08:54 Asla | |
ASLA Ýürek şol işläp dur özünden a:rman Kä iräýse aña salar gozgalañ. Pikir darkaşyna çydamaz arman Surnugan duýgymy ýersiz gozgasañ! Señ üçin menimi undup birmahal Pidagärkäm günäkäre aýlanýan. Meger çynyñ geregi yok hiç haçan Indi-indi ýalanlardan aýñalýan. Saña men däl,men şekilli bir göwre, Gerek yaly "Lepbeý" diyip durara. Belki şeýle bolar ençe ýyl soñra, Içi parça daşy bitin "gabara". Isleseñ pikirmiñ keseýin sesin Bolýan bolsa tersleşige bahana. Gizläýin gözlermiñ çuññur gussasyn, Öýkünip gursagy dertli bahara. Hyjuwma,ýaşlygma,gözelligime Salyber talañy,eýe bol,emma Bizi baglap duran birek-birege El degirme, asla duýgularyma! | |
|
Ähli teswirler: 36 | |
| |