Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:15
Adyl kazy (iki perdeli pýesa--rowaýat) II-nji perde
Adyl kazy (iki perdeli pýesa--rowaýat) II-nji perde

Bazaryň çaýhanasy. Çaýhananyň hyzmatkäri müşderilere çaý-nahar çekip ýör. Adamlar naharlanyp otyrlar. Çaýhanaň bir burçunda iki bagşy dutarda aýdym aýdyşyp otyrlarlar. Daşardaky adamlaryň sesleri eşidilýär. Sekiň üstüne ýazylan körpençeleriň üstünde üç sany adam öz aralarynda gürrüň edişip otyrlar.

B i r i n j i m ü ş d e r i (ogrynlyk bilen). Kazyny jähenneme ugratmaly. ( Hyrçynyny dişläp.) Şol kazy sebäpli men üç ýyl zyndanda oturmaly boldum.
I k i n j i m ü ş d e r i . Ol seni näme üçin zyndana taşlady?
B i r i n j i m ü ş d e r i . At ogurlanym üçin-laý. Bilinjegem däldi welin, kazyň yzçysy gaty ökde ekeni. Ýogsa, gije ilki öýe sowulman, atyň yzyny bulaşdyrmak üçin, ilerki baýyrda otlap ýören gylýallaň sürüsine-de girip çykdym. Eýerinem jeňňelligiň içinde gizledim. Günorata golaýlaberende işigimde bir hümür-sümür bar. Daş çyksam, daşarda yzçy, atyň eýesi, ýene iki sany adam atymyň daşynda aýlanyşyp ýörler. Yzçyň ýanyndaky adam: “At kimiňki?” diýip soraýar. Men hem: “meňki” diýýän. Onda ol adam: “Şu gije şu adamyň aty ýitipdir. Ol atyň yzy Siziň at ýatagyňyza gelýär, eýesi atyny tanady” diýýär. Onda men: “Dünýäde näme, meňzeş at gytmy? Ýitgisini başga ýerden gözlesin” diýýän. Onda ol: “Atyňa ir bilen näme berdiň?” diýip soraýar. Men hem: “Arpa” diýýän. (Mende arpa näme işlesin. Özüm iýmäge tapamok.) Soň şol soragy atyň eýesine berýär. Ol hem agşamlyk gyzyl şugundyry dograp berenini aýdýar. Soň ol: “ Häzir dişleriniň arasyny barlaly” diýip atyň dişlerini barlasalar arpaň ýekeje harpygy hem ýok, dişleriniň arasyndan şugundyr çykýar. Kazy maňa: “Öňki gezek at ogurlaňda, men seniň sözüňe ynanyp, diňe jerime bilen sypdyryp goýberipdim” diýdi. Wah, indi at ogurlamda näme etmelidigini bilýänle...
I k i n j i m ü ş d e r i . Wah, meniňem şol kazydan içim tütäpjik dur.
B i r i n j i m ü ş d e r i . Hä, saňa näme etdi ol?
I k i n j i m ü ş d e r i . Haçan birinji aýalymyň talagyny beremde, ol kaza arz edipdir. Ol hem ýarawsyz aýalymyň tarapyny tutup: “Şerigatyň kanuny boýunça, är aýalynyň talagyny berende, öňa öý bölüp bermeli we oňa ýetýän gap-çanagyny, goş-golamlaryny aýyryp bermeli” diýip, anha öýüň ýany bilen bir süri goýunyň üçden birini bölüp berdiler. Oňa-da kaýyl bolman kazy: “Aýrylyşan aýalyň ýakyn hossarlarynyň ýoklugy sebäpli, ol aýal tä birine durmuşa çykýança onuň garamaty, aýrylyşan adamsynyň boýnuna ýüklenýär” diýdi. Soňky alan aýalymam: “Munuň ýaly düzgün boljak bolsa, meniňem talagymy ber, ejemlere gitjek” diýip atasy öýüne gitdi. Ynha indi aýaldanam dyndym, maldanam, ýerkümede ýaşap ýörün. Içiň ýanmazmy. Ol kazyjygy gözümde okum bolsa atjak.
