Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:10
Sekiz emjekli "gahryman ene"
Sekiz emjekli "gahryman ene"

(hekaýa)

Ýakup hasanaklap öýe girdi-de, däliziň diwaryna kakylan ilgençeklerden egin-eşiklerini howul-hala asyşduryp durşuna ejesine gygyrdy:
—Eje näme bişirdiň?
—Börek. Guýýançam derrewjik eliňi ýuw.
Yakup çaltrak sowar ýaly gyzgyn tabagyna dört çemçäni dolduryp gatyk guýdy we naharyny işdämenlik bilen iýip gutardy-da tabagyny ejesine uzadyp:
—Ýene barmy? Guýsana!
—Bu gün gaty ajygypsyň öýdýän. Çörek bilen iýseň basym doýarsyň. Mekdepde günortanlyk edinmediňmi?
Ýakup agzyndaky çeýnäp oturan gury çöregini bir owurt böregiň çorbasy bilen ýumşadyp, howlukman gepledi:
—Ýok. Kakamyň beren ýigrimi manadyna bir döner düşýär. Döneri Yhlasa berdim. Ol bir hepdeläp okuwa gelmedi—hassahanada bejergi alypdyr, gany azmyşyn. Yhlas ilkibada almajak boldy, men oňa aç däldigimi düşündirdim, şonda-da ol döneri ikä böljek boldy, men garşy boldum—diýip, ikinji tabagyny hem boşadyp, töwir galdyrdy-da:—eje, ýolda gelýärkäm zibil taşlanýan gutylaryň ýanynda dört emjekli it gördüm, oň emjekleri örän uly-la, hemem sallanyşyp_ durlar-la.
Ýakubyň ejesi oglunyň gürrüňine gülüp:
—Dört däldir, beýle tarapyndakylary saňa görünen däldir, seň hasabyň dört bolsa, onda jemi sekiz bolmaly.
—Sallanyşyp ýere degäýjek bolýarlar.
—Emjekleri çişen bolsa, ýaňy güjükländir, ýa indi guzlamalydyr.
—Pişikler böküp zibil gutyň içine özlerini oklaýarlar-da, şoň içindäki nahar galyndylaryny iýip hezil edýärler, ol it bolsa zibil gutyň daşynda ysyrganyp, iki-üç aýlanyp, iyer ýaly zat tapman seňkildäp gitdi. Pişikler ýaly böküp bilenok öýdýän. Eje, börekden galan bolsa şoňa berip geläýeýin!
—Ýakup jan, abat nahary mala bermeli däldir, isrip bolar. Ite-pişige nahardan galan ýuwundy berilýändir. Nahary gysganýandyr öýdüp ýalňyş düşünäýme.
—Hoş. Ite bermeli galyndy galsa aýyryp goý, men ony ýañky ite berip gaýtjak.
—Sen onuň nirede mesgen tutanyny bilýärmiň?
—Ýok. Gözläp, sorap-idäp taparyn-da...
—Ýok, itleň ýanynda işiň ýok. Ho-ol, bir ýyl, daşky garyndaşlarmyzyň gyzjagazy goňşysynyň itiniň ýalagyndaky nahary iýmän sust bolup ýatanyny görüp, nebsi agyryp, şypbygynyň ujy bilen ýalagy itekläp itiň öňüne süýşürende, ol naharyny gabanyp, gyzjagazyň aýagynyň ujundan dişläpdir. Çagajyk aglap, barmaklarynyň ganyny sarkdyryp öýüne gelensoň, ony şobada hassahana äkidipdirler. Ýarak it üç günläp gözünden, burnundan iriň, agzyndan sülekeý akdyryp ölüpdir. It şol wagt guduzlyk keseli bile kesellän ekeni. Gyzjagazy iki hepdeläp hassahana gatnadyp, göbeginiň daşyndan sanjym etdiripdirler, hernä ony Hudaý gorapdyr—kesellemedi...Galyndyny zibil gutyň ýanynda goýup gaýt, özi tapyp iýer.
