Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:32
Ýusup diýe-diýe
ÝUSUP DIÝE-DIÝE

Men Ýakubam, ahy-zary,
Çekem, Ýusup diýe-diýe.
Gõzlerimden ganly ýaşy,
Dõkem, Ýusup diýe-diýe.

Pelek aglar gõzýaşyma,
Ne sõwda saldyñ başyma,
Mejnun bolup dag başyna
Çykam, Ýusup diýe-diýe.

Her tarapdan jylga-jylga,
Bulut oýnar, salar kõlge.
On iki dag, ýedi jülge,
Sõkem, Ýusup diýe-diýe.

Gitdi Ýusup, gelmez habar,
Turar men ýyglap her säher,
Gala-gala, şäher-şäher,
Sõkem, Ýusup diýe-diýe.

Meger Ýusup düşdi çaýa,
Jemalyñ diýp bakam Aýa.
Yrak zemin Kerbelaýa
Bakam, Ýusup diýe-diýe.

Hasratyma pelek ýyglar,
Aşyk boldy dilsiz zaglar,
Perhat bolup beýik daglar,
Çykam, Ýusup diýe-diýe.

Ýusup gezer dilden-dile,
Şeýda bolup gülden-güle,
Sorag salyp ilden-ile,
Çykam, Ýusup diýe-diýe.

Õter eýýam dõne-dõne,
Geçer bu jan ýana-ýana
Erte, agşam Aýa, Güne
Bakam, Ýusup diýe-diýe.

Magtymguly, dost ýüzünden,
Durmaz, ýaş akar gõzünden,
Bilbil bolup ýar sõzünden,
Okam, Ýusup diýe-diýe.

© Magtymguly PYRAGY
Bölümler: Goşgular | Görülen: 79 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Magtymguly PYRAGY | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 11:47, 14.02.2024
Meger Ýusup düşdi çaýa,
Jemalyñ diýp bakam Aýa.
Yrak zemin Kerbelaýa
Bakam, Ýusup diýe-diýe.

goşguda Ýakup pygamberiň adyndan näme üçin Kerbela agzaldyka?
näme üçin Kerbelaýa bakyp "Ýusup diýe-diýe" agladyka?
näme üçin Ýusuby Kerbeladadyr öýtdikä?

Ýakup pygamberiň mekany Kengan (Kenan - Hanaan) häzirki Palestina-Israil-Liwan... topraklary bolmaly (ýalňyşmasam).
Ýusubyň düşen ýerem Müsür.
Kerbela bolsa Yrak tarapda...

onda näme üçin "Yrak zemin Kerbelaýa, Bak(dy), Ýusup diýe-diýe"?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203