Ü ç ü n j i m ü ş d e r i . Ondan içi ýangynly diňe siz däl dostlar, ol maňa-da köp hyýanat edendir. Ýürejigim tütäp durandyr.
I k i n j i m ü ş d e r i . Hä, seň näme ýazygyň bardy?
Ü ç ü n j i m ü ş d e r i . Kösenýän adamalara göterimine pul berdim. Ol bolsa meni “sen süýthor” diýip aýyplaýar. “Kyýamat güni dowzahda ýakarlar” diýýär. Wah, men bu wagta çenli tütjar baý bolup gitmelidim, şu kazy bolmadyk bolsa. Onuň ýoguna ýanmaly.
I k i n j i m ü ş d e r i . Oňa awy bermeli.
B i r i n j i m ü ş d e r i . Wah, näme etmelidigini bizem bilýäs-le. Ýöne nädip bermeli, kim ony berjek?
I k i n j i m ü ş d e r i . Ol awyny oňa ýa aýaly, ýa-da hyzmatkäri berer ýaly etmeli.
Ü ç ü n j i m ü ş d e r i . Ha-ha-ha, tüýs pekgäň gürrüňi-dä. Häk, senem, tapdyň-ow! Onuň aýaly öz adamsyna, ýa hyzmatkäri öz hojaýynyna awy beresi ýog-a!
I k i n j i m ü ş d e r i . Awy berjek adam bar.
B i r i n j i m ü ş d e r i (dyzyna galyp, üşerilýär). Kim ol?
Ü ç ü n j i m ü ş d e r i . Kim ol, nireden?
I k i n j i m ü ş d e r i . Kazyň gapysyndan käwagt bir ýoksul girip çykýar. Aglaba wagtyny şu çaýhanaň töwereginde köw-söw edip, sömpüldäp ýör. Gara garnyny doýursaň, buýuran ýumşyňy bitirjekdigi onuň mysalasy aýdyp dur. Oňa pul berseň, enesinem öldürer.
B i r i n j i m ü ş d e r i . Onda sen onuň bilen hajyk-hujuk et-de, garnyny doýur, özüňe öwrenişdirip, dostlaş. Bu işde örän seresap bolmaly, birbada syrymyzy oňa beýan etmeli däl. (Olaryň üçüsem başlaryny bir-birine egişip, “hyşy-wyşy” edişýärler. Çaýhana elini serip O g r y girýär.)
O g r y . Adamlar! Allanyň haky üçin. Üç günden bäri duz dadamok, açlygymdan ölmez ýaly aýdan-diýeniňiz bar bolsa beräýiň!
Ç a ý h a n a ň h y z m a r k ä r i ( O g r a azgyrylyp). Men saňa näçe gezek aýtdym, “çaýhanaň içinde garaňy göräýmäýin” diýip. ( O g r y ň ezeneginden tutup, südürdedip, çaýhanadan çykarjak bolýar. O g r y garşylyk görkezenok.)
Ü ç ü n j i m ü ş d e r i ( H y z m a t k ä r i ň eline şaýlyk tutdyryp, oňa ýüzlenýär). Hany, hany köşeş! Bu bendäni Hudaý gargapdyr. Elbetde, bir ýazygy bardyr-da. Eger Alla islese, bu pukaranyň günäsini geçmegi mümkin. ( Içinden doga okap, ýüzüne syylýar.) Sen indi muňa azar berme, şu bendäniň her gün bir wagtyna iýjek gyzgyn naharyny men tölejek.
O g r y (dyzyna çöküp, Ü ç ü n j i m ü ş d e r i n i ň ýüzüne seredip durşuna). Eý, Allam! Ýaradan bendeleriň içinde Özüň ýaly mähirli hem rehimdar adamlaryň bardygyna men mydama ynanýardym.
Ü ç ü n j i m ü ş d e r i ( O g r y ň goltugyndan galdyryp). Ýeri, ýeri. Bendesi bendesine kömek etmese ahyrzaman gopar-da. ( H y z m a t k ä r i ň eline pul berip.) Bar, muny doýýança naharla! ( O g r y bilen H y z m a t k ä r çykyp gidensoňlar ýerine geçip oturýar.) Ana, işiň ýarys-a bitendir. (Sahnananyň yşygy ýuwaş-ýuwaşdan pessaýlap, öçýär.)

Kazynyň öýi. K a z y aýaly bilen çaý içp otyrlar. Gapydan H y z m a t k ä r girip baş egip durýar.

K a z y . Aýdyber!
H y z m a t k ä r . Hol günki garyp ýene geldi. Onuň Size örän möhüm işi barmyş.
K a z y (gatyrganyp). Näme düzgüni ýatdan çykardyňyzmy? Ertir edara barsyn, arzyny şol ýerde diňläris-dä!
H y z m a t k ä r . Tagsyr, meniň günämi ötüň! Ol ýöne özelenip dur, kowsaňam gidenok.
K a z y . Bar, çagyr! ( H y z m a t k ä r çykyp gidensoň, O g r y girip, baş egip salam berýär.) Waleýkimessalam! Aýdyber näme arzyň bar bolsa!
O g r y . Men arz etmäge gelemok, tagsyr.
K a z y . Hä, onda näme üçin geldiň?
O g r y . Tagsyr, päliýaman adamlar Siziň kastyňyza çykdylar. Olar Size awy berip öldürjek bolýarlar. ( K a z y ň a ý a l y içini çekip, ýakasyny tutýar.)
K a z y . Kim “olar”?
O g r y . Men olary tanamok, ýöne ol işi maňa buýurdylar. Men hem bu bet işi başga kişä tabşyrýmasynlar dýip, olara boýun boldum, Size bermeli awym hem ýanymda. ( O g r y kisesinden kiçijek gutujygy çykaryp, K a z y ň öňünde goýýar.)
K a z y n yň a ý a l y (ýakasyny tutup durşuna). Toba, toba!
K a z y (ýylgyryp). Hawa, meni indi nädip zäherlejek?
O g r y (elleriniň aýasyny ýokaryk tutup, asmana seredip durşuna). Eý, Alla men şu wagta çenli ogurlyk edenem bolsam, adamyň janyna kast eden däldirin, oňa Özüň şaýatsyň! ( K a z a ýüzlenip.) Tagsyr, Siziň maňa eden ýagşylygyňyzy ömür ýatdan çykarman. Hiý, perişde sypatly Siz ýaly adama-da bir hyýanat edip bolarmy?! Meniň Size ömrüm bilen wepalylygymy edil şu wagt, Siziň gözüňiziň alnynda subut ederin. ( O g r y gutujygy açyp awyny içjek bolýar. K a z y onuň elindäki gutujygy kakyp alýar.)
K a z y . Indi sen olaryň diýenini etmeseň, seň ugruňa çykmaklary mümkin, eger-de, olaryň ýumşuny bitiräýeňde-de, olaryň seni diri goýjaklary nägümana.
O g r y . Men düşündim.
K a z y . Birbada “ýok” diýmäniň gowy bolupdyr.
O g r y . Size duýduraýyn diýdim.
K a z y . Indi sen olaryň gözüne azrak görün. Ýolda-yzda duşsalar, “basym meni kazyň atýatagyna işe alýarlar. Şonda maý tapyp zäherlärin” diý!
O g r y . Ol haýynlar ýüreklerine berk düwüpdirler, öz bet pyglyndar gaýtmazlar.
K a z y . Bolýar. Sen wagt-wagt seýisim bilen duşuşyp dur, indi ikimiz şonuň üsti bilen habarlaşarys. Men bu meseläni maslahatlaşmaly adamlarym bar. Taňryýalkasyn! Biz seni özümiz idäris, maňa başga aýtjak zadyň ýok bolsa, rugsatdyr.( O g r y baş egip, çykyp gidýär.)
K a z y n yň a ý a l y . Yaňky adam saçyny syrdyryp, skgalyny gysgaltsa, edil saňa meňzejek, -boýy-syratam seňki bilen des-deňje.
K a z y (biraz pikirlenip). Bä, dogrudanam-aý, keýwany. Oňa haýyş etsek maňa janpenakär bolup işe durmazmyka!? Özünden sorap göreýin, razylygyny berse, işe alaýarys. Men häzir gidip bu bolan wakany häkime ýetireýin. (Haladyny egnine geýip çykyp gidýär. Sahnananyň yşygy ýuwaş-ýuwaşdan pessaýlap, öçýär.)

Şäher häkiminiň köşki. H ä k i m tagtyň üstünde otyr. Gapynyň agzynda ýasawul dur. Gapydan Kazy girip, baş egip H ä k i m e salam berýär.

K a z y . Essalawmaleýkim!
H ä k i m . Waleýkimessalam! “Gyssagly işi bar” diýdiler, eýgilikmi?!
K a z y . Siziň alyhezretiňiz! Näbelli adamlar meniň janymyň kastyna çykypdyrlar.
H ä k i m . Habary ynamdar ýerden aldyňyzmy?
K a z y . Hawa, tagsyr.
H ä k i m . Hmm... (Biraz dymyşlykdan soň.) Özüňiz kimdir birini güman edýäňizmi?
K a z y Ýok, tagsyr.
H ä k i m . Bolan wakany bolşy ýaly gürrüň beriň!
K a z y . Bazaryň çaýhanasynda üç sany näbelli adam meň gowy tanaýan adamyma maňa awy berip öldürmegi teklip edipdirler. Ol syrly meýil bilen tanyşdyrylansoň, öz janyny goramak üçin we ol işi başga birine buýrulmagyndan howatyrlanyp, razylygyny beripdir. Şol günem maňa habaryny ýetirdi.
H ä k i m . Biz ol haýynlaryň kimdigini anyklarys, ýöne ony soň subut etmek kyn bolmasa.
K a z y . Meniň aýalymyň aýdyşyna görä ol maňa örän meňzeşmiş we edil meňki ýaly sakgalyny gysgaldyp, meň eşigimi geýse adam tanamaz diýýär. “Ir bilen işe gidilende biziň howlymyzdan çyksyn. A sen bolsa, hyzmatkäriň sypatyna girip, başga ýol bilen edaraňa gidersiň” diýýär.
H ä k i m . Aýalyňyz Size bolan wepalylygy hormata mynasyp. Ol öz adamsynyň jany üçin kesekiň janyny gurban etmäge taýyn. (Ýylgyryp.) Indi aýallaryň akylynyň birneme kemterräkdigine göz ýetirdiňizmi?
K a z y . (ýüzüni aşak sallap). Hawa-la... “Aýalyň diýýän sözüni diňle, ýöne tersine et” hem diýýärler welin, käwagt şular takyk maslahatam beräýýäler. ( H ä k i m bilen K a z y ikisi gülüşýärler.)
H ä k i m . Rast aýdýaň. Meniň jansyzlam ol ganhorlary derrew anyklarlar. Çaýhanaň eýesi bilen maslahatlaşyp, öz adamymyzy hyzmatkär hökmünde işe salarys. Ol üçüsi şol çaýhanaň mydamalyk ülpetleri bolsalar, olaryň gep-gürrüňini diňlär. Olary bildirmän yzarlarys: ýaşaýan ýerlerini, kimlerdigini we näme iş bilen meşgul bolýandyklaryny anyklarys. Ýöne Siziň ynamdar adamyňyza edilen teklip, ünsi başga ýana sowmak üçin edilen bolmagam mümkin. Şonuň üçin Size hökman janpenakär gerek. (Ýylgyryp.) Onda näme, Siziň keýwanyňyzyň teklibini kabul edäýelimi?! ( K a z y “makullaýan” diyen ýaly edip başyny atýar.) Şonda-da, (Süýem barmagyny ýokaryk galdyryp.) ätiýaçlygy goldan bermez ýaly Siziň goragyňyzy gizlin ýagdaýda güýçlendireris.
K a z y . Men nähili hereket etmeli?
H ä k i m . Öňki düzgüniňizi üýtgetmäň. Janpenakäriňiz sakgalyny gysgaltsyn, saçyny syrdyrsyn, ýöreýşini-gepleýşini Siziňkä meňzetjek bolsun, ýene bir hepdeden jikme-jik maslahatlaşaýarys. Onýança janpenakäriňiz ganhorlara bir bahana tapsyn. (Sahnananyň yşygy ýuwaş-ýuwaşdan pessaýlap, öçýär.)

Kazynyň öýi. K a z y aýaly bilen çaý içip otyr. Gapydan J a n p e n a k ä r girip baş egip, salam berýär.

J a n p e n a k ä r . Essalawmaleýkim!
K a z y . Waleýkimessalam! ( J a n p e n a k ä r i ň gapdalyna baryp boýdaş bolup durýar, soň aýalyna.) Hany keýwany, bil-dä biziň haýsymyz seň äriň?
K a z y n y ň a ý a l y . Waý, dogrudanam kakasy. Ikiňiz-ä, menem tanajak däl, toba! Edil özüň-dä!
K a z y ( J a n p e n a k ä r bilen sekide ýazylan düşege geçip oturýar we aýalyna ýüzlenip). Indiki maslahat şundan ybarat: men “ganhoryň” elinden awy içp “ölýän”. Sen adamsy ölen aýal ýaly dady-perýat edip, saçyňy ýolup, aglaýaň. Başararmyň?! Ýa, seňem ýeriňe adam tapmalymy?! (Gülýär.)
K a z y n y ň a ý a l y . Hawa başararyn, onda-da doganlarymy ýanyma alyp bile aglaryn.
K a z y . Maňa derek ynha, şuny ýuwarlaram, namazynam okarlar, tabyda salyp äkiderlerem, ol işler eýýäm maslahatlaşyldy. Säheriň ilatynyň arasyna “kaza awyny hyzmatkäri berenmiş. Ony zyndana oklanmyşlar” diýen gürrüň ýaýrar. Ýöne men tä şäherde bir bende dünýeden gaýdýança “ölmeli” däl. (Tobaestagfylullah!) Haçan biri amanadyny tabşyrar welin, onuň jesedini biziň öýümize getirerler. Jeset tabyda salynýança, dulda meň ornuma (Elini janpenasyna uzadyp.) janpenam ýatar. Ol gymyldamaz ýaly we hiç zat duýmaz ýaly oňa beýhuş dermanyny bererler, muny ýuwan bolarlar, kepene dolan bolarlar. Ýöne tabyda hakyky jesedi goýarlar, onuň namazyny okap ugradarlar. Mazaryň baş ujunda on-on iki gün meniň adymy ýazyp goýarlar, soň aýyrarlar.
K a z y n y ň a ý a l y . Şol wagt sen nirede boljak? (Aglamjyraýar.)
K a z y . Şol aralykda men gizlenmeli boljak. (Gülüp.) Goý, aglama, senem meň yz ýanymdan barasyň-a? (Ýene hezil edip gülýär. K a z y n y ň a ý a l y ellerini daldaladyp, aglamjyrap, çykyp gidýär. J a n p e n a k ä r i n e ýüzlenip.) Mahmyt, inim başymyza kyn iş-ä düşendir, gaýrat edersiň-dä! Meni “zäherläniňden” soň, seni wagtlaýynça, zyndana salarlar. Meniň jelladym, ýagny zyndanyň hojaýyny bu barada eýýäm habarly. Ol saňa bir-iki gün ak ýürek bilen hyzmat eder. Zyndandan çykyp, göni öýe gel, oňa çenli men öýe dolanaryn!
J a n p e n a k ä r Tagsyr, Siziň üçin janymy gurban etmäge taýyn! (Ikisi hem gidýärler. Sahna garaňkyrap, soň ýuwaş-ýuwaşdan ýagtylyp başlaýar.)

Kazynyň öýüniň dulunda J a n p e n a k ä r süýnüp ýatyr. Onuň baş ujunda K a z y n y ň a ý a l y aglap otyr. Daşardan J a r ç y n y ň sesi gelýär.

J a r ç y n y ň s e s i . Ah-how, adamlar, eşitdim-eşitmedim diýmäňler-le, haw! Öten gije şäheriň kazysy dünýeden gaýdandyr-la, how! Ony öz hyzmatkäri awy berip öldüripdir-le, haw! Ganhoryň eli-aýagy gandallanyp zyndana oklanandyr-la, ho-ow. Oňa indi dar agajy garaşýandyrla-haw! Adyl kazynyň jynaza namazy şu gün, Gün naýza boýy galansoň okjaklardyr, haw! Onuň namazyna şäher häkimi ymamlyk etjekdir-le, haw! Adamlar, eşitdim-eşitmedim diýmäňler ho-ow!
K a z y n y ň a ý a l y (saçyny ýolan bolup aglaýar). Wah, ezizim, wah meniň ýeke-tägim, meni şeýdip taşlap gidiberjekmi-i-i? Waý, indi men sensiz nädip günümi geçireýin? Kim saňa haýynlyk eden bolsa, elleri şel açsyn-da, hudaýym... (Jaýda bolýan wakadan bihabar aýallar şumjaryşyp girýärler we K a z y n y ň a ý a l y n a duýgudaşlyklaryny bildirip, çyny bilen aglaýarlar.) Düýn agşamam bileje çaý içip otyrdyk, anha indi süýnüp ýatyr. Uu-u-u... (Ýanyndaky aýallaram, onuň çynaberimsiz agysyna ynanyp, agylaryny dowam edýärler. Sahnananyň yşygy ýuwaş-ýuwaşdan pessaýlap, öçýär.)

Garaňky gije. Jenaýatçylaryň üçüsi hem egin-eşiklerini çalyşyp, tanalmaz ýaly bolup, şäheriň zyndanynyň sakçysynyň ýanyna barýarlar.

Z y n d a n y ň s a k ç y s y . Eý, kim gelýär? Habardar bol! (Itiň üýrýän sesi eşidilýär.)
B i r i n j i j e n a ý a t ç y . Gadyrdan dost, biz ýagşy niýet bilen geldik.
Z y n d a n y ň s a k ç y s y (Haýbatly, aýpaltasyny öňe omzadyp). Kimem bolsaňyz saklanyň we duran ýeriňizde butnaman duruň! Bolmasa häzir beýleki garawullary çagyraryn!
Ü ç ü n j i j e n a ý a t ç y . Bular durar. Ynha, meň ýeke özüm barýan. (Garaňkydan ýüzi nikaply, ýalaňaç gylyçly J e l l a t çykýar.)
J e l l a t . Egniňdäki kädiňden dynmajak bolsaň, ýeke ädim ädiji bolaýma! (Garaňkydan eli aýpaltaly bili gylyçly ýasawul çykýar.)
Ü ç ü n j i j e n a ý a t ç y . Agam biz Abdyrahman kazynyň hossarlary, inileri. Siz bilen bir işi maslahatmaşmak üçin geldik.
J e l l a t (Gapdala). Kezzap diýsäni. Men-ä hojaýynymyň siziň ýaly “inileriniň” bardygyny bilemok. Hany bujagazlaryň näme niýeti barka? (Jenaýatçylara ýüzlenip.) Biriňiz geliň, galanyňyz butnaman duruň!
Ü ç ü n j i j e n a ý a t ç y . ( J e l l a d a golaý gelýär we şumjaryp.) Anha, biz şu gün iň eziz agamyzy, Abdyrahman jany gara ýere tabşyryp gaýtdyk (Çynaberimsiz aglan bolýar. B i r i n j i we I k i n j i j e n a ý a t ç y l a r hem aglaşan bolýarlar.) Elbetde, Alladan gelen ýazgyda çäre ýokdur. Agamyzyň takdyry şeýledir-dä. Ýöne seň zyndanyňda onuň ölüminiň sebäpkäri otyr, şonuň bilen haklaşyp bilsek Abdyrahman jan tirsegine galardy. Jan agam, galan ömrüme seň wepaly hyzmatkäriň bolaýyn, bir maňa rugsat ber, ony şu ellerim bilen bogup, jähenneme ugadaýyn.
B i r i n j i j e n a ý a t ç y (Duran ýerinden öňe omzap.) Ýok, ony maňa ber, onuň gursagyny ýaryp, ýüregini elime alyp, içimi bir sowadaýyn.
Ü ç ü n j i j e n a ý a t ç y (Duran ýerinden). Ýok, ol meň nesibäm. Sen bu işe baş goşma.
J e l l a t . Näme eden-etdilik bardyr öýdýäňizmi!? Oňa kanun boýunça jeza bererler. Baryň güm boluň şu ýerden!
B i r i n j i j e n a ý a t ç y . Hojaýyn, sen ol haýynyň ganyna eliňi bulama.( I k i n j i j e n a ý a t -ç y uzakdan pully haltajygy şyňňyrdatýar. J e l l a t puluň sesine üşerilen bolýar.) Sen näme diýsene... Ynha şujagaz awyny naharyna guýup berseň, tapbat edýär, gümp-samp ýokdur.
J e l l a t (Böwrüni diňlän bolýar). Siziňem aýdýanyňyz biçeme däl. Meň öňem günäm az däl. Bu bendäni barybir ölüme höküm ederler. Onsoň ol bir gün ir öldi nä, giç öldi nä. Hany getir! (Awyly çüýşäni goltugyna salýar.) Ýöne bu iş meň ýeke özüme başardarmyka?!
I k i n j i j e n a ý a t ç y ( J e l l a d a golaý gelip, onuň eline pully haltajygy tutdyrýar). Bizden az görme, agam! Iş bitensoň ýene habarlaşarys.
J e l l a t (Hyrçynyny dişläp, gapdala). Habaryňam gursun, beýlekiňem. Ýüzüňizi Babaly görsün! (Pully haltajygy kisesine salyp, janlanan bolýar.) Arkaýyn bolaýyň aýdyşyňyz ýaly ederin! (Jenaýatçylar baş egip gidýärler.) Wah, kimi dara çekmelidigi belli-le, ýöne mende erk ýok-da. Hany ertire bir çykaly, sizjagazlary Ýeriň teýine girseňizem taparlar. (Sahnanyň yşyklary pessaýlap öçýär.)