—A birden ol gelmänkä pişikker iýip gutaraýsa...
—Gutarsa, onuň nesibesiniň ýoklugydyr-da.
—Eje, ol itiň her emjegine bir güjük barmyka?!
—Mümkin. Azrak bolmagy hem ähtimal.
—Olar enesinden doýýarmykalar, beri?
—Enesi iýere zat tapyp dursa, süýdi kesilenok-la. Ýöne, seň gürrüň berşiňe görä ol entäp ýören, eýesiz it ýaly-la. Olar ýaly bolsa, onda onuň bir garny aç, bir garny dokdur. Bagty çüwen güni ýa biri ýürekýukalyk edip oňatja naharlasa, şo gün çagalary hem doýýandyr, özi hem garnyny ýazýandyr.
—Çagalary süýtden doýmasa, olara näme bolar?
—Süýtden doýmadyk çaga göýdük ösýär, igleýär keselbent bolýar. Iki aý geçensoň olara diş çykýar, onsoň enesiniň iýýän iýmitinden olar hem deňje iýýärler. Şonda-da onuň aladasy kemelenok, gaýta köpelýär—tapan-tupan zadyny özi iýmän çagalaryna getirip berýär. Şeýdip, çagalaryny hor etmejek bolup gije-gündiz seňkildäp ýörşüne özüni iňňä sapaýmaly bolýar.
—A, kakalary... kakalary kömek edenokmy?
—Ah-heý, haýwandyr-da, entäp ýörendir-dä bir ýerler-de, birnäçe çagasynyň dünýä inendigindenem bihabardyr. Asla, çagalarym bardyr diýip pikir hem edýän däldir, barja güzaplyk ene görgüliň gerdenine düşýär...—diýende, Ýakubyň ejesiniň bogazy dolup, sesi endiräp çykdy.
Ejesi bilen söhbetdeşlikden soň Ýakubyň keýpi gaçdy, ýumruklary biygtyýar düwüldi, gözleri süzüldi alyslara seredip durşuna bigünä güjüjekleriň atasyna içinden haýbat atdy, ol nätanyş, bihepbe, messepsiz köpekden çagajyklarynyň aryny alyp beresi geldi. Oýlanyp durşuna ejesiniň özüne dikanalap, üns berip seredip duranyny aňyp, aýñalýar-da:
—Ejejan, böregiň örän süýji bolupdyr. Sag bol.
Ýakubyň çyny bilen bildiren minnetdarlygyndan göwni hoş bolan ejesi oglunyň başyny sypap, ýañagyndan öpüp, bagryna basanda, Ýakup:
—Ej-ow, bor-laý, men indi kiçijik çaga däl ahyryn—diýip, ejesiniň gujagyndan boşady.
Ejesi öz otagyna ýönelen oglunyň ýeñsesinden boýdan başa synlap durşuna, ýylgyryp:
—Balajyk, sen her näçe össeňem bäbejigimsiň—güjüjegimsiň.
Ejesiniň soňky sözlerini Ýakubyň gulagyna girip ýetişitmedi.
Agşam kakasy işden gelen badyna, Ýakup sekiz emjekli it hakda gürrüň berip, ertir, işden gelensoň iti bilelikde gözlemeklige yrdy.
Ataly-ogul ertirliklerini edinip, nahardan galanjasyny gutujyga salyp, itiň gözlegine çykdylar. Ilki zibil gutylaryň daşyna aýlandylar, o ýere it geler öýdüp garaşdylar. Soňra ýakyndaky kafe baryp, onuň işgärlerinden naharhanaň töweregine syňsyraşyp it-pişigiň gelýänini-gelmeýänini soradylar. Naharhanaň zenan işgäri gözlerini tegeläp, idegçilere çiñerilip seredip, howsalaly sorady:
—Siz sanstansiýadanmy?
Ýakubyň kakasy ardynjyrap:
—Ýok-la, ol edaradan däl. Oglum ikimiz gulagy salpy, böwri gara-ala, orta boýly itlerden pesräk, bogaz ýa indi guzlamaly ganjygy gözläp ýörüs.
—Näme, ol öýden gaçyp gitdimi, ýa birini ýarypmy?
—Ýok, ol biziň itimiz däl. Biz ony naharlamaga geldik—diýip, Ýakup dillendi.
—Siziň ideýän itiňizi zibil taşlamaga baramda käte görýän, ýöne şu gün-ä görnenok şol.
Ýakup zibil meýdançasyny ertesem, birigünem garawullady, naharhanadaky daýzadanam sorady, uç tspylmady. Her gün mekdebe ejesiniň garbak-gurbaklyk üçin taýynlan naharynyň ýany bilen it üçin niýetläp, nahar galyndylaryny salynan, agzy gapakly gutyny sowadyjydan çykaryp, ýantorbasynyň bir burçuna salýar, ite duşmansoň ýene yzyna sowadyja salyp goýýar.
Ýakup sekiz emjekli ganjygy ýadyndan çykaryberipdi. Ýene bir gün mekdepden gaýdyp gelýärkä, ýoluň o ýüzünden seňkildäp barýan ýitiren itine gözi düşdi! Ýakubyň begenjine ýüregi gürsüldäp başlady. Ol itden nazaryny aýyrman ýantorbasynyň burçundan, naharly gutyny çykaryp, eýlesine-beýlesine esewan edip, maşynyň ýoklugyna göz ýetirip, ýoluň o ýüzüne—ite tarap ylgady, itden gözüni aýyrman haýdap barşyna büdredi, guty zyňylyp gitdi; onuň içindäki omaça bilen dogralan nan bölekleri hersi bir ýaňa pytrap gitdi. Ýakup çalasynlyk bilen ýerinden turup ite gygyrdy:
—Eý, salpygulak, adyňam bilemok welin, kakam ikimiz seni bir hepdeden bäri gözläp tapamzok, nirelerde entäp ýörsüň? Me, me men saňa nahar getirdim-ä!
Agzy süňkli Salpygulak kellesini Ýakuba çalaja öwüren ýaly etdi-de, gybyrdyklap barşyna ýolundan sowulmady, ýöne bäş-alty ädim ätdi-de, badyny haýalladyp saklandy, tumşugyny ýokaryk galdyryp sähel salym diňşirgendi-de, yzyna öwrüldi. Ol dogry dökülen nahara tarap ýöneldi. Gyzyl-ýaýryt bolup ýatan naharyň ýakynyna baryp, tumşugyny bürüşdirip ysyrgandy-da, agzyndaky omaçany öňüne taşlap, töweregine göz aýlady. Seçginiň eýesiniň hiç kimdigine göz ýetirensoň ilki omaçany, soň nan böleklerini birirn-birin ysgaşdyrdy-da, dört aýagyna çöküp, täzeje omaçany uzyn gyzyl dili bilen birki gezek ýalap, öňki aýaklarynyň arasyna goýup, işdämenlik bilen gemirmäge başlady, birdenem aýaklaryna galkyp, nan böleklerini ýekänme-ýekän çeýnemän ýuwdup, dökülen naharyň yzlarynyň käbir ýerlerini ýalap, käbir ýerini ysgaşdyrdy-da, ýene çeýnäp oturan süňki bilen gümra boldy, ony doly gemirmän, dişleri bilen gysyp, ýoluny dowam etdirdi. Ilkinji tapan omaçasynyň ýanyna gelip, sägindi, agzyndaky süňki köne süňküň gapdalynda goýup, ikisini birlikde dişlejek bolup birnäçe gezek synanyşdy, bolmady—it her gezek süňkleri gysajyna salyp ýörejek bolýar welin, ýa süňkleriň biri ýa ikisi birlikde ýere gaçýar, it olary howada gapjak bolýar—paşa baranok. Bu tomaşany synlap oturan Ýakup içini tutup gülýär.
