10:38 Älem sallançagy enäň kalbynda (pýesanyň annotasiýasy) | |
Älem sallançagy enäň kalbynda (pýesanyň annotasiýasy we remarkasy) Waka XIX asyrda, türkmenler heniz bitewi döwlet bolmanka, Ahalyň dag eteklerindäki oturan obalaryň birinde bolup geçýär. Pýesa türkmenleriň ata-baba nesilden-nesile geçip gelýän arassa ahlak durmuşyny we olaryň lebizliligini, messepligini, mert-merdanalygyny, päkýürekliligini Halykguly arçynyň maşagalasynyň üsti bilen suratlandyrýar. Pýesada ýagşyzada sypatly gahrymanlar agdyklyk edýär, şonda-da hakyky durmuşy ýuwmarlap bolmajagy açyk bolansoň, otrisatel gahrymanlara-da özlerini görkezer ýaly “mümkinçilik döredildi” . Ýoň bolup giden käbir edebiýat çeşmelerinde han-baýlaryň otrisatel häsiýetleri bu pýesada agzalanok, tersine, olaryň halk bilen bitewi jan-u-tendigini subut edilýär. Bu jebislik kethuda—arçyn saýlanylmagynyň gadymdan gelýän töreçilik düzgün-kadalarynyň berjaý edilip, köpçüligiň Halykgulyny adalatlylyk bilen arçyn saýlanalrynda-da beýan edilendir. Meretgylyç hanyň we Kazynyň adalatlylygy; ýagşyzada Täçmuhammet ahunyň ýumşaklygy, mähremligi, päkýürekliligi; gelin-gyzlaryň asyllygy Ogulbagt ýaly mährem enelermiziň hüwdüsinden we Halykguly ýaly atalarmyzyň edep-ekramyndan ýugrulyp nesilden-nesile geçip gelýär. Orazguly iti Gaplaň we aty Çapar bilen görüşende, tomaşaçylar haýwanlary sahnaň gyrasyndaky tutylaryň arasynda duran diýip düşünýärler. Pýesaň dowamlygy gysgarak hem bolsa, onda beýan edilýän köp sanly wakalar gysga jümleler bilen beýan edilýär, käbir ýerlerinde bolsa, tomaşaça pikirlenmäge pursat berýär. Tomaşaçynyň gymmatly wagtyny alman, onuň düşgürligine (предвосхищение (rus)—anticipation (iňlis)) daýanyp, sýužetlere giňişleýin düşüner ýaly we sahnaň aňyrsynda dowam edýän wakalar paýhasyny anyk ýagtyldar ýaly (озарение (rus)—insight (iňlis)), pýesanyň görnüşlerindäki käbir hadysalaryň, dialoglaryň (monologlaryň), gahrymatlaryň hereketleriniň çintgenilmän, syk görnüşinde getirildi. Asylly, asuda, bagtyýar durmuşyň asyrlar boýy dowam edip gelip, dowamata barýanlygy pýesada eriş-argaç bolup geçýär. Pýesada türkmen milli däp-dessurlar gysga beýan edilip, giňişleýin görnüşi oýny goýjak režisýor bilen sahna suratkeşiniň ygtyýarlygyna we artistleriň ussatlygyna, improwizasiýasyna niýetlenendir. Pýesa gowulyk (happy end) bilen tamamlanýar we şonuň üçin, bu oýun tomaşaçylaryň göwnünden turar diýip umyt baglaýan. ******************************************************* Edebiýat: 1. Gurbanguly Berdimuhamedow “Ömrümiň manysy” Aşgabat,TDNG, 2022 ý. 2. Gurbanguly Berdimuhamedow “Ömrümiň manysynyň dowamaty”, Aşgabat, TDNG, 2023 ý. 3. “Paýhas çeşmesi”, Aşgabat, TDNG, 2016 ý. 4. Gurbanguly Berdımuhamedow “Enä tagzym—mukaddeslige tagzym”. Aşgabat, TDNG, 2018 ý. 5. Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi I-II jiltler, Aşgabat, 2016 ý. 6. Magtymguly. Eserler. ©Kakajan Balkanow iýul 2023 ý. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |