TÜRKMEN EDEBIÝATY


08:30
Wera Pawlowa
WERA PAWLOWA

Wera Anatolýewna Pawlowa (gyz familiýasy: Desýatowa), 1963-nji ýylyň 4-nji maýynda Moskwada doglan, rus şahyrasy we esseçisidir. Ýaşlygynda W.Pawlowa saz kompozisiýalary bilen meşgullanypdyr. Ol Şnitke adyndaky saz kollejini hem-de Gnesinler adyndaky Saz akademiýasyny “Sazyň taryhy” ugry boýunça tamamlapdyr. Soňra Şalýapiniň öý-muzeýinde tanyşdyryjy bolup işläpdir. Sazşynaslyk esselerini ýazyp, 10 ýyllabam ybadathanaň aýdym toparynda (horda) dini aýdymlary aýdypdyr.
Goşgyny 20 ýaşynda, birinji gyzy doglandan soň ýazmaga başlapdyr. Ilkinji gezek “Ýaşlyk” žurnalynda goşgulary çap edilipdir. 2000-nji ýylda W.Pawlowa Apollon Grigorýew adyndaky baýraga mynasyp bolupdyr. Häzirki wagtda W.Pawlowaň goşgulary 26 sany daşary ýurt dillerine terjime edilipdir. Onuň özi bolsa Angliýada, Germaniýada, Italiýada, Fransiýada, Belgiýada, Ukrainada, Azerbaýjanda, Özbegistanda, Gollandiýada, ABŞ-da, Gresiýada, Şwesiýada geçirilen şygryýet festiwallaryna gatnaşypdyr.
W.Pawlowanyň şygryýeti esasan, häzirki döwürde ýaşaýan zenanyň şahsy we pynhan durmuşyna degişlidir. Onuň şygyrlary bu zatlar hakda seýrek gabat gelýän dogruçyllyk hem-de gönümellik bilen aýdýarlar.
W.Pawlowa 4 gezek durmuşa çykypdyr. 2 gyzy bar. Durmuşa çykan erkek kişileriniň ikisi bilen aýrylyşypdyr, biri aradan çykypdyr, soňky adamsy bilen 2015-nji ýyldan bäri nikada.
W.Pawlowanyň şu aşakdaky eserleri neşir edilendir:
1. Asman haýwany / Небесное животное. 1997.
2. Ikinji dil / Второй язык. 1998.
3. Goparyş çyzygy / Линия отрыва. 2000.
4. Dördünji düýş / Четвёртый сон. 2000.
5. Ökdäň pynhan gündeligi / Интимный дневник отличницы. 2001.
6. Hemmeýerdeş / Вездесь. 2002.
7. Kämillik ýaşy / Совершеннолетие. 2004.
8. Posaň iki tarapynda / По обе стороны поцелуя. 2004.
9. Elgoşy / Ручная кладь: Стихи 2004—2005 гг. 2006.
10. Goňşy otaga hatlar / Письма в соседнюю комнату. 2006.
11. Üç kitap / Три книги. 2007.
12. Dana akmak / Мудрая дура. 2008.
13. Sekiz kitapdan / Из восьми книг. 2009.
14. Derýaň ol kenarynda / На том берегу речи. 2009.
15. Familiýadaş / Однофамилица: Стихи 2008—2010 гг. 2011.
16. Zenan: Ulanyş gollanmasy / Женщина. Руководство по эксплуатации. 2011.
17. Ýedi kitap / Семь книг. 2011.
18. Libretto / Либретто. Стихи. Проза. Рисунки. 2012.
19. Şondan mähirli ýok / Нежней не бывает. 2016.
20. Saýlama / Избранный. 2018.
21. Barlag sözi / Проверочное слово. 2018.
22. Jüpýatyş kitaby: Düşekdäki söýgi hakda goşgular / Двуспальная книга. Стихи о любви на постельном белье. 2018.
23. Bagtly adamyň ýazgylary / Записки счастливого человека. 2020.

Рассказано наперебой
понятно только нам двоим
когда мы говорим с тобой
язык становится родным
не растолкуешь словарям
верлибром не переведешь
как сытно говорится нам
как благодатен наш галдеж

***

Да, лентяи мы, да, тунеядцы,
едоки салата из тунца.
Нам придется очень постараться
съесть все это дело до конца.
Не доели, голубям отдали.
Голуби и курицу едят.
И сидели в сквере, и гадали:
где голубки прячут голубят?

Makalaň alnan çeşmesi: https//ru.wikipedia.org/wiki/Вера_Павлова. 23.102.2021ý.
Bölümler: Ýazyjy-şahyrlaryñ, alymlaryñ terjimehaly | Görülen: 32 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Wera Pawlowa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE