Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:12
Halyň niçik, gardaşym?!
HALYŇ NIÇIK, GARDAŞYM?!

Halyň niçik,
gardaşym?!
Aglaýaňmy,
gülýäňmi?…
Ýa, galyp derde,
gamlanýarmyň,
görünmejek buljumda?
Ýa, ýumşak ýerde
oturyp,
ýüzüp ýörmüň,
ýüzülmejek Gulzumda?
Ýa, ýakylsa-da,
ýanabilmez,
diri bag deý,
tüteýämiň assadan?
Ýa, ýazylsa-da,
diýlebilmez
murapbag deý,
igleýäňmi gussadan?...
Sen maňa
süýtdeş däl –
– bigan…
Şoň üçin saňa
diýemok –
– dogan.
Çünki,
aýry süňkümiz,
lagtamyz,
batgamyz,
çotgamyz,
kytgamyz,
ugur-utgamyz...
Ýöne!
Meň üçin,
bütewi deý,
süňňümiz.
Şoň üçin,
azara goýýa
meni,
ne hala
salnany
seni...
Bölümler: Goşgular | Görülen: 55 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Öwezgeldi Begliýew | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 10:25, 09.12.2022
Ajap jemleme.
Süňňi birler birleşiň!
Hal-ahwal soraşyň!
”Sen azaryma däl” diýmäň.
“Seni azar edinýän” diýiň.
Seni azar edine-de “azar edip nämetjek, saňa-da azar boldum” diýen boluň, ýöne diýmäň.
Süňňi birler, hal-ahwal soraşyň.
avatar
0
2 Мango • 10:31, 09.12.2022
Bu sowuk garly günde “halyň niçik, gardaşym? hasam ýyly eşdildi. :-)
avatar
0
3 Kyyas • 12:44, 09.12.2022
Käwagt daşary ýurt goşgulary okaýan. Şol äheñde ýazylypdyr. Gowy
avatar

Старая форма входа
Total users: 203