Ahyryn it Ýakubyň süňküni agzyna alýar, ýerde ýatan süňke gözüniň gyýtagyny aýlaýar-da, öýüne tarap seňkildeýär, Ýakup köne süňki gutusyna salyp, garama-gara itiň yzyna düşýär, iti gözden sypdyrmajak bolup, arasynda ylgaşlaýaram. Salpygulak wagtal-wagtal yzyna gaňrylyp, söbügini basyp gelýän Ýakuby synlaýar. It şäheriň gat-gat jaýlarynyň arasy bilen ylgap barşyna jaýlary ýyladýan tokurtgaly, örtgüli ganawyň yşyna sümülip gidýär. Ýakup sümelgä golaýlanda, ganawyň içinden itiň hyrlaýan sesi eşidilýär. Daşaryk kir sermäge çykan aýal Ýakuba:
—Eý oglanjyk, o taýda näme edýäň?
Duýdansyz soraga ziňkildän Ýakup:
—Ite süňk getirdim—diýip, gutusyndaky süňki görkezýär.
—Onuň süreniniň agzyna golaý baraýma, ýarar. Süňküňi şo taýda bir ýerde goý-da gaýt, Matildaň özi alar.
—“Matilda” diýdiňizmi onuň adyna?
—Hawa. Bir hepde, on gün bolandyr dogranyna. Eýýäm üçünji gezek dogurýar, her sapar bäşden, altydan. “Gahryman ene” adyny al-da bi. Çagajyklary şeýle bir enaýyja, şeýle bir enaýyja! Enesine meňzeýänem bar, meňzemeýänem, her dürli. Ýene bir hepdeden daşyna oýnamaga-da çykarlar. Saňa güjük gerekmidi?
—Ýok. Öýde it saklamaga ejem rugsat berenok, ýöne men itleri örän gowy görýän. Daýza, güjüjekler açlykdan ölesi ýog-a?!
—Ýok, akyllym. Biz, goňşylar o neresse çagajyklary hiç wagtam aç goýamzok—her gün birimiz naharlaýas, ýöne şu günler berilýän nahardan Matilda doýanokmy ýa onuň süýdi azalýarmy, ondan-mundan süňk çöpläp gelýär. Aýagynam ýazýandyr-la görgüli. Çagalary iki aýlyk bolýar welin gezen ýerlerinden eglenip gelýär, güjüjekleri bolsa içleri gysyp, daşaryk oýnmaga çykýarlar, geçip barýan ötegçem jilwelejeleň birini goltugyna gysyp, alyp gidýär. Ýeri, aldyň—taň etdiň, ýetim çaga hossar çyk-da... Ýok, çagalary ony gurjak oýnan ýaly oýnap-oýnap, ýüreklerine düşensoňam köçä zyňyp goýberýärler. Ýeri, alan ýeriňe bir getirip git-dä. Onsoň o bigünä çaga gije-gündiz çyňsap ýörendir... Enesem bilýändir-le çagalarynyň sanynyň kemelenini, ýöne nätsin-dä garabagt...
—Daýza, men her gün okuwdan soň Matilda nahar getiräýeýin?! —diýip, Ýakup hamala itiň hak eýesine ýüzlenýän ýaly, umyt bilen kir serýän aýala ýüzlendi.
—Jana! Bor, akyllym, getiriber. Ýöne onuň keteginiň ýakynyna ýeke özüň baraýmagyn, ilki meni tap, soň, öwrenişenden soň bir özüň gatnaber.
Ýakup her gün mekdepden gelşine, hasyr-husur günortanlygyny iiýp, ejesiniň taýynlap goýan nahar galyndysyny Matilda daşady. Ýakubyň dostlarynyň käbiri hem onuň itini görmäge höwesek boldular we olar hem her gün nahar galyndylaryny Matilda getirip berip, ony zibil dörmekden halas etdiler. Soňa-baka Matilda Ýakuby uzakdan görenden tanap, guýrugyny bulap öňünden çykyp başlady, hatda güjükleri bilen oýnamaga-da “rugsat berdi”.