Bazaryň çaýhanasy. Çayhanada üç sany ganhor, şerap içip, keyp çekip otyrlar.

B i r i n j i m ü ş d e r i . Ana, indi ikisi hem salkynjak ýerde arkaýyn ýatarlar.
I k i n j i m ü ş d e r i . Gulagymyz-a dynç bolar indi.
Ü ç ü n j i m ü ş d e r i . Adamlara güzap berip, oňaýly ýaşatmad-a. Indiki mekany dowzah bolsunda, Allajan! (Olaryň ýanyna Ç a ý h a n a ň h o j a ý y n y gelýär.)
Ç a ý h a n a n y ň h o j a ý y n y . Ýigitler, kem zadyňyz barmy? Ýene bizden näme hyzmat?
B i r i n j i m ü ş d e r i . Şerap getir!
I k i n j i m ü ş d e r i . Özüňem biz bilen otur, biziň şatlygymyza goşul! ( Ç a ý h a n a n y ň h o- j a ý y n y olaryň ýanyna geçip oturýar we hyzmatkärine yşarat edýär.)
Ü ç ü n j i m ü ş d e r i . Biz bu gün duşmanymyzyň ölen gününi belleýäris, ( Ç a ý h a n a n y ň h y z m a t k ä r i kiçeňräk küýzäni müşderileriň öňünde goýup gidýär.) ganym duşmanymyzyň...
Ç a ý h a n a n y ň h o j a ý y n y . Siziň ýaly gowy adamlaryňam bir duşmany bolarmy? (Özüne uzadylan şeraply käsäni yzyna gaýtarýar.) Bagyşlaň, men içemok.
B i r i n j i m ü ş d e r i (Wazzyk-wuzzuk gepläp). Asla ondan ýaňa adamlara ýaşamaga, gazanç etmäge gün bolmad-a... (Elindäki käsesini dökän-saçan edip.) Hany içeliň-le! Belki ýerine oňat adam geläýedi-dä.
Ü ç ü n j i m ü ş d e r i (dili peltekläp). Näme, şäherde kazy gyt-maý?!
I k i n j i m ü ş d e r i Kätibi näm-ow, “ertir gel, bu gün ol syrkaw” diýen bolýar-aý. Hany, indi syrkawlamanjyk geçersiň, ha-ha-ha. ( Ç a ý h a n a n y ň h o j a ý y n y ýuwaşlyk bilen turup gidýär.)
B i r i n j i m ü ş d e r i . Eý, hyzmatkär! Çakyr getir!
Ç a ý h a n a n y ň h y z m a t k ä r i . (merjimäniň üstünde kiçeňräk küýzäni müşderleriň öňünde goýup.) Ynha, şu şeraby siziň tanyş jenabyňyz sowgat diýip ugratdy.
B i r i n j i m ü ş d e r i . (zordan gepläp). Kim ol, haýsy dostumyz diýýäň-aý? Bar çagyr ony! ( H y z m a t k ä r çykyp gidýär. Täze küýzejikden käselere guýýar. Müşderiler guýulan şeraby içýärler.)

Sahnanyň bir burçunda ak selleli, ak halatly K a z y peýda bolýar

K a z y . Men bärde. “Dostlar”, näme maňa garaşmadyksyran bolýaňyz, tapmaz öýtdüňizmi?! (Müşderiler aňk-taňk boluşyp ses gelen tarapa öwrülýärler, K a z y n y görüp, olaryň dilleri tutulýar.)
B i r i n j i m ü ş d e r i . (Ellerini daldaladyp wazzyklap). Kazy... Sen öldüň ahyryn. Biz seni jaýladyk. Bu seň ruhuň, entäp ýörme-de, git-de gabryňa gir!
I k i n j i m ü ş d e r i . E-e-e-eý... (Çaşýar. Ü ç ü n j i m ü ş d e r i onuň ýüzüne küýzedäki şerapdan sepýär. Biraz wagtdan özüne gelýär). Owh, näme bold-aý?!

Sahnanyň beýleki burçundan ak mata dolanyp J a n p e n a k ä r gelýär.

I k i n j i m ü ş d e r i . Waý...(Eýlesine-beýlesine seredip oturyşyna K a z y bilen J a n p e n a - k ä r e gözi düsüp, ýene çaşýar.)
J a n p e n a k ä r . Ynha men jeset ( B i r i n j i m ü ş d e r i bilen Ü ç ü n j i m ü ş d e r i ýerlerinden laňňa galyp, agyzlaryny açyp doňup galýarlar.) Meni tanadyňyzmy? Zyndanda ýatyrkam haýsyňyz meň naharyma awy guýduňyz? Men şonuň bilen hasaplaşmasam, gabrymda arkaýyn ýatybilmen. ( M ü ş d e r i l e r gorkularyndan ýerlerinden turup, daş-töweregine garanjaňlaşyp, gaçara maý gözleýärler. I k i n j i m ü ş d e r i hem ýerinden turjak bolup synanyşýar, ýöne ýene entirekläp, ýykylýar.)
K a z y . Siziň häzirki içen şerabyňyzda maňa beren awyňyzdanam ýüz esse güýçli awy bar. Ýöne ol awy meni alyşy ýaly tiz öldürenok—ýuwaş-ýuwaşdan içegeleriňizi çüýredip, gynap öldürýär. Ýöne mende onuň garşysyna dermanym bar. (Elindäki eliksirli çüýşejigi görkezýär.)
B i r i n j i m ü ş d e r i . Jan agam, biz pohumyzy iýipdiris, biz bilen deň bolma, biziň günämizi öt!
Ü ç ü n j i m ü ş d e r i . Näme diýseň edeli, çagalarymyz ýetim galmasyn, ölümden halas et, tagsyr!
K a z y . Maňa awy bereňizde meniň çagalarym ýadyňyza düşmedimi?
I k i n j i m ü ş d e r i (ýatan ýerinden, wazzyk-wuzzuk gepläp). Meňem çagalarym bardyr-how, menem ýatdan çykarmaň!
K a z y . Eger eden etmişleriňizi boýnuňyza alsaňyz, şundan içersiňiz, bolmasa-da çüýräp gidersiňiz.
B i r i n j i m ü ş d e r i . Biz razy.
Ü ç ü n j i m ü ş d e r i . Wah, razy-la...
I k i n j i m ü ş d e r i (ýatan ýerinden tirsegine galyp). Eý, maňa-da razylyk beriň-ow!.
B i r i n j i m ü ş d e r i . Aý, ýatsanaý!
K a z y (eli bilen yşarat edýär. Ç a ý h a n a n y ň h y z m a t k ä r i gelýär, oňa ýüzlenip.) Şularyň käselerine awa garşy dermandan hersine bir owurtdan guý, goý, içsinler! (Müşderiler käselerine guýulan suwuklyklardan içip bolansoňlar, gapydan ýasawullar girýär. Olar müşderileriň gollaryny baglap äkidýärler. Sahnananyň yşygy ýuwaş-ýuwaşdan pessaýlap, öçýär.)

Şäher kazysynyň huzury. Tagtyň üstünde H ä k i m otyr. Bir burçda Kä t i p kagyzlaryna bir zatlar ýazyp otyr.

