Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:57
Abdalyň oýy
ABDALYŇ OÝY

Ýoklugyň ýoklugy,
gadryn bildirýär,
barlygyň barlygyn.
Giňlik syzdyrýar,
darlygyn darlygyň,
epgek garlygyň,
töklük “arlygyň”,
meslik armagyň,
gitmek galmagyň...
Göweçde erän zer,
alyndan syrygan der,
süýekden doly Ýer,
gazylan-gazylmadyk gör,
adalat hem zulum, zor...
Bize näme aýdýar,
syrdan püre-pür dünýä?!...
Ýorubilmän ýanýa,
ýürek...
Oň näsine gerek?
Barmy bir derek,
Pelek!

Kalbyny kirşen basan abdal,
Aňzaga lukma, zowwama gaýsar,
Jebrana hemdem, Harysa ýoldaş,
Barýar ol nirä?
Pellesi daş,
ýoly mübtela,
tobasy tekepbir,
pygany pakyr,
hijrany müdim...
Çaňlara boýalan, hyrkasy gadym.
Wysaly ýormak,
ýoklugyn ýoklugyň,
barlygyň barlygyn...
Demsalym görmek,
didaryn,
Görkli Taňryň...
Nämeler samraýarsyň,
syrdan püre-pür dünýä?!...
Ýorubilmän ýanýa,
ýürek...
Oň näsine gerek?
Barmy bir derek,
Pelek!

© Öwezgeldi BEGLIÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 65 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Öwezgeldi Begliýew | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
2
1 Мango • 15:20, 10.01.2023
Öwezgeldi kakaň adyndan aýdylan Abdalyň oýlanmasyna düşünmek kyn...
sebäbi Magtymgylam "Abdal maňa eded jamyn sunaly, mesjit kaýsy, mährap kaýsy, bilmedim" diýýär.
Abdalyň sunan ebedilik jamam, oý-pikirem taýýarlykly okujyny talap edýän ýaly...

Nämeler samraýarsyň,
syrdan püre-pür dünýä?!...
Ýorubilmän ýanýa,
ýürek...

hawa, dünýä syrdan-püre pür...
bu syrly goşgyňam syryny çözjek bolmaly...

Kalbyny kirşen basan abdal,
Aňzaga lukma, zowwama gaýsar,
Jebrana hemdem, Harysa ýoldaş,
Barýar ol nirä?

abdalyň kalby kirşenli? aňzak, zowwam... Jebran, Harys...
oturyp çigit çigitlän ýaly gaýrat etmeli...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202