Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:00
Söz
SÖZ

Mende bir Söz bar,
hökman aýdylmaly olam.
Bilemok aýtjagym kime.
Daňamy?
Tüme?!
Ýa güme?!
Dostumamy?
Byradarym – ömrüme syrdaş,
Aýtdym.
Almady.
Aňşyrmady.
Üns bermedi...
Belki, oň üçin, meň Sözüm
däl-de, wajypdyryn Özüm...

Mende bir Söz bar.
Onam bukman,
kime-de bolsa birine
aýtmaly hökman.
Kime?
Doganmamy?
Başyndan agdyk derdi!
Hemme gepimi diňlese-de
janu birle tenden,
käte olam ýadaýar menden...
Wagty ýok şo esasy Sözüm diňläre,
kelle çakyşdyryp, Sözüm hakda
düşnüksiz,
gümürtik,
içginden-içgin ýaňrara...
Bilýän, oň üçinem, Sözüm
däl-de, wajyp meniň Özüm...

Bir Söz bar mende.
Aýdylmak isläp urunýar tende.
Köňül-kitabymyň çaň basan gatyn
açyp, çekmeli oňa kimiň dykgatyn?
Başdaşamy?
Çagalaň aladasy, hysyrdysy öýüň,
doldurýar onuň dünýäsin.
Başagaýlygyna aňkaryp her daýym,
Gelenok ony boş warsaka güýmäsiň...
Onsoňam,
sygmaýaka şo Sözüň agramy özüňe,
urup bormy o ýüki “Garagözüňe”?!
Şoň üçinem, diýýäň içiňden:
“Gerek däl-laý, oňa meň Sözüm,
Ýeterlik ýanynda gezip ýörenim Özüm”.

