Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:33
Ony bagyşlañ

ONY BAGYŞLAŇ

Ol negada
göwresiniň gussaly gatnaşygyny
Ýata suwlarda
Boş mazarlar bilen, unutýar
Hem ýaşamaga haklydygyna
akmaklarça düşünýär,
Ony bagyşlaň.
Gezeginde bir suratyň gaharyny
öjükdirmegiň uzak arzuwy
Kagyzynyň gözlerinde ereýär,
Ony bagyşlaň.
Başdan başa tabytynda
Aýyň gyzyl saçýan ýagtysy gezýär
We gijäniň üýtgegen yslary
Bedenini müň ýyllyk ukysyndan oýandyrýar,
Ony bagyşlaň.
Ol ruhy çökgin
Emma henizem gözleriniň içi ýagty keşpleriň hyýalynda parlaýar
Hem manysyz (düşniksiz) saçlary
Umytsyzlykda soluşan söýgüsiniň täsirinde sandyryýar
Heý bagtyň sada ýurdunyň (arkaýyn) ýaşaýjylary
Eý, ýagyşda açylan aýnalaryň goňşylary
Ony bagyşlaň
Ony bagyşlaň
Sebäbi jadylanypdyr
Sebäbi agyr gelen barlygyňyzyň (baýlygyňyzyň) kökleri
Onuň mysapyrlyk topraklarynda uzaklara kök salýar
Hem onuň ynanjaň ýüregi
Kükreginde elemiň ajy urgylary bilen
ulaldygyça ulalýar.

© Fürug FERRUGZAD

Terjime: © NURDAN

Onu Bağışlayın

O bazen
Vücudunun kederli bağlantısını
Durgun sularda
Boş mezarlarla, unutuyor
Ve aptalca zannediyor ki
Yaşama hakkı var,
Onu bağışlayın
Bir resmin sıradan öfkesini
Kışkırtmanın uzak arzusu
Kâğıdının gözlerinde eriyor
Onu bağışlayın
Baştan başa tabutunda
Ayın kırmızı hâlesi geziniyor
Ve gecenin değişken kokuları
Vücudunu bin yıllık uykusundan
Uyandırıyor
Onu bağışlayın
O içten yıkık
Ama hâlâ gözlerinin içi ışık zerrelerinin hayaliyle parlıyor
Ve anlamsız saçları
Ümitsizce aşkının soluklaryn etkisiyle titriyor
Ey mutluluğun sâde ülkesinin sakinleri
Ey yağmurda açılan pencerelerin komşuları
Onu bağışlayın
Onu bağışlayın
Çünkü büyülenmiş
Çünkü sizin ağır gelen varlığınızın kökleri
Onun gurbet topraklarında derinlere kök salıyor
Ve onun kolay inanan kalbi
Hasretin acı darbeleriyle
Göğsünün içinde kabardıkça kabarıyor.

© Fürug FERRUGZAD
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 102 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Fürug Ferrugzad, Nurdan | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 16:36, 16.07.2024
käbir belliklerim:

Durgun sularda...
Dury suwlarda

"durgun" bolsa dury däl-de gymyldysyz, akmaýan, duran suw, ýagny ýata suw bolýan bolmaly.

---
Onun gurbet topraklarında derinlere kök salıyor
Onuň gaýratly topraklarynda uzaklara kök salýar

gurbet bolanda - ýurdyndan aýrylmak, önüp-ösen ýerinden uzaklaşmak... manysynda bolmaly. türkmençesi kelläme gelenok (belki mysapyrlyk-dyr).

kyn goşgyny terjime etmäge synayşypsyň, Nurdan hanym.
erjelligiňe berekella.
avatar
0
2 Medicall • 17:39, 16.07.2024
Sagboluñ, bellikleriñize we okanyñyza minnetdar
avatar
0
3 Мango • 11:01, 17.07.2024
Nurdan hanym. terjimäňiziň kä ýerlerine bellik edýän, gyzyl ýerleri meniň wariantym.
(bu şahyr hanymy terjime etmek kyn, sebäbi başga tolkunlardan tutdurýar, kä ýerinde näme diýjek bolýanyna-da düşünmek kyn)

BAGYŞLAŇ ONY

Käte ol, bedeniniň

Gussaly baglanyşygyny
Ýata
suwlarda
Boş mazarlar bilen, unudýar
Hem ýaşamaga haky bar diýe
Pikir edýär, kemter akyly bile,
Bagyşlaň ony

Bir suratyň adaty öýkesini
öjükdirmegiň uzak arzuwy
Kagyzynyň gözlerinde ereýär,
Bagyşlaň ony
Başdan-aýak tabytynda
Aýyň nur halkasy aýlanýar
We gijäniň üýtgäp duran yslary
Göwresini müň ýyllyk ukysyndan oýarýar,
Bagyşlaň ony
Içi haraba onuň

Emma, gözleri henizem yşyk zerreleriniň hyýalynda parlaýar
Bimany saçlary hem
umytsyz titreýär söýgüsiniň demine
Eý, bagtyýarlygyň ýönekeý ýurdunyň ilaty
Eý, ýagmyrda açylan penjireleriň goňşylary
Bagyşlaň ony
Bagyşlaň ony
Çünki
, jadylanypdyr
Çünki, agramly barlygyňyzyň kökleri
Onuň özge topraklarynda çuňluga kök urupdyr
Hem onuň ynanjaň kalby
Hasratyň ajy zarbasyna
Kükreginde ýellendikçe ýellenýär.


©
Fürug FERRUGZAD

Nurdan hanym terjimesine täzeden garar bolsa, bu belliklerden belki peýdalanar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203