Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:51
EZIZGELDI HELLENOWYIŇ ÝUBILEÝINE
EZIZGELDI HELLENOWYIŇ ÝUBILEÝINE


Lukmanlaň arasynda ol şahyr,
Şahyrlaň arasynda ol lukman.
Bu tapmaçaň jogabyn tapman,
Onuň gözlegine çykdym men ahyr
.

“Watan” sözün “iňňäden” öň öwrendik,
Entek düwünçekdekäk—inmänkäk dünýä.
Soňra bu söýgini süýt bilen emdik,
Mährem gujagynda ummasyz dünýäň.

Enemiziň hüwdüsinden ganmankak,
Atamyzyň dana pendi oýardy.
Ýörjen-ýörjen bolup, aýaklanmak,
Watan gapysyny açan şolardy.

Sen goçaldyň Hojaýabyň goýnunda,
Onuň suwun içip, güzerne düşüp,
Men ulaldym Hakyl ýabyň boýunda,
Hem güzerne düşüp, hem suwun içip.

Çagalykdan saýlandyk, ýetdik on alta,
Şoňa çenli näzirgedik aýnadyk.
Suwun içdik, suwa düşdük Murgaba,
Garagumyň sährasynda gaýnadyk.

Ýigit çykdyk. Ikimiz hem bihabar:
Murgap derýaň gözbaşdygyn ýaplaryň.
Şol ýaplarda döredipdir bir mahal,
Hydyr Derýa, Gowşut Şamy baplaryn.

Rowaýat bar: Etrek derýaň suwundan,
Bir goşawuç guýanmyşlar Murgaba.
Şol goşawuç köpelip iň soňunda,
Bir damjadan ýetenmişin her ýaba.

Ýabyň suwun içip ulalsagam biz,
Magtymguly Hakdan içen şahyrdyr.
Dost, bu hakykaty unutman hergiz,
Ol şahyrlaň başy hem-de ahyrdyr.

Pyragyň şygryna ýugrylyp ynsan,
Ulaldykça adam bolup ýetişýär.
Şol adamdan döreýär lukman, daýhan,
Alym döräp, açýar täze açyşlar.

II

Kümüş sepelände kyrkdan soň saçyň,
Adyň “ýaşulydyr” ýa “pylan aga”.
Bu lakama ilki gyzsa-da çetiň,
Ýuwaş-ýuwaş kaýyl bolýaň şol ada.

Bir gün 50 gelip, egniňe kakyp:
“Agam, ýagdaý niçik? Garran dälsiň-ä?!
Hyýalyň bardyr-a söýmäge agtyk,
Ýarpy ýolda durmarsyň-a dänjiräp?!”

Jogap bersiň, gaýşaryp hem bälçiräp:
—Elliň näme?! “Myş-mişlerden” habar ber,
Segsenem entek bize däldir çäk,
Göroglynyň ýüz ýigrimsin alar men.

Dostum berlen ömri eziziň bilen,
Haýyrly ýaşap, abraý gazan!
Siziň ýüz ýaşanňyz göräýsem birden,
Atararsyň her ýaşyňa bir gazan!

Dostum, degişmämde bardyr bir many:
Biribara bardyr şu dileglerim:
Nesip etgeý abraý bilen imany,
Nur saçsyn nesliňe çaga ýüregiň!

Kakajan Balkanow
Iýul 2023 ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 76 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
1
1 Мango • 23:02, 30.07.2023
Lukmanlaň arasynda ol şahyr,
Şahyrlaň arasynda ol lukman.

Terse çekip boljak deňeşdirme.
Lukmanlaryň arasynda bir lukman, şahyrlaň arasynda-da bir şahyr bolsa gowy dämi? Häzirki aýdylyşy birhili lukmanlaryň arasynda goýsaň ol lukman däl-de şahyr ýaly, şahyrlaň üýşmeginde-de şahyr däl-de lukman diýýän ýaly…. Ýöne, diýmek isläniňe düşündüm, ýene ýöne diýilişi birhili.
—-

“Watan” sözün “iňňäden” öň öwrendik,
Entek düwünçekdekäk—inmänkäk dünýä.

Şu ýerem….nerealnyý, öte çişirilen.
Ýagny, düwünçekdekäňiz “watan” düşünjesin edinmegiňiz…
—-

Enemiziň hüwdüsinden ganmankak,
Atamyzyň dana pendi oýardy.

Hüwdi bilen ýatyrylmak, pent bilen oýarylmak….
Sallançakda hüwdilenýän ýaşda ata pendi…..
Biraz ir dälmi?
—-

Hojaýap - suwun içdik, suwa düşdük.
Hakylýap - suwun içdik, suwa düşdük.
Murgap - suwun içdik, suwa düşdük.

Gaýta-gaýta suw içmek, suwa düşmek….
—-

Magtymguly…
…şahyrlaň başy hem-de ahyrdyr.

Aý, ýok-la…
avatar

Старая форма входа
Total users: 202