©Kakajan Balkanow

2024 ý.
Görülen: 125 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 1.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 garagar • 23:26, 14.03.2024
Ady başgarak bolsa nähili borduka?
avatar
0
2 aygull • 00:05, 15.03.2024
Onda okamazdylar.
avatar
0
3 sussupessimist • 10:03, 15.03.2024
däliziň diwaryna kakylan ilgençeklere asgyç diýilýär öýdýän.

Ýaňy okan gutarylmadyk hekaýa-sketçimiň eline meňzeýär... (Şo ýerde-de şo bir kemçilikler bar)

Dialoglar kä ýerinde gowja gepleşik diline çalym edýär, käte-de birden bir tüýsli resmilige geçip gidýär. Mysal üçin, şu parçadaky ýaly:
"—Ýok. Gözläp, sorap-idäp taparyn-da...
—Ýok, itleň ýanynda işiň ýok. Ho-ol, bir ýyl, daşky garyndaşlarmyzyň gyzjagazy goňşysynyň itiniň ýalagyndaky nahary iýmän sust bolup ýatanyny görüp, nebsi agyryp, şypbygynyň ujy bilen ýalagy itekläp itiň öňüne süýşürende, ol naharyny gabanyp, gyzjagazyň aýagynyň ujundan dişläpdir. Çagajyk aglap, barmaklarynyň ganyny sarkdyryp öýüne gelensoň, ony şobada hassahana äkidipdirler. Ýarak it üç günläp gözünden, burnundan iriň, agzyndan sülekeý akdyryp ölüpdir. It şol wagt guduzlyk keseli bile kesellän ekeni. Gyzjagazy iki hepdeläp hassahana gatnadyp, göbeginiň daşyndan sanjym etdiripdirler, hernä ony Hudaý gorapdyr—kesellemedi...Galyndyny zibil gutyň ýanynda goýup gaýt, özi tapyp iýer."

daşky däl, daşgyn garyndaş diýilýär.

Itiň enelik häsiýetiniň adam bn sazlaşdyrylmagy, kakasy nirdekä diýende, "haýwandyr-da, entäp ýörendir-dä bir ýerler-de, birnäçe çagasynyň dünýä inendigindenem bihabardyr" diýýän ýerlerinde edebiýatyň uçgunjyklary ýylp-ýylp edip gidýär, emma bolmady. baş gahrymanyň özünem kakasyz, köp çagaly maşgalaň ogly etmelidir belki? Onam ýöne bildirtmänjik, duýdurmanjyk etmeli.

Kakasynyň beýdip iti gözleşýän sahnasy ýasamarak çykypdyr. üstesine-de, ogly gürrüň berse-de, ol adam bilen gepleşende iti özi gören ýaly suratlandyrýar: "Oglum ikimiz gulagy salpy, böwri gara-ala, orta boýly itlerden pesräk, bogaz ýa indi guzlamaly ganjygy gözläp ýörüs." diýip.

Hekaýaň ady prowokatiw bolupdyr. Emjek sözi köp kişini ýadyrgatjagy düşnükli. Ýöne itiň göwsi, mämeleri, dört sany goşa nary diýip otursaňam gelşiksiz boljak. Şony umuman adynda peýzerdip goýmak hökmanmyka?
Belki, "Gahryman ganjyk" diýip daksaňam bolar, hehe, ýöne eseriň özünde hiç hili prowokasiýa ýok, oň ýaly kontrast ýok, adyny hekaýaň süňňüne, hekaýadaky ýumşaklyga görä sazlamaly.
avatar
0
4 Küle • 12:36, 15.03.2024
"Ene" meselem.
Ýa"Ganjyk"
avatar
0
5 Gülkamat • 13:34, 15.03.2024
Hekayañ adyny okasañ, it hamala sholary bilen gahryman bolan yaly :)))
avatar
0
6 aygull • 16:03, 15.03.2024
"dy-di" bolup gelýärkä"ýar-ýär" bolup gitmegini oñlamadym. Hemem "Gahryman ene" diýlip ýañsylanmagy añyrka-da, bärkä-dä gelişenok.
5/10
avatar
0
7 Gülkamat • 16:58, 15.03.2024
Aygul, bal goyyañ weli eliñ endik edipdir oydyan :))))
avatar
0
8 aygull • 17:38, 15.03.2024
@Gülkamat, haýsy eser(i) bolanda näme? Goýsam boldy-da.:))
avatar
0
9 Gülkamat • 17:49, 15.03.2024
@Aýgül, eseri diyyañmi, señkem dogry :)))
avatar

Старая форма входа
Total users: 202