H ä k i m . Bismilähirahmanrahym. Hany başlalyň onda! Jenaýatçylary getiriň! (Gapydan aýpaltaly Ý a s a w u l bilen ýüzi nikaply gara eşikli J e l l a t gollary bagly jenaýatçylary öňlerine salyp girýärler. Jenaýatçylary çöküne düşürip oturdýarlar.) Şaýatlaram geldimi? (Gapydan K a z y we onuň J a n p e n a k ä r i , Ç a ý h a n a n y ň h o j a ý y n y we onuň H y z m a t k ä r i girýärler. H ä - k i m jenaýatçylara ýüzlenip.) Şäheriň kazysy Abdyrahman ibn Abdylhalyk kazynyň janyna, öňünden dildüwüşip, kast etmekçi bolup, bu işi kazynyň janpenakäri Mahmyt Süleýman ogluna tabşyrandygyňyzy üçüňizem boýnuňyza alýaňyzmy?
B i r i n j i j e n a ý a t ç y. Hawa, tagsyr.
I k i n j i j e n a ý a t ç y (Sakawlap). H-h-haw-wa. Wiý, ýok. Meň bbu bbu i-işlerden hhabarym ýok. Mmeni mejbur etdi... ( Ü ç ü n j i j e n a ý a t ç y tirsegi bilen onuň böwrüni hürsekläp goýberýär). Ttagsyr...
H ä k i m . Kim? Şularyň haýsysy Sizi mejbur etdi?
Ü ç ü n j i j e n a ý a t ç y. Tagsyr! Bu şu wagt aljyrap, pikirini anyk beýan edip bilenok. Ol “Men bulary mejbur etdim diýjek bolýar”
H ä k i m . Sem boluň! Men Sizden soramak. ( I k i n j i j e n a ý a t ç a ýüzlenip). Ýene bir gezek ýatladýaryn: ýalan maglumat berseňiz jezaňyz iki esse güýçlenýändir. Bu jenaýaty öz ygtyýaryňyza etdiňizmi ýa biri mejbur etdimi?
I k i n j i j e n a ý a t ç y (Boýnuny burup, aglamjyrap). Hhaw-wa, je-jenap, ööz ygtyýaryma.
H ä k i m ( Ü ç ü n j i j e n a ý a t ç a ýüzlenip). Siz hem üstüňize ýüklenýän günä bilen razylaşýaňyzmy?
Ü ç ü n j i j e n a ý a t ç y. Elbetde, siziň alyjenabyňyz.
H ä k i m . Öňünden dildüwşikli, Mahmyt Süleýman ogly kaza awy brip öldürensoň, onuň hem janyna kast etmekligi meýilleşdirenligiňizi boýnuňyza alýaňyzmy?
B i r i n j i j e n a ý a t ç y . Hawa,tagsyr.
Ü ç ü n j i j e n a ý a t ç y. Hawa.
I k i n j i j e n a ý a t ç y. ( Uly sesi bilen zörledip aglaýar). Wah, çagajyklarym ataňyzdan razy boluň!.. (Aglap köşeşensoň.) Hawa, tagsyr...
H ä k i m . Kazyyň janyna kast etmäge sebäbiňiz barmy?
B i r i n j i j e n a ý a t ç y. Ýok, tagsyr.
I k i n j i j e n a ý a t ç y. Ýok, tagsyr.
Ü ç ü n j i j e n a ý a t ç y. Hiç hili sebäp ýok.
H ä k i m (şaýatlara ýüzlenip). Şu jenaýatçylaryň hakykatdanam Siziň janyňyza kast etjek bolup synanyşanlyklaryny ykrar edýäňizmi?
K a z y . Hawa, Siziň alyhezretiňiz
J a n p e n a k ä r . Siziň alyhezretleriňiz, bu üç ganhor, meniň elime awy berip, kazyny zäherlemegi buýurdylar. Eger kazyny öldürmesem, ony meni jähenneme ugratjakdyklaryny duýdyrdylar. Men haýal etmän gelip, bolşy ýaly edip kaza gürrüň berdim.
H ä k i m . Olar Size pul, ýa başga bir gymmatbahaly sowgat hödür etdilermi?
J a n p e n a k ä r . Ýok, tagsyr.
H ä k i m ( Ç a ý h a n a n y ň h o j a ý y n y n a we onuň H y z m a t k ä r i n e ýüzlenip.) Şaýatlar! Kazy bilen onuň Janpenasynyň aýdan msglumatlaryny doly ykrar edýäňizmi?
Ç a ý h a n a n y ň h o j a ý y n y . Hawa, Siziň alyhezretiňiz.
Ç a ý h a n a n y ň h y z m a t k ä r i . Hawa, Siziň alyhezretiňiz.
H ä k i m (ýerinden turrup, elindäki kagyza seredip, okaýar). Beýik Seljuk döwletiniň Belent Mertebeli Patyşasynyň adyndan höküm edýärin: dildüwşikli adam janyna kast etmeklige synanyşan jenaýatçylaryň ellerini-aýaklaryny gandallap, olary ömürlik zyndanda saklamaly. Jenaýatçylaryň günälerini geçmek ýa-da günälerini ýeňletmek maksady bilen olaryň hossarlary alty aýyň dowamynda Patyşahy äleme ýüz tutup bilerler. (Eli bilen yşarat edýär. Ý a s a w u l bilen J e l l a t jenaýatçylary äkidýärler. Olaryň yz ýany bilen beýlekiler hem çykyp gidýärler. Sahnada diňe H ä k i m bilen K a z y ikiçäk galýarlar.)
K a z y ( H ä k i m e ýüzlenip). Siziň alyhezretiňiz! Rugsat berseňiz iki kelam sözüm bar. (H ä - k i m başyny atyp rugsat berýär.) Elbetde, Siziň tagallaňyz bilen jenaýatyň öňi alyndy we ganhorlar pygyllaryny amala aşyrmankalr gola düşdiler. Siziň olara kesgitlän jezaňyzyň adalatlydygyna hiç hili şübhäm ýokdur. Ýöne meniň pikirimçe, bular eden işlerine puşman edip, toba ederler ýaly iň soňky puryja beriläýse gowy bolaýjak ýaly...
H ä k i m . Näme, indi bu hyýanatçylara nebsiňiz agyrýarmy? Ynsanperwerlik nukdaý nazary bilen garasaň Siz bilen ylalaşyp bolar, ýöne men eýýäm höküm çykardym. Ol indi diňe Merhemetli Beýik Hökümdarymyzyň çäksiz rehimdarlygy bilen ýatyrylyp ýa üýtgedilip biliner. Teklibiňiz barmy?
K a z y . Şäher galasynyň gurluşygyna örän köp işçi güýji gerek boljak. Goý, olar şol gurluşyga gatnaşyp, bihepbelik bilen halal zähmediň tapawudyny öz gözleri bilen görsünler. Belki akyllaryna aýlanarlar.
H ä k i m (biraz oýlanyp). Ýagşy teklip. Pikirlenip, maslahatlaşyp göreýin. Belli bir karara gelenimden soň, Hökümiň ýany bilen Siziň teklibiňizi goşup Beýik mertebeli Patyşahy äleme ugradaryn (Sahna ýuwaş-ýuwaşdan garaňkyraýar. J a r ç y n y ň sesi eşidilýär.)
J a r ç y n y ň s e s i . Ah-haw, adamlar! Kazynyň janyna kast eden ganhorlary adalatly kazymyzyň hut öz haýyşyny göz öňünde tutup, merhemetli häkimimiz, Belent mertebeli Patyşahy älemimize ýüz tutupdyr-la, how! Rehimdar Patyşamyz Jelaleddin Alp Arslan ogly (Alla ony Öz penasynda saklasyn!) jenaýatçylary gandaldan boşadyp, olara diňe halal gazanç etmegi buýrupdyr-la, haw! ( J a r ç y n y ň s e s i pessaýlaýar). Ah-haw, adamlar! “Eşitdim-eşitmedim” diýmäňler-le, how...(Sahnanyň yşyklary ýuwaş-ýuwaşdan pessaýlap, öçýär.)


Oýunyň soňy

©Kakajan Balkanow
2017 ý.
Bölümler: Teatr we kino sungaty | Görülen: 48 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202