Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:47
Öwezgeldi Begliýewden goşgular

ÖWEZGELDI BEGLIÝEWDEN GOŞGULAR

Nol bilen eňekleşýä,
Aýna tokurtgaň bendisi.
Aşhanada henekleşýä,
Eneli-ogluň sesi.
Birisi gidirjekden,
Gitmejekden beýleki.
Myşlama gelýär künjekden,
Ortanja ýeň bermeýär uky.
Keýpihon saçýar nur,
Eşek öldüren Gün.
Gara ýere bakyp dur,
Sowuga sülleren gül.
Göwnümde müýn...
Bu gün,
Elime alyp pi:l,
Maksadym işlemekdi irden...
Ajap niýetler ýürekde ölýä,
Üstünden gülýä ownuklar...
Nämetseňem yzyňda galýa,
dirilik, dünýä,
edilmedik gowluklar...
...birazajyk ýataýyn!
Turmaly bolaýmasyn birden...

* * *

Kän ýanjalýar: “ömür-ömür”...
Men soraýan: “Nirede şol?”.
Diýýärler: “Tapabilmersiň ömür-ömür”,
Çünki, ynsan – bendi, ömür – garawul.

Çynmy şol?
Zyndanmy ömür?
Ýa bu biriniň owadan gepimi?
Çyn bolsa, Ömür!
Goýber!
Döw-de sepimi...

* * *

Ýanmaga bahana ýok,
Ýanmazlyga teselli.
Öňüm ümür.
Ardym görnenok.
Kalbym hyýal bilen keselli.

Äden ädimlem – ýüregme tiken,
Ätmedik ädimlem...
Ondanam beter...
Etmäniň has ýiti gynandyrar eken,
Ýeteniň, tutanyň, ondanam beter...

* * *

Älem ynsan bilen gözel?!
Näme üçin?!
Gözelligi syzmak üçin
köňül gerek…
Berildi ol bendesine!
Gözellige düşünmek üçin,
paýhas zerur…
Berildi ol bendesine!
Gözellige aşyk bolmaga
ýürek gerek…
Nirede?!
Älem içre ýaradylan Älemleň
her birinde…
Şoň üçinem kapyýalaşýar
Älem
hem
Adam...

© Öwezgeldi BEGLIÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 65 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Öwezgeldi Begliýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203