08:57 Hümmüldi | |
HÜMMÜLDI Egnimde penjek, boýnumda galstuk, birmahal penjegim deý saçlarym, indi köýnegim deý agarýa. gözlemde gömlen gussalarymy, aýnada görsem ýüregim agyrýa. Ýyldyzlary çyra edinip aýlanan köçelem, gör nije ýyldyr ädimlemme intizar. Kellede hyýal, ýürekde joşgun, erinde çilim, ýanyňda dostlaň... ...Indi, dostsuz o köçeleň näme keýpi bar? Köne portfelde sary giden depderler, sahypalaň solup gidipdir syýasy. ...indi onuň ýaly sözler, çygynsaň-da ýazylanok, ýazylýanam – umytlaryň öwlüýäsi. Diwardan garaýan suratlar – – ikisem ekiztaý ýaly... (megerem, bir-birine mährem ynsanlar, uzagyndan bolýan bolmaly, bir eneden dogan mysaly). Şol meňzeş jübtüň mende gözleri. Olaň bermedik soragyna jogap dileýän, pyşyrdap içimden sowally sözleri: -Başardymmy? Başarmadymmy ýa? diňleýän, diňleýän... ...Jogaba derek, ikisem dymýa... Ine indem... ...egnimde penjek, boýnumda galstuk, birmahal penjegim deý saçlarym, indi köýnegim deý agarýa. gözlemde gömlen gussalarymy, aýnada görsem ýüregim agyrýa. | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |