09:36 Meni maña gaýtarsynlar... | |
MAÑA MENI GAÝTARSYNLAR Eý adamlar, Sözi asal adamlar! Meniñ tutuklygmy göwne almañ siz, Ynjamañ siz agras çyksa sözlerim. Size däldir didelermiñ kinesi, Sizden däldir ýaşa dolsa gõzlerim. Takdyr maña tukat ykbal eçilip, Alçaklygmy girdabyna ýyllaryñ Oklady-da heýhat goýdy ornuna. Işim bolmaz hile bilen, al bilen, Sulhum almaz şelayynyñ gybatyn. Il syryna sandyk boldum, azmadym, Õz janyma gyýdym, dosta gyýmadym, Ah, men ykbal bilen ýalñyz sõweşdim Tamakin bolmadym "bar men" diýenden Aman dilemedim her öñýetenden. Baş egere merdiñ merdin gözledim... Iñ soñy bu ykbal utdy daraşyp, Meni menden alan ýyldan soraşyñ, Ygyp galdym men özümden azaşyp. Eger mümkin bolsa tapyp alajyn-- Maña "Meni" gaytarsynlar, haýyşym! 2015 ý. © NURDAN | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |