Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:45
Näme diýjek?!


Näme diýjek?!
Şol bir geçilen ýol.
Gözýetimden gözýetime çen,
ykballaň tükeniksiz birmeňzeş sudury…
Çür başynda bolsa kert gaýanyň,
ähli adam-sudurlaň Adam atasy...
Adam dogulýa…
Ýaşaýa…
Garraýa…
Ruh eýlenende
Jennetiň abynda,
Dowzahyň odunda,
Eşret şemalyna serlip,
kakadylsa-da janköýerlik narynda,
Undulypdyr, ony bişirmek,
biperwaýlyk tan-nurunda .
Şoň üçinem, doglanda närza ynsan,
ötüp bilmeýär biparh bolup,
bu bipaýan perwaýsyz dünýäň deňinden…
Jinnege bagryn ýakýa,
dynnyma gynaýa özün,
şatlykda-da aglaýa,
gaýgyda-da seçeleýä gözýaşyn,
gynansyn…
begensin…
hiçisi gursagyna sygmyýa…
belki,
şudyr ýorgudy –
– bu syry ýorulmadyk Älemiň:
Perwaýsyz dünýäni perwaýy bilen oýarmak...

© Öwezgeldi Begliýew

Surat: Jamaleddin Toomajnia (Eýran, Türkmensähra)
Bölümler: Goşgular | Görülen: 64 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Öwezgeldi Begliýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
1
1 Bagabat • 09:43, 06.02.2023
Bäh, surata seretsene, surata!
Munça manyny şujagaz şekillere sygdyraýmak diýilýäni.
Özümiň şuň ýaly zatlary çekip bilmeýänime içim ýanyp gitdi. Käte Ennio Morrikoneň sazlaryny diňläniňde, Belmondoň, Alen Delonyň, Tihonowyň rollaryny synlanyňda-da şuň ýaly "ak bahylçylyk" emele gelýär.
Edil türkmen ruhunda beýan edilen In we Ýan ýa-da Sansaraň çarhy ýaly. Gapylaram çarhy-pelek şekiline täsir edýär.
Sorag baram döreýär:
"Aýal bir gapydan, erkegem başga gapydan, her haýsy öz gapysyndan girýär?" diýjek boldumyka?
"Erkek garraýar, aýal-a ýaş bir köpük, düýbünden täsir etmeýär" diýdigimikä?
Haýsysy asman, haýsysy Zemin - Aýalmy, erkekmi?
Ortanjy gapy, her haýsyň aýrylykda gelýän gapyňdan iki bolup bilelikde çykyp gitmekmi? Ýaşyňdan ýaş görünseň-de, garryňdan garry görünseň-de?
Ýa bular ataly-gyzmy?
Gaýynatasy bilen gelnimi?
Belki Ýaradany ynsanlar şeýle ýaşuly hökmünde görýändirler?
Ýa-da Öwezdurdy Nepesiň "Zyýarat" romanynyň baş gahrymanynyň bigünä bendilikde şyltak atylyp ezýet çekdirilýärkä boý gyz şekilinde düýşüne girýän Hudaý ýaly, ynsanlaram Ýaradany Ene keşbinde göz öňünde getirýändirler?
Gapylaram, şeýlebir köne, şol birwagtda-da şeýlebir özüneçekiji owadan...
Umuman.
Aperin hudožnik ekeni.
Sag bol ýetireniňe.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203