Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:24
Saña hat

SAŇA HAT

Salam! Bu haty “saňa hat” diýip ýazsamam kime ýazýanymam bilemok. Sebäbi muny dostuma niýetledim başynda, ýöne birinjiden dosta munuñ ýaly hat ýazylmaýar, ikinjiden indi dostluga bil baglamak kyn, üçinjiden men dostum diýip, salgysynam ýalñyş ugratsam birden?!. Umuman: "sowal köpde jogap ýok" diýen ýaly-da.
Bir söze düşünesim gelýär şu mahal: “süýtde agzy bişen suwy üfläp içer” diýip ýadygär aýdyp gidipdirler ata-babalarymyz. Şol nakyl nädip döredika?!
Dogrudanam “süýtde agzy bişen suwy üfläp içer” diýenlerinde süýt agzyny ýakansoň aýtdylarmyka ýa adam hasaplanlary ýakansoň aýtdymykalar agyzlaryny?! Agzyny bişiren wagtam ýönekeý suwa däl-de ak süýde deňäp aýdypdyr özlerem, arassa eken ýürekleri sebäbi. Ýogsa suwda agzy bişen süýdi üfläp içer diýibem bilerdiler-a hä?! Ýene bir gyzykly gürrüň bar il içinde: “item gitdi, ýüpem” muňa nähili düşünýäň sen hä?! Itiň öz gideni gideni, ýüpi alyp gitmesi bolmandyr. Itiň gideni gynandyryjy däl, ýüpi alyp gitmesi gelişmändir şonda. Boýny ýüpli gitmeli däl-dä. Ýüpi ýerinde goýup özi gidäýmeli eken. It kän, kyn däl tapmak, emma her bir ite täze ýüp satyn aljak bolsalar aňsat däl-ä.
Aslynda saňa hat ýazamda hijem bulary ýazmakçy däldim, gowulyklary gürrüň bermekçidim. Ýöne bilmedim ýüregimdenem, pikirimdenem diňe şular geldi şu mahal. Wii, bu diýenimem ýene bir nakyly ýatlatdy: “ deñisde näme bolsa çeňňege-de şol düşer”, hakykat eken olam, menem syýadyr öýdüp ýelegi ýüregime batyrypdyryn-da, diňe şular çykdy ondanam. Isleseň senem ýüregiňe hat ýazylýan ýelejigi batyryp göräý, şundan gowy zat çykmaz bu hatymy okaňsoň.

Saglygyň!

28.09.2024 ý. 13:13

© NURDAN
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 31 | Mowzugy paýlaşan: Nurdаn | Teg: Nurdan | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203