýar...
Meniñ pikirimde geñgalyjylyk peyda bolýar, sorag berip ýetişmankäm seniñ:
- Olaryñ küregi şemaldandyr. Meniñ ýüzümdäki kõpürjiklerem şemaldan.
Men parasatdan yza galan ýaly derrew õz bilýanje zadymy yañzytmaga howlukyan:
- Şemalyñ şeyle güýje eýedigini ýigriminji asyrda alymlar subut etdiler..
Meniñ bu oýlanyşyksyz pikrime seniñ birhilije gaharyñ gelýär-de tolkunlaryñy batlandyryşyña tasanjyraýañ:
-  Geçen asyrda alymlar subut edendirler..emma dünýe döräli bäri şeyle.. Älem uly ýaradylan... soñ..
Ýene-de meniñ serimde gõgeleje pikirlem peyda bolyar..
- Big Bang.. "uly partlama" teoriýasy, 1920-nji ýylda rus alymy Aleksandr...
Seniñ güñleç sesiñ:
- Enbiýa" 30-njy aýat,  "Gõkler bilen Ýer gõk bilekä biz ony biri birinden aýyrdyyk. Soñ suwdan ýaratdyk.
Biri biri bilen iç içe.."
Soñ ýarylmak ýer gõk we olaryñ içindäki ähli barlyklar dõrediler.

Men hayran galmak bilen:
- Täsin- diyip pyşyrdyma goşulyp seniñ:
- Bu Allanyñ kelamy. Emma müñlerçe müñ ýyl mundan õñ bir adamyñ bir õzüniñ şeyle ýazyp bilmegi täsin dälmi saña?! Alymlar soñ subut etdiler...--diýen jogabyña:
- Älemleriñ Rahmanynyñ eradasy bilen mukaddes kitabyñ inip Rasuly Ekreme gowuşan wagtlarymy?! - diyip ýene soragly bakýaryn-da, dagdan aýrylyp galan daş bõlegine nazar aýlaýaryn. Sen:
- Daglar hem bulutlar kimin süýşýändirler. Õñ olar biri birine baglydy...
Men ýene-de payhasdan bekemedik pikirlerimi orta atýaryn:
- Ýigriminji asyryñ başlarynda alymlaryñ subut etmeklerine gõrä geografik üýtgeşmeler bolýar. Alymlar muña...
Seniñ pyşyrdyñ pikrimiñ üstüne payas nuruny çaýyşyna:
- Gurhanda: "Sen daglary gõrersiñ-de olary berk bilersiñ" diýýa.. alymlaryñ aýdyşy bilen Gurhanda aýdylyşy deñ gelýa. Ýõne saña müñlerçe ýyl mundan õñ bir sowatsyz diyilen adamyñ bir õzüniñ şol zatlary ýazyp bilmegi täsinlik dälmi eýse.. ?!

Birdenem seniñ giñligini maña gõz edip, gõwnüme syrdaş bolup ýaýylyp yatan jemalyña pikirim atygsaýar:
- Gudrat diyip şuña diýäýseñ - diyip haýran galyjylyk bilen añymda aýlan pikirimi seniñ:
- Meniñ giñligimden beter ak deñziñ duzlylygy hem süýji deñziñ süýjüligi, olaryñ bileleşip dursalar-da..
Men ýene kemala ýetişmedik bilýanje barymy orta atmaga haýdayan:
- Hawa, hawa alymlar iki deñziñ arasynda suw perdesiniñ bardygyny subut etdiler..
Sen parasat bilen:
- Allanyñ kelamynda-da iki deñiziñ arasynda bir bõwet bardygy aydylyar... alymlar soñ subut etdiler...

Men tämiz howadan kükregimi dolduryp howanyñ adam saglygyna nahili täsirlidigi barada, atmosferanyñ düzümindäki demiriñ adam bedenine peýdasy, emma demiriñ ýerden çykmasy baradaky pikiri serime aylanymdan ýene seniñ payhasyñ dadyma ýetişýar:
- "Hadyd" süresi "demir" diymekdir. Gurhanda 57-nji süresi... 26-njy süre demiriñ atom belgisidir...
Men seniñ paýhasyña goşulyp tassyklaýaryn:
- Müñlerçe ýyl mundan owal çõlde ýaşaýan bir sowatsyz adamyñ şol zatlary ýazyp bilmesiniñ özi Gudrat, bu diñe Allanyñ kelamy bolup biler - diyip pyşyrdaýaryn..

Seniñ pikirlerimi tämizläp, her alan demimi Älemleriñ Rahmany Alla şükür, onuñ Resulyna salam we salawat aytmagymda, pikirlerime payhas goşmagyña minnetdarlygym çäksizligi bilen ýene-de geljekdigimi sõz edip, näçe wagtdyr ynjalyk tapman ýõren gõwnümiñ sõhbetimizden rahatlanandygyny duýup, seniñ bilen sagbollaşýaryn.
Sag bol, däli göwnüm ýaly çyrpynýan Deñzim... Ýene-de paýhas nuruñy pikirlerime çaýjak günleriñ aýasynda seniñ bilen sõhbete gelerin...

17.11.2019 ý. 13: 50
Türkmenbaşy.

© Kalba NUR.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 100 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 Pero • 08:42, 10.12.2022
Haýyrly söhbetdeşlik bolupdyr. Bu oýlanmany okap ýene mukaddes Kitaby okasym geldi...sagbol
avatar
1
2 Мango • 14:00, 10.12.2022
kä bir zatlary gönüläp aýtsaň (hakykatam bolsa) kabul edilmesi kyn bolýar. emma aýdylmaly zatlary şular ýaly oýlanma, deňiz bilen söhbet arkaly ýugrup başgarak hödürleseň effektem başgarak bolýar.
Gowy!
üstünlikler Kalba Nur hanym.
avatar
1
3 Bagabat • 14:21, 10.12.2022
Ynsan bilen deňziň Älem hakda söhbeti - Ýaradylyşa Ylahy garaýyş bilen Dünýewi garaýyş. Bölmegiň özi ýalňyşlyk...
Ikisem şo bir zady aýdýar:
Bir-ä Ynanýanlar hem Uýýanlar üçin;
Beýlekisem, Müňkürler hem Derňeýänler üçin.
Gowy oýlanma.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203