Bir Söz bar mende,
Şolam egsilere göwün tapanok Jahanda.
Erkim alyp elimden,
käte sypýaram dilimden.
Näme hakda ol?
Düşünemzok, ne men, ne il-gün.
Bir bilýän onuň barlygyn,
gursagym, kalbymam oňa darlygyn.
Bilýän ýene oň juda aýdylasy gelýänin,
aýdylyp bilmän,
ýa aýdylsa-da düşünilmän,
bagry tütäp, diriligine ölýänin...
Belki meň o täsin Sözüm,
ilki ýormalydyryn,
diňlemelidirin,
eşitmelidirin,
özüm.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 64 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Öwezgeldi Begliýew | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Bagabat • 11:02, 01.02.2023
Surat: Nakgaş Igor Medwedewiň "Arlekin we Kolombina" atly eseri.
avatar
2
2 Мango • 11:10, 01.02.2023
bäh! tüweleme!
gaty gowy edip "hökman aýdylmaly Söz" barada aýtdyň.
gaty owadan setirler bar (kän).
Öwezgeldi daýy, Sözüň bolsa şeýdip aýdyp dur.
ýürekdeş goşgy bolupdyr-aý...
hä.. "aý" diýemde ýada düşdi.
biz hiç-le welin siz "-laý" diýmeseňiz näder?
(“Gerek däl-laý, oňa meň Sözüm...")
bäş ýyzzyl!
avatar
2
3 Bagabat • 11:52, 01.02.2023
"Surat", "nakgaş" diýlende, bir waka ýadyma düşdi.
Bäşinji klas.
On-onbir ýaşymyzda.
Klasdaşym hem dostum (adyny ýazmaýyn :-)), surat çekmäge hem-ä ökde, hemem suratkeşligiň ölemeni, bir boş ýer tapsa, eline-de näme ilse kellesine gelen suraty çeker ýörerdi. Depderiň boş ýa-da ýarsy ýazylan sahypasy, arkasy, kitabyň ýüzi ýa içi, parta, klas tagtasy, diwaryň ýüzi, ýer - onuň üçin tapawudy ýokdy. Ruçka, galam, hek bölegi, kesek, ujy ýanan agajyň garasy - gabat gelen zadam onuň reňk-çotgasydy. Çekmesiz ýere surat çekeni üçin taýagam kän iýerdi. Özem bir görseň-ä erkegiň artyby ýaly wejera bir zat çekip durandyr, bir görseňem seredip, synlap doýup bolmaýan üýtgeşik bir perizadyň şekilini ýa-da täsin maşynyň suratyny... Garaz erkiniňem erkin hudožnigidi-dä. Şol wagtlar biz mekdepde öýlänçi okaýardyk. Şo günem irräk klas otagyna geldik. Diňe üçümiz: ýaňky hudožnik, ýene bir bezzat dostumyz, onsoňam men. Bu-da gire-girmäşe halysalla ylhamy joşdumy nämemi, hemişeki endigi, heke ýapyşdy. Üç açylýan klas tagtasynyň iki gyrasyny ýapdy-da, olaryň biriniň arkasyna owadan gyzyň, beýlekisiniň arkasyna-da murty salparyp duran, gaýyş penjekli, buýra saçly, aýagy ujy çüri köwüşli erkek kişiň suratyny çekdi. Elbetde telewizordan bir ýerden görendir-dä, aşagyna-da azy ýaran nakgaşlaryň edişi ýaly öz goluny çekip, familiýasyny ýazdy. Soňam: "häzir mollym gelip, tagtany ýapsa süpriz bor" diýen bolup hüňürdäp, klas tagtasyny öňküsi ýaly açyp goýdy. Özem heke hapalanan elini ýuwmaga çykyp gitdi.
Ol gitdem welin, beýleki garagol dossumyz haýdap tagtaň öňüne bardy-da, onuň gyralaryny ýapyp, gyzyň suratynyň aşagyna-ha mekdebiň okuw işleri boýunça müdiriniň ("zäwuç" diýilýädi) Pylanygözel Pylanyýewnanyň adyny, salpymurtuň suratynyň aşagyna-da häzir şu otagda sapaga girmeli çyzgy (çerçeniýe) mollumynyň at-familiýasyny ýazdy. Soňam gözüni ýyldyrdadyp, tagtany öňküsi ýaly edip goýdy.
Menem: "Beýtme-dä-hou! Häzir gördükleri üçünji jahan wurşy turar!" diýmekden geçen, gaýta: "Şekelad bol-laý, dos! Ikisem ýaman zakonnyý meňzeýärem!" diýip ýoknasyz kikirdeýän.
Umuman, gepiň küle ýeri, sapak başlady. Takmynan sapagyň onunjy minudynda-da, ýaňky salpymurt, buýrasaç mugallym tagtany öwrende suratlaram, ýazgylaram, suratlaň awtorynyň gol-familiýasynam gördi.
Ol mugallymyň öz-ä gowy adam, ýaňky suratkeş dosuň gulagyndan çekip, birki şapbat bilen oňdy. Ýöne mekdebiň beýleki binasynda o nakgaş dosuň iň uly agasy mollymçylyk edip otyr-a. Özem oň agasynyň zabunlygyndan, garadangaýtmazlygyndan mekdep eýmenýär-ä.
Soňam ýaňky suraty taryhda galdyrylan mugallym gidip, ýaňky dosuň hyrsyz agasyny alyp geldi. Getiribem oňa suratlary görkezdi. O dosam: "Men diňe suratyny çekdim, aşagyndaky atlary men ýazamok!" diýip şunça özüni aklajak bolýaram welin, tagtaň aşak çetinde ýalpyldap goly bilen familiýasy durka, kim oňa ynanjak. Esasy hokgany goparan üçünjimizem, burny deşilen ýaly bolup, sesini çykarmanjyk gözüni ýyldyradyp otyr.
Meň üçinem dilemma. Aýtsaň-a şugulladygyň boljak. Aýtmasaňam doly däl-de ýarymgünäli ýenjiljek bolup dur.
Äý dogrusy, suratçy dosuň bethaýbat agasy kän ikirjiňlenip durmaga-da maý bermedi-le. Suratlarydyr, gol-familiýany gören dessine, gözüniň agyny köpeldip:
-Äý seňemmir... Pamilýan-a masgara etdiň-aý war-a!-diýip läpäkge (lopatka) ýaly elini aýlap goýberdi. Soňam körpe jigisini idenekledip, alyp gitdi.
Soň o dosdan: "nämmolly?" diýip sorasak, "äý" diýýä, "indi ol-a tapan-tupan ýeriňe keýpine surat çekmek ekeni, çotga ýa kagyz-ruçka görseňem ziňkildäp ýörer ýaly etd-ow!" diýýä.
avatar
0
4 Mekan • 19:31, 03.02.2023
Söz ýok.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203