16:35 Daş | |
Daş Nol nokatda duşuşdyk Gürleşdik,syrlaşdyk Ümleşdik bile Bu ýer öýümiz boldy. Aýlar,ýyllar dolandy Üşeklik tapdyñ birden "Men Güni tapjak" diýip Gyşardyñ on dereje Soñ ýigrimi,soñ otuz Şeýdip ýol düşdi ara Belki aýlandyñ Şara Bir günem gaýdyp geldiñ Şol öñküje nokada. Men ynanyp takada (Wah,şormañlaý sada-da) Da:şa dönen ekenim Daşymam buz örtüpdir Herhal ýyly ýok nokat. Meger ýalan,meger çyn Ýylyñ eretdi daşy:m Emma näme kär eder Näme ereder da:şym?! | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |