Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:31
Gözleg / kyssada ýazylan goşgy
GÖZLEG

SAŇA!!!
Älemleriň Ezizi!
SAŇA!!!
Tenimiň, ruhumyň, aňrymyň hem bärimiň Ebedi Hökümdary!
SAŇA!!!
Ýüregimiň gyzgynyna, kalbymyň yrgyldysyna, aňymyň bikararlygyna...başga-da hemme zatlara men bendäňi rowa görüp, maňa şol nygmatlary bagyş eden Sahylaryň Sahysy!
SAŇA!!!
Hemme zat diňe, SAŇA!!!
Älemler ýaradylmanka, Sen tükeniksiz tümlügiň jümmüşine Lerzany-Owaz ýolladyň:
-MEN! SIZIŇ! NÄMÄŇIZDIRIN?!
Şol Lerzana, ahyrsyz ümmülmizliklere sozulyp gidýän ýaň deýin jogap geldi:
-Sen biziň Rebbimizsiň! Rebbimizsiň...Rebbimizsiň...
Şol jogaby berenleň arasynda meniň-de zarym bardy, Görkli Taňrym!
Ýöne...
Badyhowa paýhasym kanagatyn aldy, Haky syzýan ýüregmiň...
Gögele hyjuwlaň tüweleýinde demigen bendi – men Seni gözledim...
kitaplardan, durmuşdan, dünýäden, düýpsüzlikden...
gözüm görmese-de, aňym ýetýän barlykdan hem ýoklukdan...
men Seni gözledim...
alymlardan...
özgelerden...
özümden...
sagymda Jebran...
solumda Harys...
hersi pyşyrdady bir zady.
Harys diýdi, şahyryň owadan gepine çolap:
-Dem şu demdir, şundan özge dem bolmaz...
Jebran pyşyrdady gussaly:
-Ynan...
Kükrekde gürsüldedi jiger:
-SAŇA!!! Älemleriň Ezizi! Diňe SAŇA!!!
Kellede çaýkandy beýni:
-Oýlanaly... Agtaraly... Belki çyn bu däldir... Başgadyr...
Kitaplar doldurdy köňli gapma-garşy, uruşgan sözlerden...
Alymlar – öz-özünden hoşal, gedem Paýhasyň müridi...
Durmuş diýdi:
-Gazan, sow, gur, guç, ýaz, özüň sereşle, ýaşa... Görjegiň nä?
Dünýe hüňürdedi:
-Hemme zat – jyzlanyň ömri... Hemme zat – kül...
Düýpsüzlige seretmegem gorkunç...
Garasaň garaçygyňa tiňkesin dikýär telbelik...
Suhangöý Harys magny saçýar şirin tilinden:
-Owalbaşda hemme zatdan öňinçä,
Dynnym diridi tükeniksiz Tümlükde.
Soň Mähnet Gazaby sygman oň süňňüne,
Partlady Dynnymyň duýgusy!
Çar ýana seçilen ýangynly gaharyndan onuň,
togalana-togalana emele geldi Älem...
Älemde Akmaýaň ýoly, ýyldyzlar, dünýäler...
dünýäler-de asman, deňizler, derýalar, jeňňeller...
Tokaýlara sygman Dynnymyň jeýhun gazaby,
öz-özüne ser salmak üçin döretdi paýhasy...
...Sowansoňam bu Äpet Duýgy,
Ýygryla-ýygryla, öňki kaddyna dolanar Dynnym...
Günlerde bir gün süňňüne sygman öz-özi,
ýene-de sansyzynjy gezek partlamak üçin...
Kanagat ýok, yrzalyk ýok, Harysyň bu çynynda...
Ýürek gürsüldeýär:
-SAŇA!!! Diňe SAŇA!!! Älemleriň Ezizi!
Beýni müňkür hümürdeýär:
-belki... başgadyr...
Jebranyňam gamgyn sesi gelýär bir ýerden:
-Ynan...
Kanagatsyz kalp gulaçlap ýüzýär bulam-bujarlyk deňzinde,
Manysyzlyk – ganym ýagy – döne-döne zabt edýär ruhuňy...
Kaka ýasy...
Ene mähri...
Aga igenji...
Ini guwanjy...
Dost salamy...
Ýar alkymy...
Mymyjak galpak ysy nowbaharyň...
Iş, hünär, gazanç-güzeran, alada...
Köşeşýär köňül sähelçe...
Kime derkar, bipaýan, bimany, bihuda gözlegiň?
Nä derdiňe çirksiz hakykatyň barlygy ýa ýoklugy?
Milliardlar ýaşap ýör şonsuzam...
Tapjak bolýaň nämäni?
Ýetjek bolýaň nämä?
Bileňok özüňem...
Ýöne göwün...
Ýöne göwün barybir...
...şo ýeke-täk Çynyň sepili...
Bäş ýyl...
On...
Ýigrimi...
Otuz...
dowam edýär gözleg soňsuz...
...Älemler bar bolmazdan öň sesin seslere goşan,
ýürek bolsa her demde gürsüldeýär üznüksiz:
-SAŇA!!! Diňe SAŇA!!! ÄLEMLERIŇ EZIZI!...
Bölümler: Goşgular | Görülen: 69 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Öwezgeldi Begliýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 16:13, 16.12.2022
sagymda Jebran...
solumda Harys...

sagymda we solumda -diýse perişdeler ýada düşdi.
Jebran - ???
Harys. Haris - bir zady öte islemek, doýdum-doldumy bilmeýän, açgöz.
"harsydünýä" sözi hem ol "harys-hyrs" sözünden gelýän bolmaly. dünýähyrsly, hyrsydünýä, harsydünýä...

"Haris" türkçede "hyrsly" manyny aňladýar.
arapça "ḥrṣ" kökünden gelýär حارص
---
goşgy ýa-da kyssa, ýa-da kyssaly goşgydaky pikir ýöretmeler gyzykly.
hasam ruhlar älemindäki "tanyşdyrylyş-kasam" täsir etdi.
"o günleri görüp gelen ýok, nirden bilýäň şeýle zatlaň bolanyny" diýen ýaly soraglara öz-özüm jogap berýän.
ynamdar biri seň bilen bagly bir syry saňa aýdar-a, şolar ýaly ähli zady Tertibe salan, Ýaradan ruhlar äleminde bolup geçen bir syry paýlaşmagy bize ýeterlikmikä diýýän. diňe ynanmak gerek.
---
goşgudaky Jebran we Harisi tanasym geldi...
tanatsalar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203